Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi

24-nji sentýabrda paýtagtymyzda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Döwletimiziň durmuşynda taryhy ähmiýetli waka öwrülen umumymilli forumyň gün tertibine ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleri amala aşyrmagyň ileri tutulýan wezipeleri girizildi.
Häzirki döwürde Halk Maslahaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda hereket edýän halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolmak bilen, döwürleriň aýrylmaz baglanyşygyny hem-de nesilleriň dowamatlylygyny, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň gadymdan gelýän demokratik ýörelgelere, saýlap alan döredijilikli ýoluna ygrarlydygyny alamatlandyrýar.
...Maslahat köşgünde aýratyn dabaraly we ruhubelentlik ýagdaýy emele geldi. Bu ýere ýurdumyzyň ähli künjeginden wekiller ýygnandylar. Mejlise gatnaşýanlar Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri zalyň sahnasyna geçýär we foruma gatnaşyjylary mähirli mübärekleýär. Munuň özi türkmen jemgyýetinde demokratik ýörelgeleriň barha uly ähmiýete eýe bolýandygynyň we rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Gahryman Arkadagymyz ýygnananlara we ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, ata-babalarymyzyň döwletlilik däplerinden ugur alyp, şu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda, Garaşsyz hem Bitarap Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilýändigini belledi.
Bu taryhy mejlise Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine girýän döwlet häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalary, hormatly ýaşulular, ýurdumyzyň ähli sebitlerine wekilçilik edýän jemgyýetçilik wekilleri, beýleki çagyrylan adamlar gatnaşýarlar.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk bu biziň göterilen ykbalymyzdyr! Garaşsyzlyk Magtymguly atamyzyň arzuwlan zamanasydyr, berkarar döwletli we bagtyýar ýaşaýşymyzdyr! Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmek bilen, geçilen taryhy menzillere ser salmak, geljekde öňde duran wezipeleri anyk kesgitläp, Garaşsyz döwletimiziň gazananlaryny berkitmek esasy wezipämizdir. Ösüşlerimiziň binýadyny berk tutmak, döwletimiziň geljegi bolan ýaşlary ak ýollara ugrukdyrmak baş maksadymyzdyr.
Dabaraly pursat gelip ýetýär: Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisini açyk diýip yglan edýär. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Umumymilli foruma gatnaşyjylaryň ählisi oňa öz seslerini goşýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Halk Maslahatynyň mejlisiniň prezidiumynyň saýlanan agzalaryny öz ýerlerine geçmäge çagyrýar.
Gahryman Arkadagymyz ýygnananlary we ýurdumyzyň ähli halkyny ýetip gelýän şanly baýram bilen tüýs ýürekden gutlady we hemmelere berk jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk arzuw edip, umumymilli foruma gatnaşýanlaryň onuň gün tertibi bilen tanyşmaga mümkinçilik alandyklaryny belledi hem-de ara alyp maslahatlaşmaga girizilen meseleler we resminamalar boýunça tekliplerdir bellikleriň bardygy ýa-da ýokdugy bilen gyzyklandy.
Ýygnananlaryň biragyzdan goldamagynda we doly makullamagynda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň şu günki mejlisiniň gün tertibiniň tassyklanýandygyny yglan etdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisde maksatnamalaýyn çykyş etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň çykyşy uly üns berlip diňlenildi we dowamly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.
Soňra Gahryman Arkadagymyz mejlisiň gün tertibine hödürlenen meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga geçip, oňa gatnaşyjylara söz berdi.
Soňra gysga wagtlyk arakesme yglan edildi. Arakesmeden soňra, Halk Maslahatynyň mejlisi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda öz işini dowam etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanda ýerine ýetirilen işleri beýan etmek üçin döwlet Baştutanymyza söz berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýygnananlary mähirli mübärekläp, mejlise gatnaşyjylary we olaryň üsti bilen ýurdumyzyň ähli halkyny Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady we hemmelere berk jan saglyk, bagtyýar durmuş, eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlyk binýadyny has-da pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz mejlisde maksatnamalaýyn çykyş etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň ýerine ýetiren işleri baradaky çykyşyny tamamlandan soňra, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, edilen işler barada sowallaryň, çykyş etmäge isleg bildirýänleriň bardygy ýa-da ýokdugy barada gyzyklandy. Soňra isleg bildirenler söz berildi.
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ählihalk forumynyň wekilleriniň çykyşlaryny diňläp, beýan edilen teklipleri Mejlisiň deputatlarynyň garamagyna bermegiň zerurdygyny belledi.
Soňra arakesme yglan edildi. Onuň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de hormatly Prezidentimiz toý sadakasyna gatnaşdylar.
Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň rowaçlygy we Türkmenistanyň abadançylygy, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jan saglygy, ähli asylly işleriniň we başlangyçlarynyň üstünliklere beslenmegi dileg edilip, aýat-töwir okaldy.
Arakesme wagtynda Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty geçirildi. Onda Halk Maslahatynyň işiniň geçişi barada durlup geçilip, oňa gatnaşyjy wekilleriň çykyş etmeginde aýdylan teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, häzirki wagtda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan taryhy özgertmeleriň ähmiýeti nygtaldy. Döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent ady dakmak hakyndaky teklibe garamak esasy meseleleriň biri boldy. Şunda ýurdumyzy hemmetaraplaýyn okgunly ösdürmäge, türkmenistanlylaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň halkara giňişlikdäki abraýyny has-da artdyrmaga gönükdirilen öňdengörüjilikli döwlet syýasatyny durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hyzmatlary aýratyn bellenildi.
