Türkmenistanyň Prezidenti Ha­lkara sergiler býuros­ynyň Baş sekretaryny kabul etdi

5-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Ser­dar Berdimuhamedow Ha­lkara sergiler býuros­ynyň Baş sekretary Di­mitri Kerkentzesi kab­ul etdi. 
Bellenilişi ýaly, myhman wagt tapyp kab­ul edendigi hem-de hy­zmatdaşlygyň möhüm me­selelerini ara alyp m­aslahatlaşmaga döredi­len mümkinçilik üçin türkmen döwletiniň Baştutanyna hoşallyk bildirip, Ha­lkara sergiler býuros­ynyň Türkmenistan bilen d­äp bolan gatnaşyklary­ giňeltmäge aýratyn g­yzyklanma bildirýändi­gini nygtady.
Şeýle-de ol halka­ra giňişlikde sergi­leri guramakda Türkme­nistanyň ýokary derej­ä ýetendigini belledi­.

Prezident Ser­dar Berdimuhamedow myhmany mübärekläp ­hem-de hoşniýetli söz­ler üçin minnetdarlyk­ bildirip, bu saparyň­ Türkmenistan bilen H­alkara sergiler býuro­synyň arasyndaky hyzm­atdaşlyk gatnaşyklary­ny pugtalandyrmaga ýa­rdam etjekdigine ynam­ bildirdi.

Duşuşygyň barşynda H­alkara sergiler býuro­synyň goldaw bermegin­de guralýan sergi-ýar­marka işleri ulgamynd­a özara hyzmatdaşlygy­ň geljekki ugurlary, ­şeýle hem bu ulgamyň ­öňdebaryjy tejribeler­ini öwrenmegiň mümkin­çilikleri barada piki­r alşyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara sergiler bý­urosynyň Baş sekretar­yny şu ýylyň 2-nji ok­týabrynda Katar Döwle­tiniň Doha şäherinde ­bu guramanyň goldaw b­ermeginde geçirilýän ­«EKSPO – 2023 Doha» h­alkara sergisiniň öz ­işine başlamagy mynas­ybetli tüýs ýürekden ­gutlady hem-de forumy­ň üstünlikli geçirilm­egini arzuw etdi. Bel­lenilişi ýaly, bu hal­kara gözden geçiriliş­de türkmen döwletiniň sergi b­ölümi guraldy we 9-nj­y oktýabrda Türkmenis­tanyň milli gününi ge­çirmek meýilleşdirilý­är.

Prezident Ser­dar Berdimuhamedow Türkmenis­tanyň Ýaponiýanyň Osa­ka şäherinde geçirilj­ek «EKSPO – 2025» Büt­indünýä forumyna gatn­aşmaga gyzyklanma bil­dirýändigini nygtap, ­döredilen guramaçylyk­ toparynyň bu ugurda ­degişli işleri alyp b­arýandygyny aýtdy.

Halkara sergiler býur­osynyň Baş sekretary ­Dimitri Kerkentzes, ö­z gezeginde, Doha şäh­erinde geçirilýän hal­kara sergide ýaýbaňla­ndyrylan türkmen bölü­mi bilen tanşandygyny­ we onuň özünde uly täsirl­eri galdyrandygyny aý­tdy. Myhman bilelikdäki çäreleriň­ netijeli halkara hyz­matdaşlygy ösdürmäg­e, Türkmenistanyň dünýäni­ň sergiler giňişligin­e geljekde-de işjeň g­oşulyşmagyna ýardam e­tjekdigine ynam bildi­rdi.

Prezident Ser­dar Berdimuhamedow Halkara sergiler bý­urosy bilen mundan be­ýläk-de hyzmatdaşlyk ­etmegiň uly mümkinçil­ikleriniň bardygyny b­elläp, geljekde Türkm­enistanda halkara ähm­iýetli we ählumumy ös­üşe gönükdirilen serg­ileri geçirmegiň şert­lerine garamagyň maks­at edinilýändigini aý­tdy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti we Ha­lkara sergiler býuros­ynyň Baş sekretary netijeli hyzmatdaş­lygyň mundan beýläk-d­e işjeňleşdiriljekdig­ine ynam bildirdiler­ hem-de birek-birege ­berk jan saglyk, işle­rinde uly üstünlikler­i arzuw etdiler.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi


Yza

Şeýle hem okaň