Türkmenistanyň Bütündünýä sergilerine gatnaşmagyna taýýarlyk görlüşi maslahatlaşyldy

5-nji sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Pariž şäherine iş saparynyň çäginde Halkara sergiler býurosynyň (HSB) Baş sekretary Dmitriý Kerkentzes bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy Türkmenistanda ileri tutulýan ugurlary ösdürmek meseleleri, şol sanda sergi işiniň ulgamynda toplumlaýyn amala aşyrylýan işler barada maglumat berdi. Şunuň bilen bir hatarda, söhbetdeşe 2023-nji ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylan “Türkmenistanyň halkara sergi işiniň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy” barada habar berildi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar berşi ýaly, taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklaryň we daşary ykdysady aragatnaşyklaryň ösmeginde sergi işiniň möhüm orny eýeleýändigini, ýurdymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde tutýan ornyny belläp geçdiler hem-de Türkmenistan bilen HSB-niň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça pikir alyşdylar.

Şeýle-de häzirki wagtda türkmen tarapynyň 2024-nji ýylda Katarda geçiriljek «Expo – 2023 Doha» Halkara sergisine we 2025-nji ýylda Ýaponiýada geçiriljek «Expo – 2025 Osaka» Bütündünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk gorülýändigi hem bellenilip geçildi.

HSB-niň Baş sekretary Türkmenistan bilen Halkara sergiler býurosynyň arasyndaky gatnaşyklara ýokary baha berdi we halkara sergi işinde ikitarapyň bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem giňeldilmegine taýýardygyny mälim etdi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi


Yza

Şeýle hem okaň