Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi

Şenbe güni hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler, şeýle hem Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyny baýram etmäge görülýän taýýarlyk barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzy syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny goramak, ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly kanunlaryň taslamalary yzygiderli işlenip taýýarlanylýar. Parlamentara gatnaşyklary giňeltmegiň çäklerinde Täze Zelandiýanyň hem-de Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi. Germaniýa Federatiw Respublikasynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşyklaryň barşynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk şanly toýy mynasybetli ýurdumyzyň durmuşynyň syýasy, ykdysady, medeni ugurlarynda ýokary zähmet üstünliklerini gazanan raýatlarymyzy döwlet sylaglaryna hödürlemek hem-de resminamalary taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler we iri jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk barada maglumat berildi.

Şeýle hem Mejlisiň deputatlarynyň döwletimiziň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň, döwletiň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak boýunça geçirilýän işleriň, kabul edilýän möhüm çözgütleriň many-mazmunyny, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini ilata düşündirmek maksady bilen, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli çykyş edýändikleri barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işlerini netijeli dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli geçiriljek «Senagat-innowasiýa modeli — ýurdumyzyň esasy strategik ugry» atly ylmy-amaly maslahata taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

21-nji sentýabrda geçirilmegi meýilleşdirilýän bu forumy Maliýe we ykdysadyýet ministrligi gurar. Oňa degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, bank ulgamynyň, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşarlar. Maslahatyň esasy meseleleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşine gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, maliýe-salgyt, pul-karz syýasaty, zähmet gatnaşyklary, maýa goýumlar, sanly ykdysadyýeti ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan çäreler, durnukly ösüşi üpjün etmekde innowasiýalaryň ähmiýeti hem-de beýleki ugurlar bilen baglanyşykly bolar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, täze taryhy eýýamda amala aşyrylýan ykdysady strategiýanyň ýurdumyzyň ähli pudaklaryny düýpli döwrebaplaşdyrmaga, senagat taýdan ösüşe, sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga we halkymyzyň abadançylygyny yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow özgertmeleriň anyk netijeleri berip, milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmäge, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmäge, şol sanda ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna işjeň goşulyşmagyna mümkinçilik berýändigini belläp, Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli geçiriljek ylmy-amaly maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi wise-premýere tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän ulgamlarynda, hususan-da, «Türkmengaz» döwlet konserniniň kärhanalarynda amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň içerki sarp edijileri tarapyndan tebigy gazyň rejeli peýdalanylmagyny gazanmak, konserniň kärhanalaryny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, olara dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda degişli işler amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baý uglewodorod serişdelerini netijeli we rejeli ulanmagyň Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmek, senagat pudagynyň okgunly ösüşini gazanmak hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak üçin amatly şertleri döretmekde gaz pudagynyň möhüm orun eýeleýändigini belläp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişi dowam edýär, möwsümi bellenen möhletlerde geçirmek ugrunda degişli guramaçylyk işleri amala aşyrylýar. Mundan başga-da, kärendeçileri ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek, ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny, bugdaý ekijileri netijeli ulanmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Bugdaý ekişi geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Şunuň bilen birlikde, pagta ýygymyny gysga möhletde tamamlamak boýunça guramaçylyk işleri ýaýbaňlandyryldy. Ýetişdirilen hasyly pagta ýygýan kombaýnlaryň kömegi bilen ýygnap almak üçin gowaçalaryň ýapragyny düşürmek işleri dowam edýär. «Ak altyny» bökdençsiz kabul etmek we oba hojalyk tehnikalaryny netijeli peýdalanmak, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary geçirmek ugrunda zerur çäreler görülýär.

