12-nji
sentýabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Medeniýet
ministrliginiň guramagynda “Çalsana, bagşy!” atly döredijilik bäsleşiginiň
jemleýji tapgyry geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry”
atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçen ýylyň ýanwarynda
yglan edilen bu özboluşly döredijilik gözden geçirilişi Arkadag Serdarly
bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilýän çäreleriň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Milli
aýdym-saz sungatymyzyň gymmatlyklaryny, onuň däplerini, şol sanda bagşyçylygyň
özboluşly mekdebini dowam etdirmäge we wagyz etmäge gönükdirilen bu medeni çäre
ýaşlaryň döredijilik zehinlerini ýüze çykarmaga, olaryň halkymyzyň baý ruhy
mirasyna aralaşmaklaryna şert döredýär.
Asyrlaryň jümmüşinden biziň günlerimize çenli gelip
ýeten köpugurly bagşyçylyk sungaty türkmen medeniýetiniň bitewüligini özünde
jemleýän ýokary ussatlygyň nusgasydyr. Ol köpasyrlyk çeperçilik däpleriniň
esasynda döräp, janly ýerine ýetirijilik tejribesi bilen nesiller tarapyndan
kämilleşdirilipdir. Halkymyzyň durmuşyny şöhlelendirýändigi üçin döredijiligiň
bu görnüşine hemme döwürlerde-de aýratyn hormat-sarpa bilen garapdyrlar.
Dutaryň umumadamzat gymmaty we aýdym-saz ussatlygy
barada aýdylanda, halkymyzda saz sungatynyň parahatçylygyň hem-de dostlugyň
nyşany hökmündäki ähmiýetini bellemelidiris. Türkmen saz sungatynyň
özboluşlylygy bolan ýekelikde dutar çalmak ýoly Merkezi Aziýanyň saz gurallary
medeniýetinde ykrar edilen aýratyn ugurdyr. Dutar ýasamak senetçiliginiň,
dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl
medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem munuň aýdyň subutnamasy boldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Çalsana,
bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda
nygtalyşy ýaly, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň,
Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň ulanmaga berilmegi
ýaş nesilleriň kalbynda milli bagşyçylyk we sazçylyk sungatymyza söýgi
döretmekde, ýaş bagşy-sazandalary kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Häzirki döwürde türkmen medeniýeti we sungaty jemgyýetimiziň bitewüligini,
halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmakda medeni-ruhy galkynyşy döredýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimizi,
sungatymyzy ösdürmek, medeniýet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny
berkitmek, il içinden sungaty ösdürmäge höwesli ýaş bagşy-sazandalary ýüze
çykarmak hem-de goldamak babatda giň gerimli işler alnyp barylýar diýlip,
döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda nygtalýar.
Halk sazandalarynyň we bagşylarynyň döredijilik
bäsleşigine 18 — 35 ýaş aralygyndaky türkmenistanlylaryň gatnaşmagy ýurdumyzda
ýaşlar syýasatyna uly üns berilýändigine şaýatlyk edýär. Ýaş nesliň milli
medeniýetimiziň gymmatlyklaryna aralaşmagyny üpjün etmek, olaryň döredijilik
başarnyklaryny ýüze çykarmak we has-da ösdürmek bu syýasatyň möhüm ugrudyr.
Şunuň bilen birlikde, döredijilik bäsleşigi halypaçylyk däplerini berkitmäge,
döwürleriň arabaglanyşygyny saklamaga, ýurdumyzda uly üns berilýän saz
sungatyny wagyz etmek işine goşant goşmaga gönükdirilendir. Şeýlelikde,
“Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna ýurdumyzyň welaýatlaryndan we
Aşgabat şäherinden 12 sany dutarçy sazanda, şonça hem bagşy gatnaşdy. Şolaryň
5-si zenan bagşy-sazandalardyr. Dutarda saz çalmak we aýdym aýtmak ussatlyklary
bilen türkmen zenanlarynyň kähalatlarda meşhur bagşylardan hem ökde
çykandyklary baradaky rowaýatlaryň dörändigi bellidir. Gahryman Arkadagymyz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ile döwlet geler bolsa...” atly kitabynda türkmen
halyçy zenanlarynyň zehini bilen dutarda saz çalmak sungatynyň arasyndaky
baglanyşyk inçeden beýan edilýär.
Häzirki wagtda bagşyçylyk sungatynyň öwrenilmegi we
giňden wagyz edilmegi Garaşsyz Watanymyzda halk sazandalaryna, dessançylaryna
aýratyn hormat goýulýandygynyň görkezijisidir. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen
milli konserwatoriýasynda we ýurdumyzyň beýleki ýöriteleşdirilen sungat
mekdeplerinde bagşylary taýýarlamak boýunça ýörite bölümler döredildi. Meşhur
dessançy bagşylaryň köp sanlysynyň gelip çykan ýeri bolan Daşoguz welaýatyndaky
Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde türkmen halk saz sungatyny hem-de nusgawy
şygryýetini wagyz eden ussat bagşy-sazandalaryň döredijiligine bagyşlanan sergi
hereket edýär. Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde türkmen halkynyň baş saz guraly
— dutaryň heýkeli oturdylyp, bu ýerde Gündogar bagşylarynyň we sazandalarynyň
arasynda mukaddes hasaplanýan Aşyk Aýdyň piriň aramgähi ýerleşýär.
