Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi

8-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gündelik wezipeleri hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalary bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu geçen döwürde Mejlisiň maslahatlarynyň 3-si geçirilip, Türkmenistanyň Kanunlarynyň 30-sy, şeýle hem Mejlisiň kararlarynyň 36-sy kabul edildi. Hereket edýän kanunlar zerur bolan üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek arkaly Konstitusion kanunlaryň hem-de halkara kadalaryň talaplaryna laýyk getirildi.

Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipelerden ugur alnyp, Mejlisde degişli hünärmenleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda döredilen iş toparlarynda milli hukuk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen baglanyşykly kanunlaryň taslamalary işlenip taýýarlanylýar.

Şu ýylyň sekiz aýynyň dowamynda halkara we parlamentara gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, dürli duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. Deputatlar kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek meseleleri boýunça okuw maslahatlaryna gatnaşdylar, daşary ýurtlaryň birnäçesine iş saparlaryny amala aşyrdylar.

Halk Maslahaty, degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler, syýasy partiýalar we jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görlüşi barada hem aýdyldy.

Şeýle hem deputatlaryň ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikleriň taryhy ähmiýetini ilata düşündirmek boýunça dürli çärelere gatnaşandyklary barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow kanunlary döwrüň talabyna laýyklykda mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, degişli möhüm kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak we kabul etmek işlerini çaltlandyrmagyň zerurdygyna üns çekildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň hasabat döwründe gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.

Şu ýylyň sekiz aýynda jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edildi. Bu görkeziji 6,2 göterim artdy. 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6,3 göterim artdy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygy 9,6 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 2,5 göterim ýokarlandy.

Şu ýylyň sekiz aýynda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 112,6 göterim we çykdajy bölegi 97,9 göterim ýerine ýetirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,9 göterim artdy.

Şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde dürli maksatly desgalaryň gurluşygy alnyp baryldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň we Maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny bellenen möhletlerde taýýarlamagyň zerurdygyny nygtady. Bank ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bank hyzmatlarynyň görnüşlerini giňeltmek we banklaryň tölege ukyplylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň geçirilmeginiň wajypdygyny belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda geçen sekiz aýda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, nebit we gaz kondensatyny çykarmak boýunça tehniki-ykdysady görkezijiler barada aýdyldy.

Hasabat döwründe «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan nebit bilen üpjün etmegiň meýilnamasy 100,4 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 100,8 göterim ýerine ýetirildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 103,3 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 104,1 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 111,8 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 111,7 göterim ýerine ýetirildi. Şeýle hem polipropilen çykarmak boýunça gazanylan görkezijiler barada aýdyldy.

Tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 109,3 göterim, «mawy ýangyjy» eksport etmegiň meýilnamasy 114,4 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleri boýunça özleşdirilen serişdeleriň meýilnamasy 111,5 göterim berjaý edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynyň maliýe-ykdysady durnuklylygyny üpjün etmek, onuň önümçilik işini kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we desgalaryň doly kuwwatynda hem-de bökdençsiz işledilmegini gazanmak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz nebit we gaz ýataklary boýunça geologiýa gözleg, gazuw işlerini netijeli alyp barmagyň wajypdygyny belläp, ýangyç-energetika toplumynyň eksport kuwwatyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek meselesine aýratyn ünsi çekdi hem-de şunuň bilen baglylykda, wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Oba hojalyk toplumynda önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 104,4 göterime, şol sanda Oba hojalyk ministrligi boýunça 104,6 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 101,4 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 102,3 göterime hem-de «Türkmen atlary» döwlet birleşigi boýunça 101,7 göterime barabar boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 237,8 göterim ýerine ýetirildi.

Döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermegi bilen welaýatlarda bugdaý ekişine guramaçylykly girişildi. Bu jogapkärli işi agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmek üçin ähli çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, pagta ýygymy möwsümine başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleri geçirilýär.

Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatlarda güýzlük ýeralma, gök we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinlerine hem-de Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň şaly, Mary welaýatynyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda ideg işleri dowam edýär. Suw serişdelerini tygşytly we netijeli peýdalanmak hem-de ekerançylyk meýdanlaryny suwaryş suwlary bilen üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu ugurda suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak işleri dowam etdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň öňdebaryjy tejribelerini önümçilige giňden ornaşdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz suw üpjünçiligini we ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak barada aýdyp, bellenen meýilnamalaýyn çäreleriň öz wagtynda we talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegiň wajypdygyny belledi. Suw howdanlarynyň göwrümini giňeltmek hem-de suw tygşytlaýjy usullary önümçilige giňden ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri çaltlandyrmagyň wajypdygyna aýratyn üns çekildi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mallardan alynýan önümleriň möçberlerini artdyrmak boýunça çäreleri görmek, mallary talabalaýyk gyşlatmak üçin zerur möçberde ot-iýmleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini aýtdy we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow 2023-nji ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda gurluşyk-senagat toplumy, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi hem-de Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça iş meýilnamasy 108 göterim ýerine ýetirildi. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça öndürilen önümleriň hem-de ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 109 göterim üpjün edildi.

Şu ýylyň sekiz aýynda Energetika ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 113,8 göterim berjaý edildi. Elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgini 105,6 göterime, daşary ýurtlara iberilen elektrik energiýasynyň ösüş depgini bolsa 101,7 göterime barabar boldy. Ýylyň başyndan bäri «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan 1 milliard 533 million manatlyk önüm öndürildi we hyzmatlar ýerine ýetirildi.

Şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 102,4 göterim berjaý edildi, Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň hem-de hyzmatlaryň meýilnamasy 123,3 göterim amal edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny, senagat we gurluşyk önümçiliginiň çig mal gorlaryny netijeli ulanmak üçin gurluşyk we himiýa kärhanalarynyň doly kuwwatynda işledilmegini gazanmagyň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda gurulýan desgalaryň öz wagtynda we ýokary hilli tabşyrylmagyny berk gözegçilikde saklamalydygyny nygtap, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen birlikde, ýol gurluşyk işini ösdürmek, döwrebap ýollary gurmak boýunça alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmek babatda anyk görkezmeler berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, şeýle hem telekeçilik ulgamynda şu ýylyň sekiz aýynda gazanylan görkezijiler barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 106 göterime barabar boldy. Öndürilen önümleriň ösüş depgini 103 göterim ýerine ýetirildi.

Dokma senagaty ministrligi boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň öndürilişi 102,7 göterime, nah matalar 106,1 göterime, tikin we trikotaž önümler 100,9 göterime, gön önümleri 104 göterime barabar boldy. Şu ýylyň sekiz aýynda 439 million 900 müň manatlyk maýa goýumlar özleşdirildi.

Şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda «Türkmenhaly» döwlet birleşigi boýunça haly önümlerini öndürmegiň meýilnamasy 106,9 göterim ýerine ýetirildi.

Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça şu ýylyň sekiz aýynda 199 birža söwdalary geçirilip, 20 müň 114 şertnama hasaba alyndy. Söwda-senagat edarasy boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 111,7 göterime barabar boldy. Ýylyň başyndan bäri sergileriň 11-si we maslahatlaryň 49-sy geçirildi.

Şu ýylyň sekiz aýynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 108,5 göterime hem-de senagat önümleriniň ösüş depgini 107,1 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzdaky bazarlaryň we söwda nokatlarynyň azyk hem-de beýleki zerur harytlar bilen üpjünçiligini hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, bar bolan önümçilikleri netijeli ulanyp, öndürilýän önümleriň hem-de edilýän hyzmatlaryň möçberlerini we görnüşlerini artdyrmak zerurdyr.

Döwlet Baştutanymyz dokma senagaty kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny doly ulanyp, öndürilýän dokma önümleriniň möçberlerini artdyrmagyň hem-de hilini has-da ýokarlandyrmagyň möhümdigine aýratyn ünsi çekip, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň geçen sekiz aýynyň dowamynda dürli maslahatlar, döredijilik duşuşyklary, brifingler, media forumlary, sergiler, wagyz-nesihat we aýdym-sazly medeni çäreler geçirildi. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dürli çäreler guralyp, döredijilik bäsleşikleri yglan edildi.

