16 Sentýabr 2023
86
14-nji sentýabrda Duşenbede Täjigistanyň milli kitaphanasynyň binasynda “Sanly ykdysadyýet, elektron söwda we innowasiýalar” mowzugy boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ykdysady forumy açyldy.
Forumyň
işine Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýewiň
ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Türkmen wekiliýetiniň düzümine birnäçe
ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri girdi.
Ykdysady
forumyň dowamynda anyk taslamalaryň derejesinde, tehnologiki hyzmatdaşlykda we
bilelikdäki kärhanalary döretmekde ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek
barada pikir alyşmalar geçirildi.
Dabara
gatnaşanlaryň esasy ünsi sebitiň döwletleriniň arasynda haryt dolanyşygyň
ýokarlandyrylmagyna we munuň üçin amatly şertleriň döredilmegine, şol sanda,
logistika ugurlarynyň giňeldilmegine, harytlaryň daşalmagy üçin bar bolan
geçelgeleriň döwrebaplaşdyrylmagyna we täze ugurlaryň döredilmegine çekildi.
Türkmen
wekiliýetiniň agzalary sanly ykdysadyýet, elektron hökümet ulgamyny ornaşdyrmak
we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň innowasiýa pudagynda hyzmatdaşlygy babatynda
sebitiň ýurtlarynyň tejribe alyşmagy boýunça we bu ugurlaryň geljegi baradaky
sessiýalara hem gatnaşdylar.
Duşenbe
şäherinde geçirilen Ykdysady forumyň çäklerinde “akylly” Arkadag şäheriniň
tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi