Ýakynda
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Aşgabada
iş sapary bilen gelen BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň
(BMG-HABITAT) wekilleri Katýa Şefer we Herman Piýenaar bilen duşuşygy
geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen BMG-HABITAT-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň
häzirki ýagdaýynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem mundan
beýläk dowam etdiriljek hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary kesgitlenildi. Şunuň bilen
baglylykda, taraplar hyzmatdaşlygyň Ýol kartasyny bilelikde işläp taýýarlamak
barada ylalaşdylar.
Taraplar Türkmenistanda BMG-HABITAT-yň wekilhanasyny açmagyň mümkinçiligini ara
alyp maslahatlaşdylar.
Çeşme: Türkmenistanyň
Daşary işler ministrligi