Hasabat döwründe halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde hem dürli çäreler geçirildi. Türkmen hünärmenleri daşary ýurtlaryň onlarçasynda iş saparlarynda bolup, ol ýerlerde geçirilen halkara medeni çärelere, festiwallara, forumlara, maslahatlara we okuwlara gatnaşdylar.

Medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek maksady bilen, ýurdumyzda hem möhüm ähmiýetli çäreleriň birnäçesi guraldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly täze goşgusyny halkymyza sowgat etmegi mynasybetli Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Arkadagly döwrüň bardyr, Pyragy!» atly maslahat geçirildi.

Paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry guramaçylykly geçirilip, ýeňijilere Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan baýraklar gowşuryldy.

Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň ilkinji mejlisi geçirildi. Bulardan başga-da, hasabat döwründe medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli geçirilen dabaralarda aýdym-sazly çykyşlar guraldy.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara ýokary derejede taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Şeýle hem wise-premýer döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigi yglan etmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararynyň taslamasy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, beýik akyldar şahyrymyzyň baý medeni mirasyny düýpli öwrenmek, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary höweslendirmek, şahyryň hormat-sarpasyny has-da belende götermek maksady bilen geçiriljek bu bäsleşigi 2023-nji ýylyň dekabr aýynda jemlemek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz ýaşlaryň arasynda geçiriljek «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň uly ähmiýetini belläp, oňa ýokary derejede taýýarlyk görmegiň wajypdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekip, ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi we bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe öňde goýlan wezipelere laýyklykda, ylymly-bilimli nesli terbiýelemek, okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny kämilleşdirmek, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek işleri dowam etdirildi.

Hormatly Prezidentimiziň Kararlaryna laýyklykda, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutlarynyň binalar toplumlaryny, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň goşmaça täze okuw binasyny, umumy ýaşaýyş jaýyny, sport desgasyny gurmak işlerine girişildi.

Okuwçylar we talyp ýaşlar halkara ders, internet bäsleşiklerine işjeň gatnaşdylar. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» atly şygar bilen meýilnamalaýyn çäreler, halkara ylmy-amaly maslahatlar, duşuşyklar geçirildi.

Ýylyň başyndan bäri ylmy-barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak we önümçilige ornaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp baryldy. Şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýaş alymlar neslini kemala getirmek bilen bagly işler dowam etdirildi, ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy guraldy. Ylmy-tehnologik merkezler hakynda Düzgünnama tassyklanyldy.

Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda ylmy-amaly maslahatlar, sergiler, tanyşdyryş çäreleri we beýleki dabaralar geçirildi. Daşary ýurtlaryň 3-sine ylmy saparlar amala aşyrylyp, gymmatly golýazma çeşmeleriniň elektron nusgalary ýurdumyza getirildi.

Döwlet Baştutanymyzyň hemaýat-goldawy bilen keselleriň öňüni almak, bejermek boýunça halkara hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Bu tejribeler esasynda öňüni alyş-bejeriş işleriniň öňdebaryjy usullary amaly lukmançylyga ornaşdyrylýar. Milli saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär. «Türkmenistanda ilatyň saglyk abadançylygyny üpjün etmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnama» tassyklanyldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalar we bejergiler amala aşyryldy.

Hasabat döwründe täze hassahanalaryň gurluşyk işleri batly depginlerde alnyp baryldy. Şu ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistanyň lukmanlarynyň jemgyýetçilik guramasynyň halkara maslahaty geçirildi.

Sporty we bedenterbiýäni ösdürmek boýunça işler guramaçylykly alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Kuraş boýunça dünýä çempionatyny geçirmek baradaky guramaçylyk topary döredildi.

Hasabat döwründe ýurdumyzyň türgenleri halkara sport ýaryşlaryna gatnaşyp, 136 altyn, 145 kümüş we 209 bürünç medallary gazandylar. Sport ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýelän türgenlere Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ylym-bilim edaralarynyň işini döwrebap guramagyň, olaryň işine sanly ulgamy giňden ornaşdyrmagyň, şeýle hem ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň wajypdygyny belledi.

