Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

17-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Şundan ugur alyp, Gahryman Arkadagymyz bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň işlenip taýýarlanylan taslamalary hem-de gurluşygyna başlanan binalardaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy we gurluşykda ulanylýan serişdeleriň görnüşlerini, şäheriň ekologik ýagdaýyny has-da sagdynlaşdyrmakda ähmiýetli hasaplanýan usullaryň ulanylyşyny synlady.

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan we yzygiderli tagallasyndan binýat bolan täze şäherde önümçilik toplumlarynyň gurluşygyna badalga berildi we bu işler batly depginlerde dowam etdirilýär. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyk işleriniň netijeliligi we köptaraply häsiýeti Arkadag şäheriniň sazlaşykly ösüşinde öz beýanyny tapýar.

Ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy täze, häzirki zaman şähergurluşyk taslamasynyň durmuşa geçirilýän ýerine geldi. Bu ýerde hajy Arkadagymyz täze şäheriň çäginde gurulýan metjidiň bezeg işlerinde ulanylmagy meýilleşdirilýän bezeg serişdeleriniň görnüşlerini synlady.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow alnyp barylýan gurluşyk işleri, metjidiň we onuň ýanynda bina ediljek muzeýiň içki we daşky bezeginde ulanylmagy meýilleşdirilýän serişdeleriň görnüşleri barada hasabat berdi. Bu ýerde gurluşygyň bezeg işlerinde ulanyljak dürli görnüşli örtük daşlarynyň aýratynlyklary, olarda yşyk we Gün şöhlesi düşende emele gelýän öwüşginler hem-de muzeýde goýuljak gymmatlyklaryň görnüşleri barada maglumat berildi. Munuň özi degişli binalaryň bezeg işlerinde häzirki zaman serişdeleriniň ulanylýandygyny görkezýär.

Şeýle hem ol binalaryň otaglarynda goýulýan bezeg gülleri, olaryň görnüşleri, güllere ideg etmegiň täzeçil usullary barada aýtdy. Soňra D.Orazow şäheriň çäginde ekilýän baglara ideg etmekde Täjigistan Respublikasyna guralan sapar mahalynda özleşdirilen tejribäni ulanmak, bag nahallarynyň köküni epgekli ýellerden goramagyň we onda çyglylygy saklamagyň täzeçil usullary barada giňişleýin maglumat berdi.

Hajy Arkadagymyz görkezilen bezeg serişdelerini synlap, gurluşyklarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we desgalaryň bellenilen möhletlerde ulanmaga tabşyrylmagynyň, hemişe bolşy ýaly, möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. Aýratyn-da, Arkadag şäheriniň täze metjidiniň hem-de muzeýiň bezeg işlerine milli ýörelgeler esasynda çemeleşilmelidir. Bu işler halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän däp-dessurlaryna we ruhy ýörelgelerine kybap gelmelidir. Munuň özi taslama taýýarlaýjylara, gurluşykçylara bildirilýän üýtgewsiz talapdyr diýip, hajy Arkadagymyz belledi we bu ýörelgäni netijeli dowam etdirmelidigine ünsi çekdi.

Milli Liderimiz bag nahallaryna ideg etmegiň täzeçil usullarynyň özleşdirilmeginiň daşary ýurtlara sapara gidýän wekiliýet agzalary üçin netijeli häsiýete eýe bolýandygyny kanagatlanma bilen belläp, bu işleri mundan beýläk-de milli ýörelgeler we ylmy esasda ösdürmelidigini belledi. Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde döwrebap binagärlik çözgüdiň aýdyň netijesi bolan täze şäheriň kemala gelmegi ýurdumyzyň ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýandygynyň, durmuşymyzyň her bir pursadynyň uly rowaçlyklara beslenýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda Arkadag şäheriniň desgalarynyň gurluşygynda täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň işjeň ulanylýandygy, şunda okuwlaryny önümçilik bilen utgaşykly alyp barýan talyp ýaşlaryň eden işleri, olaryň daşary ýurtlarda saparda bolup, zerur tejribeleri toplandygy barada hasabat berildi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiziň üstünlikli dowam etdirýän ýaşlar baradaky syýasatynyň oňyn netije berýändiginiň nobatdaky beýanydyr.

Hormatly Arkadagymyz gurluşyk işlerinde merkeziň ekologik ýagdaýyna möhüm ähmiýet berilmelidigini belläp, şunda degişli talaplaryň berk berjaý edilmelidigini, binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmalydygyny aýtdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu baradaky gürrüňi dowam edip, merkezde «akylly» şäher konsepsiýasyndan ugur alynmalydygyna ünsi çekdi. Bu konsepsiýanyň esasy ugry bina edilýän desgalaryň gurluşygynda ekologik taýdan arassa serişdeleriň ulanylmagyndan we ýokary ekologik derejäni üpjün etmekden ybaratdyr. Merkeziň çäklerinde ýerine ýetirilýän ähli işlerde şu ýörelgelerden ugur alynmagy esasy talap bolup durýar.

Gahryman Arkadagymyz alnyp barylýan işleriň taryhy ähmiýete eýedigini belläp, bu ýerde häzirki zamanyň ekologik talaplarynyň berk berjaý edilmelidigini aýtdy hem-de ekilen bag nahallaryna ideg etmegiň öňdebaryjy tejribeleriniň we täzeçil usullarynyň ulanylmagyna jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy. Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde ýerleşýän täze şäherde amatly howa gurşawynyň saklanmagy möhüm wezipe hökmünde kesgitlenildi.

Soňra bu ýerde hormatly Arkadagymyzyň garamagyna merkeziň çäginde gurluşygy alnyp barylýan we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary hem-de olaryň ýerleşdiriljek ýerleriniň çyzgylary görkezildi. Şeýle-de ýurdumyzyň Futbol federasiýasynyň merkezi binasynyň taslamasy we onuň özboluşly aýratynlygy barada hasabat berildi.

Gahryman Arkadagymyz görkezilen taslamalary synlap, bu binanyň gurluşygynda we bezeg işlerinde sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanyň sport ulgamynda ýeten derejesiniň öz beýanyny tapmalydygyny belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri täze toplumyň binagärlik çözgüdini oňlap, gurluşyk işleriniň ýokary derejede amala aşyrylmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Üç gatdan ybarat boljak binada bu ugra degişli halkara we sebitara derejedäki maslahatlary, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklary geçirmek üçin ähli zerur şertler üpjün edilmelidir. Binada daşary ýurtlardan gelýän myhmanlaryň we ýerli hünärmenleriň netijeli işläp bilmekleri, çaý başynda gysga wagtlyk söhbetdeşlikleri gurap bilmekleri, oňaýly dynç almaklary bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Arkadag şäheriniň çäklerinde meýilleşdirilen we alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesini üpjün etmek, olary bellenilen möhletlerde tamamlamak bilen baglanyşykly meseleleriň wajypdygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz şähergurluşyk maksatnamasy ýerine ýetirilende, häzirki zamanyň ösen tejribesinden we täzeçil usullardan peýdalanmagyň wajypdygyny, şunda milli binagärlik ýörelgeleriniň işjeň ulanylmalydygyny aýtdy. Milli Liderimiz desgalaryň gurluşygynda täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň netijeli ulanylmalydygyna ünsi çekip, gurluşyk işlerinde bu künjegiň tebigy aýratynlyklarynyň we ekologik ýagdaýynyň nazara alynmalydygyny belledi. Şunda degişli talaplaryň berk berjaý edilmegi, binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidir.

Şeýle hem bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň garamagyna Arkadag şäheriniň çagalar seýilgähiniň taslamasy görkezildi. Munuň özi täze şäherde ösüp gelýän ýaş nesilleriň boş wagtlaryny gyzykly hem-de peýdaly geçirmekleri, umuman, çagalaryň sazlaşykly ösüşi ugrunda döwlet derejesinde yzygiderli alada edilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

Hormatly Arkadagymyz görkezilen taslamalary, çagalar seýilgähinde ýerleşdiriljek şekilleriň we heýkeljikleriň görnüşlerini synlap, olaryň her biriniň özboluşly aýratynlyklarynyň bolmalydygyny, çagalarda ýakymly duýgulary oýarmalydygyny belledi. Şol bir wagtyň özünde, seýilgähiň çäginde ýerleşdiriljek güýmenje toplumlarynyň sanly ulgam bilen enjamlaşdyrylmagy, hereket edýän elektron oýnawaçlaryň bolmagy çagalarda ýakymly täsirleri galdyrar we toplumyň özüne çekijiligini artdyrar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki zamanyň ösen tejribesinden ugur alynmagy, çagalaryň söýgüli ertekileriniň gahrymanlaryna möhüm orun berilmegi esasy talap bolmalydyr.

Gahryman Arkadagymyz çagalar seýilgähiniň merkezi girelgesiniň bezeg aýratynlyklaryna ünsi çekip, onuň çagalaryň türkmen halkynyň ertekileriniň gahrymanlarynyň şekilinde gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Hususan-da, merkezi girelge çagalar üçin söýgüli gahrymana öwrülen Böwenjigiň şekilinde bolsa, onuň ýylgyryp duran keşbi ýaş nesillerde şatlyk duýgusyny döreder.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda Arkadag şäherinde alnyp barylýan işleriň, gurulýan durmuş maksatly desgalaryň baş maksadynyň halkymyz, aýratyn-da, ösüp gelýän ýaş nesiller üçin amatly dynç alyş şertlerini döretmekden ybaratdygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz bu işleriň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary baş ýörelge edinýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryna kybap gelmelidigini aýtdy. Munuň özi bagtyýar çagalygyň ýurdy hökmünde dünýä derejesinde ykrar edilen Türkmenistanda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň adam hakdaky aladany esasy ugur edinýändiginiň nobatdaky beýanydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow öňde goýlan wezipeleri degişli derejede ýerine ýetirmekde hemmelere uly üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi


Yza

Şeýle hem okaň