Ýakynda Parižde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Fransiýanyň Ýewropa we daşary işler ministri Katrin Kolonna bilen resmi duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda ikitaraplaýyn
syýasy-diplomatik gatnaşyklary işjeňleşdirmek meseleleri ara alnyp
maslahatlaşyldy. Bu
nukdaýnazardan döwlet derejesinde saparlary guramagyň mümkinçiliklerine hem
seredilip geçildi.
Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary halkara
we sebit syýasatynyň iň möhüm meseleleri barada pikir alyşdylar.
Duşuşygyň netijeleri boýunça R.Meredow we K.Kolonna şu
resminamalara gol çekdiler:
Bilim
ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň
Daşary işler ministrliginiň we Fransiýanyň Ýewropa we daşary işler
ministrliginiň arasynda 2024-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň
maksatnamasy.
Munuň bilen
birlikde, türkmen wekiliýetiniň Fransiýa saparynyň çäklerinde aşakdaky
resminamalara gol çekildi: Arkadag we Maisons-Laffitte şäherleriniň arasynda
doganlaşmak barada dostlukly ylalaşygyň Jarnamasy; Türkmenistanyň Döwlet Daşary
ykdysady iş bankynyň Union de Banques Arabes et Françaises – U.B.A.F bilen
hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyk.
Mälim bolşy
ýaly, Türkmenistanyň wekiliýeti fransuz tarapynyň çakylygy boýunça Parižde
resmi saparda boldy.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi