19-njy sentýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy
D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň parlamentiniň wekiliýeti Seulda
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň
“Geljege gönükdirilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek” atly ilkinji
Maslahata gatnaşdy.
Şeýle hem duşuşyga, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz
Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we
Koreýa Respublikasynyň parlamentleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy öz çykyşynda “Merkezi
Aziýa - Koreýa Respublikasy” atly parlamentara forumyny döretmek başlangyjynyň
ilkinji gezek 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim
Jin Phýonyň çakylygy boýunça Koreýa Respublikasyna resmi saparynyň dowamynda
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlendigini belledi. Bu
nukdaýnazardan, häzirki parlament ýolbaşçylarynyň forumynyň Merkezi Aziýa
döwletleri bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda parlament diplomatiýasynyň
ösmegine itergi berjekdigi nygtaldy.
Türkmenistanyň deňhukuklylyk, uzak möhletleýin we özara
bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda durmuşa geçirilýän Koreýa
Respublikasy bilen gatnaşyklara uly ähmiýet berýilýändigi bellendi. Şol bir
wagtyň özünde, dürli derejelerdäki yzygiderli duşuşyklar we gepleşikler
taraplaryň netijeli gatnaşyklaryny has-da güýçlendirmäge ygrarlydyklaryny tassyklaýar.
Duşuşygyň esasy sessiýasy Koreýa Respublikasy bilen
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky sebit hyzmatdaşlygynyň ýakyn geljekdäki
ileri tutulýan ugurlaryna bagyşlandy. Meseleleri ara alyp maslahatlaşmak iki sany ýörite
sessiýalaryň çäklerinde dowam etdi.
Foruma
gatnaşyjylar Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky
hyzmatdaşlygyň häzirki görnüşiniň döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary
güýçlendirmek üçin amatly pursatdygyny beýan etdiler we hyzmatdaşlygy mundan
beýläk-de ösdürmek we giňeltmek üçin parlamentara alyş-çalyşlaryň ähmiýetini
tassykladylar.
Mejlisiň
çäklerinde taraplar esasan Merkezi Aziýa we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky
ykdysady hyzmatdaşlyk, şeýle hem sanly özgerişler pudagyndaky özara gatnaşyklar
bilen baglanyşykly hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Energetika, infrastruktura, suw çeşmelerini netijeli
dolandyrmak, senagat diwersifikasiýasy, maliýe, bilim, saglygy goraýyş we
syýahatçylyk ugurlary sebitleýin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde
kesgitlenildi.
Forumyň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul
edildi, oňa laýyklykda taraplar 2024-nji ýylda Aşgabatda Merkezi Aziýa we
Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji mejlisini geçirmek
barada ylalaşyk gazandylar.
Forumyň çäginde koreý tarapy Merkezi Aziýa we Koreýa
Respublikasynyň halklaryny birleşdirýän taryhy we medeni ýadygärliklere
bagyşlanan fotosuratlaryň sergisini gurnady.
Şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynda we Koreýa
Respublikasynda däp bolan çaý içmek dabarasy guraldy. Wekiliýetiň ýolbaşçylary
sergi bilen tanyşanlarynda, , “Saglyk çaýlary” tebigy ösümlik çaýynyň dürli
görnüşleriniň, adaty türkmen gök çaýynyň, milli süýjülikleriniň, pişme, külçe,
gawun kaky, çelpek, gatlama, şeýle hem türkmen önümçiliginiň her dürli
süýjüleri, guradylan miweler, un we süýt önümlerini hödürleýän türkmen
pawilionyna aýratyn gyzyklanma bildirdiler.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi