Türkmenistanyň Prezidenti Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy

6-njy oktýabrda Türkmenistanda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary, şeýle hem ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar hasrat bilen ýatlanýar. Aşgabatdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Paýtagtyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy milli gahrymanlara çuňňur sarpanyň, halkyň beýik geçmişine hormatyň özboluşly nyşanydyr.

Şu gün ir bilen türkmenistanlylaryň müňlerçesi «Ruhy tagzym», «Milletiň ogullary», «Baky şöhrat» ýadygärliklerine gül desselerini goýmak bilen, halkyň gahrymanlaryny hatyraladylar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow 1948-nji ýylyň ýertitremesinde gurban bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralamak üçin «Ruhy tagzym» ýadygärligine gül çemenlerini goýdy.

Çäräniň dowamynda hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow faşizme garşy söweşde wepat bolan türkmenistanly esgerleriň hem-de Watanyň erkinligi, onuň bagtyýar geljegi ugrundaky söweşlerde baş goýan gahrymanlaryň hatyrasyna bina edilen «Milletiň ogullary» we «Baky şöhrat» ýadygärliklerine gül çemenlerini goýdy. Çäre tamamlanandan soňra, Prezident Serdar Berdimuhamedow ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

HHM-niň berýän habaryna görä, hatyralamak çäreleri Aşgabatda bolşy ýaly, ýurduň ähli welaýatlarynda hem geçirildi, olaryň ruhuna aýat-töwirler okaldy we sadakalar berildi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi


Yza

Şeýle hem okaň