Türkmenistanyň Prezidenti 1300-den gowrak adama raýatlyk bermek baradaky Permana gol çekdi

 22-nji sentýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow geçirdi. Onuň barşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy, käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek we ýurdumyzda ýaşamak üçin ygtyýarnamalary bermek hakynda hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ynsanperwer ugur ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, milli kanunçylygymyz we halkara kadalar esasynda ýurdumyzda ýaşaýan ähli adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny, bähbitlerini goramak we kepillendirmek üçin uly işler geçirilýär. Şunda BMG hem-de beýleki halkara guramalar bilen bilelikde bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny ýokary derejede üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan degişli çäreleriň geçirilýändigi nygtaldy.

Şeýlelikde, ençeme ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlary bilen, ýurdumyzda ýaşaýan we şol bir wagtyň özünde hiç bir döwletiň raýaty bolmadyk 29 müň 697 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Häzirki wagta çenli 4 müň 753 daşary ýurt raýatyna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi. Bu ynsanperwer häsiýetli çözgütler dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde Türkmenistanyň köptaraplaýyn halkara resminamalary, hususan-da, BMG-niň Bosgunlaryň statusy hakynda, Apatridleriň statusy hakynda we Raýatsyzlygy azaltmak hakynda Konwensiýalaryny doly we üstünlikli berjaý edýändigini aýdyňlyk bilen görkezýär.

Bellenilişi ýaly, Daşary işler ministrligi we ýurdumyzyň ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan Türkmenistanyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan we döwletimiziň raýatlygyna kabul edilmegi baradaky şahsy ýüztutmalary hasaba alnan 1 müň 301 adamyň Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilmegi boýunça degişli işler geçirildi. Raýatlygy almak üçin hödürlenýän adamlar 32 milletiň wekilleri bolup durýar. Türkmenistana gelen daşary ýurt raýatlaryna ýurdumyzda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi baradaky şahsy ýüztutmalary hasaba alnan 265 adamyň ýurdumyzda ýaşamagy üçin ygtyýarnamanyň berilmegi boýunça degişli işler geçirildi. Olar dünýäniň 13 döwletiniň raýatlary we 25 milletiň wekilleri bolup durýarlar.

Şundan ugur alnyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli ýokarda görkezilen raýatlygy bolmadyk adamlary Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek, şeýle hem ýurdumyzda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi bilen bagly degişli resminamalara gol çekilmegi baradaky mesele hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, mejlise gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda 1 müň 301 adamy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda Permana hem-de 265 adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama bermek hakynda Karara gol çekdi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi


Yza

Şeýle hem okaň