Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny geçirdi

28-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Maslahat köşgünde Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyrjak saparynyň öňüsyrasynda iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň hususy düzümleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň başynda Gahryman Arkadagymyz iş maslahatyny açyp, oňa gatnaşyjylary eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň giňden we dabaraly bellenilýän 32 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrunda öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyryljak iş saparyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat bilen çykyş etdi.

Ilki bilen, wise-premýer Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen hemmeleri mähirli gutlady hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň baştutanlygynda ata Watanymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygyň 32 ýylynda belent sepgitlere, uly üstünliklere ýetendigini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň barha ýokarlanýandygyny, ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da artýandygyny belledi hem-de şeýle üstünlikleriň döwletiň içeri we daşary syýasatynyň rowaçlyklara beslenmeginiň netijesinde gazanylýandygyny nygtady.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan daşary syýasat strategiýasynda oňyn Bitaraplyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna uly orun berýär. Şu nukdaýnazardan, bu strategiýada Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary, şol sanda Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen gatnaşyklaryň ilerledilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Germaniýaly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklar uzak möhletleýin esasda ýola goýulýar. Ýokary tehnologiýalar, senagat, ulag we oba hojalyk ulgamlarynda özara bähbitli oňyn hyzmatdaşlyk alnyp barylýar diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Milli Liderimiziň Germaniýa iş saparynyň maksatnamasynda «Merkezi Aziýa — GFR» görnüşinde duşuşygyň geçirilmegi, iki ýurduň arasynda ýola goýlan diplomatik gatnaşyklaryň ösdürilmegi esasynda dürli ugurlar boýunça ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi babatda täze gözýetimleri açýan meseleleri ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.

Türkmenistan geçen ýyllaryň dowamynda Germaniýa bilen ýola goýlan döwletara gatnaşyklara ýokary baha berýär we ony ileri tutulýan ähli ugurlar boýunça ösdürmäge aýratyn gyzyklanma bildirýär diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Iş maslahatynyň dowamynda hyzmatdaşlygy dürli ugurlarda, aýratyn-da, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, telekeçilik we medeni-ynsanperwer ulgamlarda birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, özara ynanyşmak ýörelgeleri esasynda işjeň giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi hem-de türkmen-german hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilip, onuň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de giňeldiljekdigine ynam bildirildi.

 

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi


Yza

Şeýle hem okaň