Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili
(adalatçy) Ýazdursun Gurbannazarowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň
Hindistan Respublikasyna iş sapary başlandy.
BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky
wekilhanasynyň goldamagynda geçirilýän saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti
Adam hukuklary hakyndaky Ählumumy jarnamanyň 75 ýyllygyna we milli adam
hukuklary edaralaryň we Pariž ýörelgeleriniň 30 ýyllygyna bagyşlanan
Aziýa-Ýuwaş umman milli adam hukuklary edaralarynyň forumynyň umumy ýygnaga we maslahatyna
gatnaşýar. Bu ýerde Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili
biziň ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda adam hukuklaryny
we azatlyklaryny goramakda toplanan tejribe hakynda, şol sanda APF bilen
bilelikde amala aşyrylan işler barada çykyş eder.
Iş sapary hakyndaky habar Türkmenistanyň adam hukuklary
boýunça ygtyýarly wekiliniň resmi saýtynda ýerleşdirildi.
Çeşme: Adalatçynyň
resmi saýty