Türkmen halk saz gurallary häzirki wagtda dürli
orkestrleriň düzüminde ýaňlanyp, şolaryň hatarynda dutar saz guraly milli saz
medeniýetimizde öňdäki orny eýeleýär. Dutarçy sazandalaryň çykyşlary düzümine
dünýäniň dürli halklarynyň sazlary, şol sanda nusgawy sazlar girizilen konsert
maksatnamasyna gaýtalanmajak öwüşgin çaýýar. Häzirki döwürde ýaşlar özleriniň
halypalary bilen dürli bäsleşiklere, döwlet derejesinde geçirilýän konsertlere,
guralýan baýramçylyk çykyşlaryna işjeň gatnaşýarlar. Munuň özi kalplarda baky
ýaşajak sungaty döreden meşhur türkmen bagşylarynyň ýollarynyň mynasyp dowam
etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Häzirki
zaman halk bagşylary we sazandalary milli sungatyň däplerini saklaýarlar we
ösdürýärler. “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşanlar bu
asylly ýörelgeleriň ösüşiň täze derejesine çykýandygyny aýdyň görkezdiler.
Sazandalaryň çykyşlary bilen başlanan döredijilik bäsleşiginde ýurdumyzyň her
bir welaýatyna mahsus özboluşly ýerine ýetirijilik häsiýetleri, gaýtalanmajak
aýratynlyklar şöhlelendi. Ähli gatnaşyjylaryň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan
“Çalsana, çalsana, çalsana, bagşy!” sazy milli saz medeniýetimiziň
köpöwüşginlidigini görkezdi.
Sahnada
türkmen halk sazlary, şol sanda “Kepderi”, “Gyrmyzy”, “Sataşdym”, “Düşmüş” ýaly
sazlar ýaňlandy. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň halk aýdym-saz
sungatynyň wekilleri gezekli-gezegine sahna çykdylar. Olaryň çykyşlary saz
guralynda ýerine ýetirilen dürli sazlary, dessanlardan parçalary, aýdym aýtmak
sungatyny özünde jemledi.
Ýaşlar
bilen deň derejede zenan bagşy-sazandalar hem işjeň çykyş etdiler.
Paýtagtymyzdan, şeýle-de ýurdumyzyň sebitlerinden zenan bagşylar “Eýlediň”,
“Weý ýar”, “Köne güzer” ýaly halk aýdymlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirip,
dutar çalmak we aýdym aýtmak boýunça başarnyklaryny görkezdiler. “Görogly”
şadessanyndan ýerine ýetirilen “Teşnit” aýdymy aýratyn owaza beslendi.
Zehinleriň häzirki gözden geçirilişiniň esasy maksady bolan halkymyzyň saz
medeniýetini hem-de onuň parahatçylyk döredijilik başlangyçlaryny
şöhratlandyrmaga gönükdirilen çykyşlar konsert maksatnamasynda öz beýanyny
tapdy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda halkymyzyň bagtyýarlygy,
eziz Watanymyzyň we milli medeniýetimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin
durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmelere bagyşlanyp, ähli dabara
gatnaşyjylaryň ýerine ýetirmegindäki “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” atly
aýdymy döredijilik gözden geçirilişiniň jemleýji çykyşyna öwrüldi. Mukamlar
köşgüniň sahnasynda kümüş perdeli dutarlaryň parahatçylygy, dost-doganlygy wasp
edýän sazlary özboluşly owaz bolup ýaňlandy.
Jemleýji
tapgyryň iň bir tolgundyryjy ýeri — bäsleşigiň jemini jemlemek we ýeňijileri
yglan etmek pursady ýetip geldi. Sylaglamak dabarasynda guramaçylar “Çalsana,
bagşy!” bäsleşiginiň zehinli ýaş nesilleriň köp sanlysyny özüne çekendigini
nygtadylar. Olar özleriniň aýdymlary we sazlary arkaly mähriban Watanymyzyň
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýeten derejesini uly
ruhubelentlik bilen wasp etdiler.
Dabara gatnaşanlaryň
şowhunly el çarpyşmalary astynda ýeňiji bolan bagşylaryň hem-de sazandalaryň
12-siniň atlary yglan edildi. Olar diplomlar hem-de hormatly Prezidentimiziň
altyn zynjyry bilen sylaglandylar. Şeýle hem “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň
jemleýji tapgyryna gatnaşanlaryň ählisine ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Bäsleşige
gatnaşyjylar hoşallygyň nyşany hökmünde döwlet Baştutanymyzyň adyna Ýüzlenme
kabul etdiler. Olar ussat bagşylaryň döredijilik ýoluny mynasyp dowam
etdirijiler hökmünde milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmek we kämilleşdirmek
üçin ähli gujur-gaýratlaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi