BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti bilen Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçysynyň arasynda gepleşikler geçirildi

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 18-nji sentýabrda Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyz Ýewropa Bileleşigi bilen dostlukly gatnaşyklary hem-de netijeli dialogy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýär. Şol dialog bolsa ýylsaýyn giňelip, gatnaşyklaryň täze ugurlaryny öz içine alýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bu halkara düzümi bilen ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem “Ýewropa Bileleşigi—Merkezi Aziýa” Dialogynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigi nygtaldy.

Ýewropa Bileleşigi ýurdumyzyň mundan beýläk-de ykdysady we durmuş taýdan ösdürilmeginiň ileri tutulýan wezipelerini çözmäge gönükdirilen, şol sanda kanunçylyk, bilim, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary, oba we suw hojalygy, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi ulgamlarynda ýöriteleşdirilen taslamalaryň we maksatnamalaryň ençemesini durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşy bolup gelýär.

Şunuň bilen birlikde, häzirki wagtda Ýewropanyň esasy kompaniýalarynyň türkmen ykdysadyýetiniň köp pudaklarynda – nebitgaz toplumynda, ulag, elektrik energetikasy, gurluşyk, aragatnaşyk we kommunikasiýalar ulgamlarynda işleýärler.

Söhbetdeşligiň barşynda gatnaşyklaryň esasy ugurlary we bar bolan köpugurly mümkinçilikler babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi


Yza

Şeýle hem okaň