Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşuryldy

25-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Döwlet migrasiýa gullugynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy boldy.

Ählihalk baýramyna — Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlyk gününe gabatlanan bu şanly waka ýurdumyzyň ýokary ynsanperwer däplere we adamkärçilik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygynyň nobatdaky aýdyň beýany boldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden maksatnamalaýyn çykyşynda nygtaýşy ýaly, Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramyny giňden belleýän Bitarap Türkmenistan ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Berkarar döwletimiziň ähli mümkinçilikleri öňde goýlan belent maksatlara ýetmegiň, ýurdumyzyň her bir raýatynyň, tutuş halkymyzyň bagtyýar we eşretli durmuşyny üpjün etmegiň anyk ugurlaryna gönükdirilýär.

22-nji sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Permanyna laýyklykda, ýurdumyzyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan hem-de 32 milletiň wekili bolup durýan 1 müň 301 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, 13 döwletiň raýatlary we 25 milletiň wekilleri bolup durýan adamlaryň 265-sine Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalar berildi.

Pasportlary gowşurmak dabarasynyň barşynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlar hormatly Prezidentimize raýatlygy bolmadyk adamlaryň meselelerini çözmäge, olaryň abadan durmuşy üçin ähli şertleri döretmäge berýän ägirt uly ünsi üçin hoşallyk sözlerini aýtdylar. Ýurdumyzyň migrasiýa ulgamynda, şol sanda raýatlygy bolmadyk adamlary hem-de migrantlary durmuş taýdan goramak we olara deň mümkinçilikleri bermek meselelerini çözmekde halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek babatda netijeli işleri alyp barýandygy nygtaldy. 2012-nji ýylyň martynda “Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edilip, ol döwlet durmuşynda bolup geçýän özgertmeleri hasaba almak bilen, yzygiderli goşmaçalar girizilip, kämilleşdirilýär.

Bellenilişi ýaly, ynsanperwer ugur ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, adam jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygydyr. Şunuň bilen baglylykda, milli kanunçylygymyz we halkara kadalar esasynda ýurdumyzda ýaşaýan ähli adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny, bähbitlerini goramak we kepillendirmek üçin uly işler durmuşa geçirilýär. Şunda BMG hem-de beýleki halkara guramalar bilen bilelikde bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan degişli çäreleriň durmuşa geçirilýändigi nygtaldy.

Şeýlelikde, ençeme ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlary bilen, ýurdumyzda ýaşaýan we şol bir wagtyň özünde hiç bir döwletiň raýaty bolmadyk 29 müň 697 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Häzirki wagta çenli 4 müň 753 daşary ýurt raýatyna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi.

Türkmenistan Halkara Migrasiýa Guramasynyň hemişelik agzasy hökmünde bu ugurda taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirip, dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryna uly goşant goşýar. Ýurdumyz BMG-niň esasy halkara hukuk resminamalaryna, şol sanda Bosgunlaryň statusy hakynda, Apatridleriň statusy hakynda, Raýatsyzlygy azaltmak hakynda Konwensiýalara goşulmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklap gelýär.

Şeýlelikde, şu günki waka ýurdumyzyň halkara hukugyň umumy kabul edilen kadalaryna, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňe sürýän sebit we dünýä derejesindäki ynsanperwer başlangyçlaryny ilerletmäge üýtgewsiz ygrarlydygyny ýene bir gezek tassyklady.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi


Yza

Şeýle hem okaň