Sport desgalaryny netijeli ulanmak, ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak möhüm wezipeleriň hatarynda durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ministrlik tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Hasabat döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň daşary syýasy ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek maksady bilen degişli işler geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna, Katar Döwletine we Täjigistan Respublikasyna döwlet saparlaryny, Bahreýn Patyşalygyna resmi sapary, Azerbaýjan Respublikasyna, Beýik Britaniýa, Russiýa Federasiýasyna, Hytaý Halk Respublikasyna, Türkiýe Respublikasyna, Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparlaryny amala aşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky sammitine gatnaşdy.

Şu ýylyň geçen döwrüniň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerinde, Türkiýe Respublikasynda, Germaniýa Federatiw Respublikasynda, Eýran Yslam Respublikasynda we Saud Arabystany Patyşalygynda saparlarda boldy.

Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň hem-de Wengriýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza saparlary boldy. Hormatly Prezidentimiz birnäçe ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirdi. Şeýle hem daşary ýurtlaryň parlamentleri we ugurdaş halkara guramalary bilen gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigi bellenildi.

Daşary ýurt wekiliýetleriniň Türkmenistana yzygiderli amala aşyrýan saparlary, şeýle hem ýurdumyzyň wekiliýetleriniň daşary ýurtlara saparlary daşary syýasy gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Hasabat döwründe dürli derejede, şol sanda sanly ulgam arkaly duşuşyklar we gepleşikler geçirildi. Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň üsti 168 resminama bilen ýetirildi.

Daşary işler ministrlikleriniň derejesinde gatnaşyklar yzygiderli amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň daşary-ykdysady gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, bilelikdäki Hökümetara toparlaryň, beýleki degişli düzümleriň mejlisleri, şeýle hem işewürlik duşuşyklary we beýleki degişli çäreler guraldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu ýyl möhüm saparlaryň birnäçesiniň amala aşyrylandygyny belledi. Şol saparlar däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim boldy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýylyň ahyryna çenli möhüm ähmiýetli wakalaryň ençemesi bolar, şol sanda daşary ýurtlara saparlar guralar, şeýle hem eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlyk güni hem-de Halkara Bitaraplyk güni baýram ediler we beýleki çäreler geçiriler. Şol çärelere we dabaralara ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmek hem-de daşary ýurtly myhmanlaryň mynasyp garşylanmagyny üpjün etmek zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere, daşary işler ministrine degişli tabşyryklar berildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň wekiliýetiniň 4 — 6-njy sentýabrda Fransiýa Respublikasyna bolan gulluk iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Saparyň çäklerinde Parižde Fransiýa Respublikasynyň Ýewropa we daşary işler ministri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesi bellenildi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy meseleleri boýunça pikir alyşmalar bilen baglylykda, ýokary derejedäki duşuşyklaryň möhüm ornuna üns çekildi. Fransuz tarapy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek işinde Türkmenistanyň oňyn başlangyçlarynyň diňe bir sebit derejesinde däl, eýsem, dünýä giňişliginde hem uly ähmiýete eýedigini nygtady. Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Fransiýa Respublikasynyň Ýewropa we daşary işler ministrliginiň arasynda 2024 — 2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna hem-de Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Ýurdumyzyň wekiliýetiniň Fransiýanyň Prezidentiniň diplomatik geňeşçisi bilen duşuşygynyň barşynda ikitaraplaýyn görnüşde hem-de BMG-niň we beýleki halkara düzümleriň çäklerinde giň ugurlar boýunça türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek boýunça pikir alşyldy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Baş direktorynyň orunbasarlary bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň hem-de ÝUNESKO-nyň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralarynyň açylmagy hem-de ýurdumyzyň birnäçe orta mekdepleriniň ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepleriniň toruna girizilmegi köpýyllyk hyzmatdaşlygyň aýdyň netijeleri bolup durýar.

Duşuşygyň barşynda 2024-nji ýylda giňden belleniljek Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli dabaralar bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem BMG-niň bu ýöriteleşdirilen edarasynyň Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän milli we transmilli hödürnamalary Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak ugrunda bilelikde anyk işleri geçirmäge gyzyklanma bildirýändigi beýan edildi.

