Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky köp ugurly hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi maslahatlaşyldy

4-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowy kabul etdi.

Myhman mähirli kabul edilendigi hem-de döwletara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ýüzbe-ýüz duşuşykda ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň salamyny hem-de ähli türkmen halkyna parahatçylyk, bagtyýarlyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Pursatdan peýdalanyp, Mikail Jabbarow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy bilen gutlady. Munuň özi ählihalk söýgüsiniň we sarpasynyň ykrar edilmegidir.

Döwlet Baştutanymyz Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministrini mähirli mübärekläp hem-de hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we şu gezekki saparyň barşynda geçiriljek duşuşyklaryň, gepleşikleriň iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. Biziň ýurtlarymyzy we halklarymyzy köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygy nygtaldy. Bu bolsa özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy we giňeldilmegi üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň iki ýurduň uly ykdysady kuwwata eýedigi hem-de olaryň uzak möhletleýin netijeli hyzmatdaşlyga taýýardygy esasynda okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Biziň ýurtlarymyz sebit we halkara guramalaryň, ozaly bilen, BMG-niň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Bu hyzmatdaşlygyň dowamynda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge hem-de ählumumy howpsuzlygyň üpjün edilmegine gönükdirilen başlangyçlary özara goldaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda söhbetdeşler deňhukuklylyk, ynanyşmak, özara düşünişmek esasynda guralýan döwletara dialogyň ýetilen ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Umumy pikire görä, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparyna uly orun degişlidir.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow birek-birege berk jan saglyk we abadançylyk, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw etdiler.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi


Yza

Şeýle hem okaň