6-njy
sentýabrda Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi»
binasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygyna bagyşlanyp, zehinli çagalaryň
«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna
gatnaşyjylaryň konserti geçirildi.
Ýurdumyzyň
körpe aýdymçylarynyň arasynda geçirilmegi asylly däbe öwrülen döredijilik
bäsleşigi Watanymyzyň baş baýramyna bagyşlanan esasy baýramçylyk çäreleriniň
toplumyna badalga berdi. Ýaş zehinleriň bu gözden geçirilişi köp ýyllaryň dowamynda
jemgyýetimizde uly gyzyklanma eýe boldy. Bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän ýylyň
möhüm medeni çäreleriniň baş maksady Watanymyzyň ähli künjegindäki umumybilim
berýän we sazçylyk mekdeplerinde, döredijilik merkezlerinde hem-de mekdebe
çenli çagalar edaralarynda bilim alýan we terbiýelenýän zehinli çagalary ýüze
çykarmakdan, olaryň zehinlerine goldaw bermekden, çeper höwesjeňligi
ösdürmekden, milli aýdym-saz medeniýetiniň ýörelgeleriniň dowamatlylygyny
berkitmekden, ösüp gelýän ýaş nesli ýokary watançylyk ruhunda terbiýelemekden,
olaryň milli sungatymyza söýgüsini artdyrmakdan ybaratdyr.
Bäsleşigiň
saýlama tapgyrlary jemleýji konsertden has ozal badalga aldy we birnäçe
tapgyrda geçirildi. Ýaş artistleriň iň zehinlileri saýlama tapgyrlary geçip,
döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk aldylar. «Türkmeniň ak öýi» binasynda
bäsleşigiň ýeňijileriniň sungat baýramçylygyna öwrülen jemleýji konserti boldy.
Çagalar,
döredijilik bäsleşiginiň jemleýji konsertine ýygnananlar hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedowyň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine
gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Bellenilişi
ýaly, sungat äleminiň ýaş ýyldyzlarynyň joşgunly aýdym-sazlary eziz Diýarymyza,
mähriban halkymyza, ajaýyp tebigatymyza, milli sungatymyza beýik buýsanjyň
hem-de wepalylygyň beýanydyr. «Siziň şirin sazlaryňyz, ajaýyp aýdymlaryňyz
täsin gözellik dünýäsidir. Bagtyýar döwrümizi, zähmetsöýer halkymyzy wasp
edýän, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik we dost-doganlyk ýörelgelerimizi
dabaralandyrýan sungat eserleridir» diýlip, hormatly Prezidentimiziň Gutlagynda
nygtalýar.
Döwlet
Baştutanymyzyň Gutlagynda belleýşi ýaly, geljegimiz bolan ýaşlaryň bagtyýar
durmuşda ýaşamaklary, döwrebap bilim-terbiýe almaklary, aýdym-saz, döredijilik
bilen meşgullanmaklary üçin edilýän yzygiderli aladalaryň netijesinde, bu gün
Türkmenistan bagtly çagalygyň ýurduna öwrüldi. Arzuwlaryň hasyl bolýan
ülkesinde merdana pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine eýerýän, Watana, halka
wepaly, zehinli, sungaty söýýän, her bir işe yhlas bilen ýapyşýan täze nesil
kemala geldi.
Bäsleşigiň
jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň uzak wagtlap sabyrsyzlyk bilen garaşan
tolgundyryjy pursady joşgunly konserte öwrüldi. Diňe iň zehinli ýerine
ýetirijiler — jemleýji tapgyra gatnaşyjylar şu gün bu ajaýyp sahnada çykyş
etmäge we arzyly arzuwlaryna tarap gadam urmaga mümkinçilik aldylar.
Türkmenistanyň
Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky
bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän zehinli çagalaryň festiwaly synaglar we başlangyçlar
hem-de täze gözlegler üçin ajaýyp meýdança bolup, çagalary öz
ukyp-başarnyklaryny görkezmäge ruhlandyrýar. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna
geljekde milli sungatymyzyň şöhratyny belende göterjek «ýyldyzjyklar» —
aýry-aýry aýdymçylar, tans, aýdym-saz we halk döredijilik toparlary
gatnaşdylar.
«Arkadag
Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçýän ýylda bu döredijilik
gözden geçirilişi aýratyn mazmuna eýedir. Ýaşajyk artistler joşgunly owazlary
bilen eziz Watanymyzy, onuň geçmişini we ajaýyp şu gününi, zähmetsöýer halkyny,
türkmen topragynyň gözel tebigatyny wasp etdiler. Aýdymlar we tanslar
wideoşekiller bilen utgaşyp, sahnada ýaşajyk türkmenistanlylara bagtyýar
çagalygy bagyş edýän beýik döwletiň keşbi janlandy. Dabara gatnaşyjylar öz
zehinleri we täsin döredijilik ylhamy bilen köpöwüşginli baýramçylyk ýagdaýyny
emele getirdiler.
Jemleýji
dabaraly konsert bäsleşige gatnaşyjylaryň toparlaýyn ýerine ýetirmeginde
ýaňlanan «Merjen däneler» atly aýdym-sazly çykyş bilen açylyp, ol festiwalyň
özboluşly sazly nyşanyna, bagtyýar çagalyk döwrüniň we halkymyzyň rowaçlygynyň
senasyna öwrüldi. Bu aýdym döwlet Baştutanymyzyň ösüp gelýän nesil baradaky
aladasyna bagyşlanýar. Ýurdumyzda olaryň sazlaşykly we hemmetaraplaýyn ösmegi
üçin ähli şertler döredilýär.
Halk we
estrada aýdymlarynyň giňden wagyz edilmegi arkaly milli aýdym-saz sungatynyň
ösdürilmegi umumymilli çagalar bäsleşiginiň baş maksatlarynyň biridir. Şu
gezekki konsertiň maksatnamasyna ýaşlaryň ukyp-başarnyklarynyň dürli ugurlaryny
açyp görkezýän aýdym-sazlar bilen bir hatarda, milli aýdym-saz medeniýetimiziň
köpöwüşginliligini açyp görkezýän dürli eserler girizildi. Bu konsert ösüp
gelýän ýaş nesliň zehininiň çäksizdigini ýene bir gezek subut etdi. Festiwala
gatnaşyjylaryň ählisi hem-de köp sanly tomaşaçylar tarapyndan bilelikde ýerine
ýetirilen «Biz Watanyň merjen dänesi» atly aýdym dabaranyň ajaýyp jemlenmesine
öwrüldi.
Emin
agzalary bäsleşige gatnaşyjylaryň iň zehinlilerini saýlap aldylar.
Tomaşaçylaryň dowamly el çarpyşmalarynyň astynda çagalar aýdym-saz bäsleşiginiň
ýeňijileriniň atlary yglan edildi. Olara hormatly Prezidentimiziň adyndan
gymmat bahaly sowgatlar hem-de diplomlar gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşyjylaryň
ählisi ýadygärlik sowgatlara mynasyp boldular. Olar çagalary geljekki
döredijilik bäsleşiklerinde üstünliklere we arzyly maksatlaryna ýetmäge
höweslendirer.
«Garaşsyzlygyň
merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşy
baradaky ýadawsyz aladasy üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler hem-de
yhlasly okajakdyklaryna, döredijilik bilen yzygiderli meşgullanjakdyklaryna,
zehinlerini artdyryp, Watanymyzyň abadançylygyna mynasyp goşant goşjakdyklaryna
ynandyrdylar.
Çeşme: Türkmenistanyň
Halkara habarlar merkezi