Nygtalyşy ýaly, Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylar tarapyndan döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy hakyndaky teklibiň biragyzdan goldanylmagy onuň ählihalk goldawyna eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Mejlisiň maslahatynda ara alyp maslahatlaşmalaryň netijesi boýunça degişli çözgüt kabul edildi.
Arakesme tamamlanandan soňra, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi.
Ol foruma gatnaşyjylary Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen karar bilen tanyşdyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri mejlisi dowam edip, hormatly Prezidentimize zähmetde öz gazanan üstünlikleri bilen tapawutlanan ýurdumyzyň raýatlaryny Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda resminamalara gol çekmegi baradaky haýyş bilen ýüzlendi.
Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda döwlet Baştutanymyz degişli resminama gol çekdi.
Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça ertir sylaglamak dabaralarynyň boljakdygyny aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Halk Maslahatynda, däp bolşy ýaly, ýaşuly nesliň wekilleri sylaglar bilen sylaglanylýar. Gahryman Arkadagymyz mejlise gatnaşyjylaryň adyndan Arkadagly Serdarymyza her welaýatdan we Aşgabat şäherinden “Hormatly il ýaşulusy” diýen ada we «Zenan kalby» ordenine mynasyp bolan adamlara sylaglary gowşurmak haýyşy bilen ýüzlendi.
Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaşulular geňeşiniň agzalary bilen bilelikde umumymilli foruma gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent ada mynasyp bolan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa döwlet sylagyny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow watandaşlarymyza minnetdarlyk sözleri bilen ýüzlenip, bu ýokary sylagyň mähriban halkymyzyň bähbitleri üçin mundan beýläk-de yhlas bilen, gujur-gaýratyny gaýgyrman zähmet çekmäge borçly edýändigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow özüne berlen ýokary baha we Türkmenistanyň Gahrymany diýen adyň dakylandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, bu sylagyň halkymyzyň özüne bildiren uly ynamydygyny, bu belent ynamy ödemek üçin mundan beýläk-de jan aýaman, yhlas bilen zähmet çekjekdigini belledi. Sözüniň ahyrynda döwlet Baştutanymyz hemmeleri ýene-de bir gezek berkarar Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadagly Serdarymyzy Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy bilen gutlap, eziz halkymyzyň abadançylygy ugrunda alyp barýan asylly işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Gahryman Arkadagymyz mejlisi dowam edip, Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany, Russiýa Federasiýasynyň «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenkonyň häzirki wagtda älem giňişliginde öz uçuşyny ýerine ýetirýändigini belläp, onuň türkmen halkyna gutlagynyň göni ýaýlymda beýan ediljekdigini habar berdi.
Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany Oleg Kononenko Halkara kosmos stansiýasyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa, şeýle hem mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, hemmeleri umumymilli forumyň geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.
Mejlisiň dowamynda sylaglamak hakyndaky Permanlary okamak üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa söz berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Hormatly il ýaşulusy» diýen ada mynasyp bolan ýaşuly nesliň wekillerine hem-de «Zenan kalby» ordenine mynasyp bolan ildeşlerimize dürli ulgamlarda tutanýerli zähmeti, ýaşlary watançylyk we milletiň belent ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň ruhunda terbiýeländikleri üçin sylaglary gowşurdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri mejlise gatnaşyjylara jemleýji söz bilen ýüzlenip, şu gün Halk Maslahatynyň mejlisinde örän möhüm meseleleriň giňden ara alnyp maslahatlaşylandygyny hem-de geljekde Prezident Maksatnamasyna laýyklykda öňde durýan wezipeleriň kesgitlenendigini belledi we ählihalk forumyna işjeň gatnaşandygy üçin hemmelere minnetdarlyk bildirdi.
Gahryman Arkadagymyz öňümizde Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzy ösdürmek boýunça belent maksatlaryň goýlandygyny nygtap, olaryň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ähli halkymyz bilen bilelikde üstünlikli amala aşyryljakdygyna berk ynam bildirdi. Biz bu işlerde gujur-gaýratly, ukyp-başarnykly we bilimli hem synmaz erkli ýaşlarymyza daýanýarys. Türkmenistanyň Halk Maslahaty bolsa adamlary belent maksatlaryň daşynda birleşdirip, öňe alyp gitmekde uly güýç bolup çykyş eder diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.
Halk Maslahatynyň Başlygy mejlisiň jemini jemläp, mundan beýläk hem her bir raýatymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly sepgitlere ýetmek üçin etmeli işleriň köpdügini belläp, bilelikdäki tagallalar bilen bu möhüm wezipeleriň üstünlikli çözüljekdigine ynam bildirdi.
Gahryman Arkadagymyz hemmeleri şanly baýram — berkarar Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady we hemmelere iň gowy arzuwlaryny hem-de “Gahryman Serdarymyzyň ak ýoly bilen, öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýen ganatly sözlerini beýan etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýapyk diýip yglan etdi.

Çeşme:
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi


Yza

Şeýle hem okaň