19 Sentýabr 2023
44
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň
78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün BMG-niň Baş sekretary
Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.
Nýu-Ýork wagty bilen günüň ikinji ýarymynda döwlet
Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Sekretariatynyň binasyna geldi. Bu ýerde belent mertebeli myhmany BMG-niň Baş sekretary
mähirli garşylady.
BMG-niň Baş
sekretary Antoniu Guterriş hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa
ählumumy foruma gatnaşýandygy üçin hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň Milletler
Bileleşigi bilen hyzmatdaşlykda işjeň orun eýeleýändigini belledi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretaryny mübärekläp, ony Baş
Assambleýanyň 78-nji mejlisiniň üstünlikli başlanmagy bilen gutlady we bu
mejlisiň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak işine hem-de
dünýäde durnukly ösüşi ilerletmäge möhüm goşant goşjakdygyna ynam bildirdi,
şeýle hem döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, Sekretariatyň ähli
işgärlerine bilelikde işlemek üçin döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk
bildirdi.
Ikitaraplaýyn
hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada gyzyklanma bildirilip geçirilen
pikir alyşmalaryň barşynda Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerinden ugur
almak bilen, sebitiň we tutuş dünýäniň halklarynyň abadançylygyny üpjün etmäge
gönükdirilen daşary syýasy ugry amala aşyrylýandygy nygtaldy.
Bellenilişi
ýaly, ýurdumyz halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna hem-de Birleşen
Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň ýörelgelerine berk eýerýär. BMG halkara
gatnaşyklarynda hem-de ählumumy wehimler bilen şertlendirilen wezipeleri
çözmekde esasy utgaşdyryjy gurama hökmünde çykyş etmelidir. Şunuň bilen
baglylykda, BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlyk Türkmenistan üçin strategik ugur
bolup durýar. Ýurdumyz dünýä bileleşiginiň Birleşen Milletler Guramasynyň
howandarlygynda amala aşyrylýan hem-de parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly
ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldaýar.
Şunuň bilen
baglylykda, Türkmenistanyň BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen
köpýyllyk gatnaşyklarynyň netijeli häsiýeti nygtaldy. Bu netijeli hyzmatdaşlyk
türkmen tarapynyň öňe sürýän sebit we umumy dünýä häsiýetli netijeli başlangyçlaryny
durmuşa geçirmekde, dürli ulgamlarda iri taslamalary we maksatnamalary
bilelikde amala aşyrmakda öz beýanyny tapýar.
Çeşme: Türkmenistanyň
Döwlet habarlar agentligi