Watanyň we halkyň öňünde bitirilen aýratyn hyzmatlar üçin döwlet sylaglary gowşuryldy

25-nji sentýabrda paýtagtymyzda Garaşsyz Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine, halkara abraýynyň belende göterilmegine uly şahsy goşant goşan halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň iň gowy işgärlerini, önümçiligiň öňdebaryjylaryny, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň düzümleýin guramalarynyň wekillerini, döredijilik işgärlerini, zähmet weteranlaryny sylaglamak dabarasy geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Permanlaryna laýyklykda, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, milli däp-dessurlarymyzy aýawly saklamakda we baýlaşdyrmakda köpýyllyk halal zähmeti, ýokary hünär ussatlyklary üçin ildeşlerimiziň birnäçesi “Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin” ordeni, “Gaýrat”, “Watana bolan söýgüsi üçin” medallary bilen sylaglanyp, hormatly atlara mynasyp boldular. Döwlet sylaglarynyň we hormatly atlaryň dabaraly gowşurylmagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tejribesini, bilimini hem-de ukyp-başarnygyny Watanymyza hyzmat etmäge bagyşlan öz işiniň ussatlaryna ýurdumyzda aýratyn hormat goýulýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Maksada okgunly, zehinli, öz borjuna wepaly, watansöýüji şahsyýetler ýaş nesiller üçin nusgalykdyr.

Halkymyzyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesilleri milli gymmatlyklara, däp-dessurlara, taryhy mirasa hormat goýmak, watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, edermenlik, mertlik ruhunda terbiýelemekde, bilim bermekde bitiren uly hyzmatlary üçin “Zenan kalby” ordenine mynasyp bolan zenanlaryň hem-de “Hormatly il ýaşulusy” diýen hormatly at dakylan ýaşuly nesliň wekilleriniň goşandy aýratyn bellenildi.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça dabaralara Mejlisiň wekilleri, Hökümet agzalary gatnaşdylar. Olar ýygnananlary ýetip gelýän beýik baýram — ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni bilen mähirli gutladylar hem-de bagtyýarlyk, rowaçlyk, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde täze sepgitleri, döredijilik üstünliklerini arzuw etdiler.

Çykyş edenler Garaşsyz Türkmenistany ýokary depginlerde ösdürmekde, kabul edilen milli we döwlet maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmakda, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda, Bitarap döwletimiziň dünýädäki abraýyny belende götermekde ýurdumyzyň her bir raýatynyň uly goşandynyň bardygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, Watanymyzyň ýokary sepgitlere ýetmegine önjeýli goşant goşýan watandaşlarymyz hormat-sylaga mynasyp bolýarlar. Halkymyzyň joşgunly we döredijilikli zähmeti netijesinde ýurdumyz gün-günden gülläp ösýär. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary astynda geçýän ýylda döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ägirt uly durmuş-ykdysady maksatnamalar, senagatlaşdyrmak, diwersifikasiýalaşdyrmak, ýurdumyzyň senagat kuwwatyny artdyrmak babatda iri taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän häzirki zaman kärhanalary, ulag-aragatnaşyk düzüminiň desgalary ulanmaga berilýär. Watanymyzyň sebitlerinde, hatda iň alys künjeklerinde hem halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň düýpli gowulanmagy ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygyna şaýatlyk edýär.

Çärä gatnaşyjylar mynasyp bolan sylaglaryny buýsanç duýgusy we tolgunma bilen kabul edip, çeken zähmetlerine ýokary baha berendigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Dabaralara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize iň gowy arzuwlaryny beýan edip, özleriniň ähli gujur-gaýratlaryny, ukyp-başarnyklaryny döwlet Baştutanymyz tarapyndan başy başlanan, halkymyzyň agzybirligini we jebisligini mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, ata Watanymyzyň rowaçlygyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmaga bagyşlajakdyklaryna ynandyrdylar.

Şeýle-de düýn  paýtagtymyzda Türkmenistanyň hormatly atlaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerini, edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda yglan edilen Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy hem geçirildi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi


Yza

Şeýle hem okaň