Türkmenistan bilen Russiýa strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

11-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglowy kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edilendigi hem-de ýüzbe-ýüz duşuşykda hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hem-de dostlukly ýurduň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň mähirli salamyny, ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Newa boýundaky şäheriň biziň ýurdumyz bilen türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän köpýyllyk gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryna mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistanda däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini nygtady hem-de soňky ýyllarda özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykandygyny kanagatlanma bilen belledi. Döwlet Baştutanymyz şular barada aýtmak bilen, Sankt-Peterburgyň gubernatorynyň şu gezekki saparynyň iki ýurduň geljekde-de köpugurly strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiginiň aýdyň beýanydygyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasy syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda we beýleki ugurlarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Şunda biziň ýurdumyz bilen Russiýanyň sebitleriniň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň we Newa boýundaky şäheriň arasynda ýakyn we dostlukly gatnaşyklaryň ýola goýlandygy bellenildi. Sankt-Peterburgyň iri kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk okgunly ösdürilýär. Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek, azyk senagaty ulgamynda hem netijeli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler bar. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyz sankt-peterburgly hyzmatdaşlaryň täze ugurlar, şol sanda sanlylaşdyrmak, “akylly” şäherleri gurmak, şeýle hem beýleki möhüm ulgamlar boýunça tekliplerine garamaga taýýardyr. Şol bir wagtda, ylym-bilim hyzmatdaşlygyna uly üns berilýär.

Sankt-Peterburgyň gubernatory hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça düýpli we anyk söhbetdeşlik üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwletara gatnaşyklaryň hem-de Türkmenistanyň Newa boýundaky şäher bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine goşan uly goşandyny aýratyn nygtady.

Aleksandr Beglow Aşgabada şu gezekki saparynyň özünde galdyran täsirleri barada aýtmak bilen, ajaýyp, häzirki zaman we okgunly ösýän şäher bolan ak mermerli türkmen paýtagtynyň hemişe haýran galdyrýandygyny, onuň täsin binagärlik keşbini synlap, lezzet alýandygyny, şäherde ýylyň-ýylyna täze ajaýyp desgalaryň peýda bolýandygyny hem-de onuň gök begrese bürenýändigini belledi. Şonuň bilen birlikde, myhman ýurdumyzyň ähli ulgamlarda, ykdysadyýetde we önümçilik pudagynda, durmuş we bilim ulgamlarynda ýeten belent sepgitleriniň özünde uly täsir galdyrandygyny aýratyn nygtap, ýakynda açylan täze mekdepleriň, ýokary, orta hünär okuw mekdepleriniň binalar toplumlarynyň muňa aýdyň şaýatlyk edýändigini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow Türkmenistanyň we Newa boýundaky şäheriň däp bolan hyzmatdaşlyk gatnaşyklara ygrarlydyklaryny tassyklap, onuň türkmen-rus döwletara dialogynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýändigini hem-de many-mazmun taýdan baýlaşdyrylmagyna ýardam edýändigini bellediler.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi


Yza

Şeýle hem okaň