«Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara ýaşlar forumy geçirildi

Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ýaşlaryň dünýäde durnukly geljegi gurmak ugrunda artýan ornuna bagyşlanyp, «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara ýaşlar forumy geçirildi. Bu barada TDH habar berdi.

2-nji oktýabrda bolan duşuşyga gatnaşyjylar forumyň öňüsyrasynda Halkara atçylyk akademiýasynyň giň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan türkmen halkynyň baý medeni mirasyny we onuň köpugurlylygyny şöhlelendirýän amaly-haşam sungatynyň sergisi bilen tanyşdylar.
Utgaşykly görnüşde guralan köptaraplaýyn foruma Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar syýasaty ulgamyndaky jogapkär ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Hytaý Halk Respublikasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Liwiýadan, Azerbaýjan Respublikasyndan we beýleki ýurtlardan ýaşlar, şeýle hem BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy, Birleşen Milletler Guramasynyň degişli düzümleriniň we agentlikleriniň, şol sanda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň, Çagalar gaznasynyň, Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň we Ilat gaznasynyň işgärleri gatnaşdylar.

Türkmen tarapyndan halkara foruma Bilim ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýaş agzalary, Aşgabatdaky ýokary okuw mekdepleriň talyplary we beýlekiler gatnaşdylar.

Şu gezekki çäre Birleşen Milletler Guramasynyň «Ýaşlar — 2030» strategiýasynyň maksatlaryna we wezipelerine doly laýyk gelmek bilen, ol dürli medeniýetlere, sebitlere, garaýyşlara wekilçilik edýän ýaşlaryň arasynda netijeli dialogy ösdürmäge, parahatçylygy berkitmek, diplomatik ýollar arkaly dawalaryň öňüni almak we çözmek işinde ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir. Habarda bellenilişi ýaly, çykyşlarda dünýäniň häzirki şertlerinde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak işlerinde ýaşlara wajyp ähmiýet berilýändigi nygtaldy.

Umumy pikire görä, «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara ýaşlar forumynyň geçirilmegi ýurtlaryň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny, özara hormat goýmagy pugtalandyrmaga, dawalaryň öňüni almakda hem-de çözmekde dialogyň möhüm ähmiýetine düşünmäge, parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmek boýunça işlere ýaşlaryň işjeň çekilmegine şert döreder.

Forumyň işi «Parahatçylygyň hatyrasyna ýaşlaryň başlangyçlary: parahatçylygy we durmuş jebisligini üpjün edýän üstünlikli taslamalar we başlangyçlar»; «Howanyň üýtgemegi: ekologiýa durnuklylygy bilen parahatçylygy döretmegiň arasyndaky baglanyşyk»; «Sanly diplomatiýa we parahatçylygy ýola goýmak: parahatçylygy döretmek boýunça oňyn tagallalary üçin tehnologiýalary we durmuş torlaryny peýdalanmak»; «Medeniýet we sungat arkaly parahatçylygy ilerletmek: Merkezi Aziýada ýaşlaryň seslerini bir ýere jemlemek» atly dört bölümiň çäginde dowam etdi.

Günüň ikinji ýarymynda forumyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogyny esaslandyrmak boýunça mejlis geçirildi. Onuň işine sebitiň döwletleriniň — Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýaşlar syýasaty boýunça edaralarynyň jogapkär wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň arasynda dialogyň goldanylmagy üçin şeýle formatyň döredilmeginiň hem-de ählumumy bähbitleriň halkara giňişlikde ilerledilmegi üçin sebitiň ýaşlarynyň güýjüni bir ýere jemleýän gurşawyň emele getirilmeginiň möhüm ähmiýete eýedigini nygtadylar.
Forum tamamlanandan soňra, Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogynyň Ähtnamasyna gol çekmek dabarasy boldy diýlip, habarda bellenilýär.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi


Yza

Şeýle hem okaň