Pariže saparyň maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Halkara sergiler býurosynyň (HSB) Baş sekretary bilen duşuşygy geçirildi. HSB bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli işjeňleşdirmek maksady bilen, türkmen tarapy «2024-2025-nji ýyllar üçin Ýol kartasynyň» taslamasyny taýýarlamagy teklip etdi.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň iş saparynyň barşynda türkmen-fransuz işewürlik forumy geçirildi. Oňa iki ýurduň döwlet edaralarynyň hem-de iri fransuz kompaniýalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Forumyň gün tertibine özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giň meseleleri, şeýle hem ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi uly ugurlary girizildi.

Mundan başga-da, saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Arap we Fransuz banklarynyň birleşmesiniň (UBAF) arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga hem-de Arkadag şäheri bilen Fransiýanyň Mezon-Laffit şäheriniň arasynda dostluk ylalaşygy hakynda Jarnama gol çekildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň dünýäniň ähli döwletleri bilen deňhukukly we netijeli gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň wekiliýetiniň Fransiýa Respublikasyna iş sapary taraplaryň syýasy-diplomatik gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, söwda-ykdysady ulgamda, işewürler toparlarynyň ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, medeni-ynsanperwer ulgamda däp bolan gatnaşyklary höweslendirmäge taýýardyklaryny görkezdi. Şunuň bilen birlikde, saparyň barşynda ýurdumyzyň abraýly halkara guramalar, şol sanda ÝUNESKO we HSB bilen hyzmatdaşlygynyň yzygiderli, netijeli häsiýete eýedigi tassyklanyldy. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, bu ugurda toplumlaýyn işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Soňra wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimiziň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň mejlisine gatnaşmak üçin 14-15-nji sentýabrda Täjigistan Respublikasyna boljak iş saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda guramaçylyk we beýleki degişli işler alnyp barylýar. Duşenbe şäherinde geçiriljek ýokary derejedäki duşuşyklaryň çäklerinde beýleki birnäçe çäreleriň guralmagy meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, goňşy ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmegiň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady.

Türkmenistan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde Merkezi Aziýanyň döwletleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip, ähli ugurlar boýunça däp bolan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça anyk teklipleri öňe sürýär. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň sebit hyzmatdaşlygy meselelerinde mundan beýläk-de işjeň orny eýelejekdigini nygtap, wise-premýere, daşary işler ministrine Duşenbede geçiriljek sammitlere hem-de göz öňünde tutulan beýleki çärelere ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe bu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 123,8 göterime deň boldy. Şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini 106,2 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 104,6 göterime barabar boldy.

Hasabat döwründe «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 107,2 göterime, «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça ösüş depgini 117,7 göterime, «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça ösüş depgini 245,9 göterime, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça 107,1 göterime deň boldy. «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça bolsa ösüş depgini 111,8 göterime barabar boldy.

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler barada hem hasabat berildi. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ulag-kommunikasiýa toplumyna degişli önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň dowam edýändigi barada aýdyldy. Şeýle hem daşary ýurtlar bilen ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmek meseleleri boýunça bilelikdäki iş toparlarynyň mejlisleriniň netijeleri barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň içerki we daşarky gatnawlarynda ýolagçy hem-de ýük dolanyşygyny depginli ösdürmek, hyzmatlaryň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini we howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen bir hatarda, daşary ýurtlara amala aşyrylýan howa gatnawlarynyň ugurlaryny we sanyny köpeltmek boýunça täze teklipleri taýýarlamak, awiapetekleri sanly ulgam arkaly satyn almak üçin şertleri gowulandyrmak tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz awtoulag, deňiz we demir ýol ulaglary arkaly ýükleri daşamaga ýüztutmalary sanly ulgam arkaly kabul etmek üçin zerur işleri geçirmegiň, şeýle hem Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny doly kuwwatynda ulanmak boýunça görülýän çäreleri güýçlendirmegiň wajypdygyny nygtap, agentligiň ýolbaşçysyna bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy hem-de dürli pudaklary ösdürmäge gönükdirilen resminamalar kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi


Yza

Şeýle hem okaň