Türkmenistan we Wýetnam ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýär

11-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Dang Min Khoýdan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasynda köpugurly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, halklarymyzyň arasynda dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak boýunça asylly işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili hoşniýetli sözler hem-de türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, Wýetnamyň Prezidenti Wo Wan Thyongyň Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna, ähli halkyna iberen mähirli salamyny, bagt we ägirt uly özgertmeler ýolunda täze üstünlikleri gazanmak baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň barşynda diplomat ýurdumyzyň alyp barýan hoşniýetli daşary syýasaty bilen giňişleýin tanyşdyryldy. Ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bu syýasatyň üýtgewsiz ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Bellenilişi ýaly, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary, şol sanda Wýetnam Sosialistik Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär.

Ilçi Dang Min Khoý Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy nyşanyna öwrülen ägirt uly özgertmeleriň amala aşyrylyşy, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen dürli ulgamlarda durmuşa geçirilýän bilelikdäki milli we halkara ähmiýetli möhüm taslamalar bilen tanyşdyryldy.

Netijeli gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda, iri halkara guramalaryň çäklerinde ösdürilýän türkmen-wýetnam hyzmatdaşlygynyň giň ugurlardaky meseleleri boýunça pikir alşyldy. Parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn meselesi boldy.

Duşuşygyň ahyrynda Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Dang Min Khoý däp bolan dostlukly wýetnam-türkmen gatnaşyklaryny ynanyşmak we özara hormat goýmak esasynda mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi


Yza

Şeýle hem okaň