Arkadag şäheri bilen Sankt-Peterburgyň hökümetiniň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi

11-nji sentýabrda Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglowyň Türkmenistana saparynyň çäklerinde Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirildi. Onda özara gyzyklanma bildirilýän geljegi uly ugurlaryň birnäçesi boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurdumyz bilen Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleriniň, şol sanda Newa boýundaky şäheriň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin köpugurly kuwwatyň bardygy bellenildi.

Ynsanperwer ulgam hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Türkmenistanyň we Russiýanyň medeni-ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamak hem-de wagyz etmek bilen baglylykda, beýik türkmen şahyry, Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan bilelikdäki çäreleri geçirmegiň mümkinçiligine garaldy. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyz bilen Sankt-Peterburg şäheriniň arasynda söwda gatnaşyklaryny ösdürmek meselelerine deglip geçildi.

Sankt-Peterburgyň gubernatory paýtagtymyzdaky milli gahrymanlaryň — Watanymyzyň goragçylarynyň hem-de 1948-nji ýylyň weýrançylykly Aşgabat ýer titremesiniň pidalarynyň ýadygärligini ebedileşdiren “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýdy.

Şeýle hem şol gün Sankt-Peterburgyň gubernatory we onuň ýanynda bolýan wekiliýetiň agzalary Arkadag şäherine baryp gördüler. Şäher häkimliginde russiýaly hyzmatdaşlaryň täze şäheriň ýolbaşçylary bilen duşuşygy geçirildi. Iki şäheriň arasynda dostluk gatnaşyklaryny ýola goýmagyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Duşuşygyň jemleri boýunça Arkadag şäheriniň häkimligi bilen Sankt-Peterburgyň hökümetiniň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga we Arkadag şäheriniň häkimligi bilen Sankt-Peterburgyň hökümetiniň arasynda 2023 — 2027-nji ýyllarda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek barada çäreleriň Meýilnamasyna — “Ýol kartasyna” gol çekildi.

Russiýaly myhmanlara Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde ýerleşýän “akylly” şäher bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi. Mälim bolşy ýaly, bu ägirt uly şähergurluşyk taslamasyny amala aşyrmak başlangyjy türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Kanunçylyk esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäheriniň keşbinde binagärligiň we dizaýnyň häzirki zaman meýilleri milli binagärlik ýörelgeleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Bu şäher “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda gurlandyr, onda şäher durmuşynyň ähli ulgamlaryna öňdebaryjy sanly, maglumat-kommunikasiýa, ekologik taýdan arassa “ýaşyl” tehnologiýalar ornaşdyryldy. Halkara guramalaryň we iri daşary ýurt kompaniýalarynyň şahadatnamalarynyňdyr diplomlarynyň birnäçesiniň gowşurylmagy täze şäheriň täsin aýratynlyklarynyň ykrarnamasydyr.

Sankt-Peterburgyň gubernatory we onuň ýanynda bolýan wekiliýet agzalary Arkadag şäheriniň ajaýyp ýerleri hem-de durmuş maksatly iri toplumlary, şol sanda bilim, lukmançylyk, medeni, sport we beýleki ugurly iri desgalar toplumyny öz içine alýan şäher düzümi bilen tanşyp, ilatyň amatly ýaşamagy üçin döredilen şertlere ýokary baha berdiler.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi 


Yza

Şeýle hem okaň