Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk şanly toýy giňden bellenilip
geçiljek 2024-nji ýylda dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan watandaşlarymyzy
türkmeniň döwletli däplerini dowam etdirip, bir supranyň başynda jemlenip,
döwletimiziň Bitaraplyk syýasatyny, parahatçylyk, dostluk, hoşniýetli
goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrmak, halkymyzyň maddy we
ruhy mirasyny öwrenmek, ýurdumyzyň beýik ösüşlerini dünýä ýaýmak hem-de beýleki
ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen,
1. Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer
birleşiginiň ХХV maslahatyny 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabat şäherinde
çagyrmaly.
2. Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer
birleşigi, onuň ХХV maslahatyna gatnaşmak üçin, Türkmenistanyň kanunçylygyna
laýyklykda daşary ýurtly wekilleri çagyrmak, degişli resminamalary taýýarlamak,
maslahaty geçirmek bilen bagly beýleki guramaçylyk-taýýarlyk işleriniň ýokary
derejesini üpjün etmeli.
3. Şu Kararyň ýerine ýetirilişine
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary
R.Bazarow gözegçilik etmeli.
Çeşme: Türkmenistanyň
Döwlet habarlar agentligi