27-nji
sentýabrda agzybir türkmen halky Arkadag Serdarly bagtyýar
ýaşlar ýylynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şöhratly 32 ýyllygyny uly buýsanç
bilen belledi.
Asylly däbe görä, esasy baýramçylyk çäreleri häzirki we
geljek nesilleriň ýadynda müdimilik galjak taryhy wakanyň — Watanymyzyň
özygtyýarlylygynyň binagärlik nyşanyna — Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak
dabarasy bilen başlandy. Bu çärä hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
hem gatnaşdy.
Garaşsyzlyk güni ýurdumyzyň özygtyýarly ösüşindäki
şöhratly ýolunyň şu gezekki tapgyrynyň jemini jemleýän we täze meýilnamalary
düzýän sepgitdir. Watandaşlarymyz Garaşsyzlygyň 32 ýyllygyny baýram etmäge
mynasyp taýýarlandylar. Türkmen döwletiniň berkararlygynyň nobatdaky tapgyryny
dabaralandyrýan üstünlikler muňa şaýatlyk edýär. 24-nji sentýabrda Aşgabatda
geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi munuň aýdyň mysalydyr.
Foruma gatnaşan wekiller türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de
demokratiýalaşdyrmaga, durmuş-ykdysady özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmäge
hem-de halkymyzyň rowaçlygyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen wezipeleri
ara alyp maslahatlaşdylar. Döwlet Baştutanymyz forumda çykyş edip,
Türkmenistanyň ösüşiniň häzirki tapgyrynda ýetilen belent sepgitleriň
ähmiýetini we düýp many-mazmunyny belledi, ýurdumyzyň parahatçylygyň,
abadançylygyň ýoly bilen öňe gitmeginiň ugurlaryny kesgitledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Halk
Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda belleýşi ýaly, 1991-nji ýyldan bäri geçen
32 ýylyň dowamynda biziň demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň binýadyny
pugtalandyrmakda örän köp işler amala aşyryldy. Bu döwür möhüm wakalar we ägirt uly üstünlikler bilen
şöhratlandy. “Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň at-abraýyny belent
derejelere göteren türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başda durmagynda ata Watanymyz
ösüşiň we abadançylygyň aýdyň ýoly bilen täze belentliklere ýetdi” diýip,
Arkadagly Serdarymyz nygtady.
Hormatly
Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen
Gutlagynda bolsa: “Garaşsyzlyk ata Watanymyzyň berkararlygyny, şan-şöhratyny we
abraý-mertebesini dünýä ýaýýan beýik gymmatlygymyzdyr. Mundan 32 ýyl ozal
Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygy dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilip, şu
günki ösüşlerimiziň we üstünliklerimiziň binýady berkden tutuldy. Geçen
ýyllarda merdana halkymyzyň ägirt uly döredijilik hem-de gurujylyk güýji
netijesinde berkarar Watanymyz hemmetaraplaýyn ýokary depginde ösýän döwlete
öwrüldi. Gysga döwürde gazanylan syýasy we ykdysady ösüşler, medeni-durmuş
özgertmeleri raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrdy,
gurýan we özgerýän döwletimiziň güýç-kuwwatyny artdyryp, berkararlygyny
pugtalandyrdy” diýlip bellenilýär.
Düýn ir säher bilen Garaşsyzlyk binasynyň öňünde
ildeşlerimiz hem-de baýramçylyk çärelerine gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen
myhmanlar ýygnandylar. Pasyrdaýan baýdaklar, gül desseleri baýramçylygyň
dabarasyny has-da artdyrýar.
Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Hormatly
Prezidentimiz dabaraly ýagdaýda türkmen halkynyň täze taryhy eýýamynyň beýik
üstünlikleriniň nyşany bolan ýadygärlik toplumynyň öňünde gül dessesini goýdy.
Soňra döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, Mejlisiň
Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk
goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň
ýolbaşçylary, welaýatlaryň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň häkimleri,
jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýurdumyzdaky
diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary, talyp ýaşlar,
paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary we myhmanlary gül desselerini goýdular.
Dabaraly çäre tamamlanandan soňra, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşdy we
bu ýerden ugrady.
Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan baýramçylyk
dabaralary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde-de ýaýbaňlandyryldy.
Çeşme: Türkmenistanyň
Döwlet habarlar agentligi