Halkymyzy gök we bakja önümleri bilen doly üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzyň welaýatlarynda güýzlük ýeralma, gök we beýleki azyklyk ekinler ekilen meýdanlarda ideg işleriniň alnyp barylýandygy barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, suw serişdelerini rejeli we netijeli peýdalanmak, ekerançylyk ýerlerini suw bilen üpjün etmek, ýurdumyzyň sebitlerinde suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak işleri dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişini bellenilen agrotehniki möhletlerde tamamlamak, pagta ýygymy möwsümini üstünlikli geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri, kärendeçi pagtaçylar bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz güýzlük ýeralma we beýleki oba hojalyk ekinleri ekilen meýdanlarda geçirilýän ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylmalydygyny belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow himiýa senagatyny ösdürmek we öndürilýän önümleriň önümçiligini giňeltmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistany senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge hem-de senagat ulgamyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge gönükdirilen syýasatynyň netijesinde, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly täze himiýa kärhanalary gurulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň himiýa senagatyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, himiýa önümleriniň öndürilýän möçberini we görnüşlerini artdyrmak boýunça görülýän çäreleriň ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere baý ýerli serişdeleriň esasynda uly islegden peýdalanýan önümleri öndürmäge ýöriteleşdirilen täze önümçilikleri döretmek bilen baglanyşykly meseleleri gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisini guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Sergide hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan özgertmeler, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça gazanylan üstünlikler öz beýanyny tapar. Şeýle hem serginiň çäklerinde Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan ösüşlere, ýetilen sepgitlere bagyşlanan dürli çäreler meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, täze önümleriň, maýa goýum taslamalarynyň, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny ösdürmegiň geljegi uly maksatnamalarynyň tanyşdyrylyş dabaralaryny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlarynda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny, pudaklarda giň gerimli işleriň geçirilendigini we uly üstünlikleriň gazanylandygyny belledi. Häzirki wagtda Türkmenistan ýokary tehnologiýalara we innowasiýalara daýanýan, okgunly ösýän döwlet hökmünde uly abraýa eýe bolýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Sergi ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, içerki we daşarky bazarlarda önümleri hem-de hyzmatlary ilerletmäge ýardam edýän toplumlaýyn çärä öwrülmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we wise-premýere bu giň gerimli gözden geçirilişiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Arkadag şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda «Arkadagyň säheri» atly kinofestiwaly geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň amala aşyrýan döredijilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzda kinematografiýa işiniň kämilleşdirilmegi, täze filmleriň döredilmegi we köpçülige görkezilmegi, bu ugurda dürli çäreleriň guralmagy, Türkmenistanyň wekilleriniň halkara kinofestiwallara gatnaşmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Şu ýylyň 14-15-nji oktýabrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän kinofestiwalyň esasy maksady ýaş zehinleri ýüze çykarmakdan, türkmen kino sungatyny ösdürmekden, ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekden, dünýä jemgyýetçiligini sanly ulgamyň mümkinçilikleri we iň häzirki zaman tehnologiýalar ornaşdyrylan Arkadag şäheri bilen tanyşdyrmakdan, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şeýle forumlaryň geçirilmeginiň olara gatnaşýanlara öz ukyp-başarnyklaryny görkezmäge mümkinçilik berýändigini, ýaşlary sungat bilen meşgullanmaga höweslendirýändigini, hünär taýdan ösmek, tejribe alyşmak üçin mümkinçilikleri döredýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Arkadag şäherinde meýilleşdirilýän kinofestiwal Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we halklarynyň arasynda däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hyzmat eder, sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň baýlaşdyrylmagyna ýardam eder. Döwlet Baştutanymyz şular barada aýtmak bilen, kinofestiwala ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergini we ylmy maslahaty hem-de beýleki möhüm ähmiýetli çäreleri geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Şeýle hem Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp, 8-9-njy oktýabrda tutuş ýurdumyzda «Türkmenistan — bagtyýar, sagdyn we ruhubelent ýaşlaryň ýurdy» atly şygar bilen bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çärelerini guramak meýilleşdirilýär. 10 — 12-nji oktýabrda Söwda-senagat edarasynda milli saglygy goraýyş, bilim, ylym we sport ulgamlarynda gazanylanlara bagyşlanan halkara sergi we ylmy maslahat guralar. Her ýyl geçirilýän sergä derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri, lukmançylyk hem-de sport enjamlaryny, bilim tehnologiýalaryny öndürýän daşary ýurt kompaniýalary çagyrylar. Utgaşykly görnüşde geçiriljek ylmy maslahata türkmen alymlary we lukmanlary, olaryň daşary ýurtly kärdeşleri gatnaşarlar.

Şeýle hem Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen «Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar» atly halkara bäsleşigiň jemlerini jemlemek göz öňünde tutulýar. Sanly ulgam arkaly iki tapgyrda geçirilen halkara bäsleşige ýurdumyzdan we dünýäniň birnäçe ýurtlaryndan ýaş alymlaryň dürli ugurlara degişli ylmy-barlag işleri hem-de taslamalary gelip gowuşdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkara sergileri we maslahatlary yzygiderli geçirmegiň wajypdygyny belledi. Bu çäreler dünýä jemgyýetçiligini möhüm durmuş ulgamlarynda gazanylýan üstünlikler barada tanyşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, özara gyzyklanma bildirilýän halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we tejribe alyşmaga hem ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmagy üçin görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlyk oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döwletimiziň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 5-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasy açyldy. Mejlisiň çäklerinde 19 — 26-njy sentýabr aralygynda ýokary derejeli çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň 17 — 20-nji sentýabr aralygynda Nýu-Ýork şäherine amala aşyrjak iş saparyna taýýarlyk görülýär.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň işine, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «С5+1» görnüşdäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň birinji duşuşygyna gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini, şol sanda BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirer.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen gatnaşyklarynyň strategik häsiýetini belläp, ýurdumyzyň geljekde-de dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, ählumumy durnukly ösüş üçin şertleri üpjün etmek maksady bilen, BMG-niň çäklerinde oňyn halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam bermäge taýýardygyny nygtady. Türkmenistan sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň deňagramly hem-de özara kabul ederlikli çözgütlerini işläp taýýarlamaga yzygiderli gatnaşmak bilen, anyk başlangyçlary öňe sürýär, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygy barha berkidýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryna geljegi nazarlaýan garaýyşlarymyzy, umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän oňyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini açyp görkezýän Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlaryny dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek boýunça yzygiderli işleri geçirmegiň möhümdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şular barada aýtmak bilen, ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýork şäherine iş saparyna taýýarlygynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi wise-premýere tabşyrdy. Şol sessiýada Türkmenistanyň netijeli halkara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berjek täze, oňyn başlangyçlary beýan ediler.

Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew demir ýol düzümini mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde, Ahal welaýatynyň Kaka we Bäherden etraplarynda hem-de Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde degişli demir ýol menzillerinde döwrebap binalary gurmak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň demir ýol ulgamyny ösdürmegiň häzirki döwürde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz pudaklaýyn düzümi döwrebaplaşdyrmagyň, täze desgalaryň gurluşygynda iň täze tehnologiýalary ulanmagyň wajypdygyny nygtap, agentligiň ýolbaşçysyna bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi


Yza

Şeýle hem okaň