Ýakynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid
Meredow we ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň orunbasary Szin Sýuý gepleşikleri
geçirdiler, onuň dowamynda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda özara
gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we hyzmatdaşlygyň
ýakyn geljekdäki gün tertibi barada pikir alyşdy.
Netijeli hyzmatdaşlygyň dowamynda taraplaryň türkmen
halkynyň baý ruhy mirasyny wagyz etmeklige gönükdirilen bilelikdäki çäreleri
durmuşa geçirendikleri hem-de bilim, ylym, ekologiýa we tebigaty goramak
pudagynda işjeň hyzmatdaşlygy alyp barandyklary barada aýdyldy.
Taraplar Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň agzalygyna
girmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
mynasybetli birnäçe bilelikdäki çäreleri geçirmek boýunça meýilnamalary barada
belläp geçdiler.
2021-nji ýylda gol çekilen Türkmenistanyň hökümeti bilen
ÝUNESKO-nyň arasynda 2021-2023-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamanyň,
şeýle hem Türkmenistanyň hökümeti bilen ÝUNESKO-nyň arasynda Ynam gaznasyny
döretmek hakynda 2015-nji ýyldaky Çarçuwaly ylalaşygyň ähmiýeti barada
nygtaldy. Çarçuwaly ylalaşygyň durmuşa geçirilmegi üçin bilelikdäki
hereketleriň meýilnamasyny düzmek boýunça ylalaşyk gazanyldy.
Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy
has-da giňeltmäge ygrarlydyklaryny mälim etmek bilen, taraplar ylmy we bilim
ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň, milli medeni mirasymyzy wagyz etmek
boýunça işleriň dowam etdirilmeginiň halkara medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň
esasy gurallarydygyny belläp geçdiler.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi