Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy täze gurluşyk taslamalary bilen tanyşdy

9-njy oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň taslamalary bilen tanyşdy.

Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürde gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezine geldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Aşgabatda we Arkadag şäherinde hem-de ýurdumyzyň sebitlerinde dürli maksatly binalaryň gurluşygy, şähergurluşyk maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmegiň çäklerinde gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, gurluşyklarda ulanylýan serişdeleriň aýratynlyklaryna degişli taslamalar we gurluşygy dowam edýän desgalaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Dürli maksatly desgalaryň şekil taslamalarydyr çyzgylary bilen tanyşdyrylyş çäresine Hökümet agzalary, ugurdaş ministrlikleriň we dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän gurluşyk kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Bu ýerde Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň baş meýilnamasy, iki gatly, iki öýli ýaşaýyş jaý toplumlarynyň şekil taslamalary hem-de olaryň täze şäherde ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilýän desgalaryň aýratynlyklary barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow paýtagtymyzda gurulýan 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezinde, 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezinde, 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Görogly köçesiniň ugrunda gurulmagy meýilleşdirilýän Stomatologiýa merkeziniň, 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyklarynyň baş meýilnamasy, desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary we sagaldyş ulgamyna degişli merkezleriň bölümleriniň enjamlaşdyrylyşy, otaglaryň bezeg aýratynlyklary bilen tanyşdyryldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ulgamlarynda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli özgertmeleri üstünlikli dowam etdirilýär. Arkadag şäherinde ynsan saglygynyň berkidilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň oňyn çözülmegine, hususan-da, şäheriň halkara ülňülere doly laýyk gelýän lukmançylyk edaralarynyň işine uly üns berilýär.

Şeýle hem bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyny döwrebaplaşdyrmagyň we onuň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän täze desgalaryň taslamalary, Balkan welaýatynyň çäginde bina edilmegi göz öňünde tutulýan, kuwwatlylygy 1574 megawat bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän döwrebap elektrik stansiýasynyň taslamalary we binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi. Bular barada wise-premýer B.Annamämmedow türkmen halkynyň Milli Liderine hasabat berdi.

Gahryman Arkadagymyz şekil taslamalary we çyzgylary bilen içgin tanşyp, gurluşyklarda häzirki zamanyň ösen tejribesiniň, täzeçil tehnologiýalaryň ulanylmagynyň, gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we desgalaryň bellenilen möhletlerde gurlup ulanmaga berilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi.

Bu ýerde görkezilýän taslamalar bilen tanyşlygyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyza dünýäniň abraýly maliýe düzümleriniň biri bolan Yslam ösüş bankynyň ýurdumyzyň Mary, Balkan we Lebap welaýatlarynda gurulmagy meýilleşdirilýän halkara derejeli onkologiýa merkezleriniň gurluşyklaryny maliýeleşdirmek boýunça öz tekliplerini hödürleýändigi baradaky hoş habar aýdyldy. Munuň özi Türkmenistanyň dünýä derejesindäki belent abraýyna, jogapkärli hyzmatdaş hökmünde ykrar edilýändigine, kuwwatly ykdysady mümkinçilige eýe bolan döwletdigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu hoş habary kanagatlanma bilen kabul edip, ýurdumyzyň “Açyk gapylar” syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirip, dünýäniň dürli ugurlarda uly tejribä hem-de ýokary tehnologiýalara eýe bolan döwletleri we iri halkara maliýe edaralary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürýändigini belledi. Şeýle maliýe edaralarynyň hatarynda Türkmenistanyň köp ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlyk etmek bilen, bilelikdäki taslamalary amala aşyrýan Yslam ösüş banky hem bar.

Şunuň bilen baglylykda, keselleriň öňüni almak, anyklamak we degişli bejergileri geçirmek babatda öňdebaryjy tejribäniň ulanylmagynda we saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalaryň dünýäniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilmeginde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň ähmiýetlidigine ünsi çekip, lukman Arkadagymyz Yslam ösüş banky bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň, bilelikdäki taslamalary yzygiderli amala aşyrmagyň wajypdygyny belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Saglygy goraýyş ulgamyna degişli toplumlaryň gurluşyk işlerinde ulanylýan serişdeler we enjamlar berkligi, uzak möhletleýinligi bilen tapawutlanmalydyr diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de gurluşyk işlerini amala aşyrmaga toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady. Bu ýerde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde durmuş maksatly desgalaryň, aýratyn-da, saglygy goraýyş ulgamyna degişli binalaryň gurluşyk işlerine maslahatçy hökmünde halkara derejeli bilermenler bilen bilelikde iş alnyp barylýandygy, şeýlelikde, geňeşçi toparlaryň işiniň netijeli häsiýete eýe bolýandygy barada habar berildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda meýilleşdirilen döwrebaplaşdyryş işleriniň derejesi we gerimi bilen tanşyp, Gahryman Arkadagymyz bu işleriň ýokary derejede ýerine ýetirilmeginiň türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki abraýynyň belende galmagyna mynasyp goşant boljakdygyny belledi. Ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan Halk Maslahatynyň Başlygy çapuw ýodalaryna düşelýän örtügiň özboluşly aýratynlyklary barada aýdyp, olar üçin Garagum sährasynyň çägesini ulanmagyň möhümdigini nygtady. Munuň özi taryhyň dowamynda atçylyk babatda toplanan tejribäniň we milli atşynaslyk ýörelgeleriniň häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüler.

Gahryman Arkadagymyz Balkan welaýatynyň çäginde bina edilmegi göz öňünde tutulýan, kuwwatlylygy 1574 megawat bolan elektrik stansiýasynyň gurluşygyna toplumlaýyn we jogapkärli çemeleşmelidigini belledi.

Häzirki döwürde Türkmenistandan Merkezi Aziýa ýurtlaryna, şol sanda Özbegistan Respublikasyna, Gyrgyz Respublikasyna, Eýran Yslam Respublikasyna we Owganystana elektrik energiýasy iberilýär. Täze desganyň ulanmaga berilmegi bilen, ýurdumyzyň energoulgamynyň kuwwaty ýene-de artar. Şeýlelikde, türkmen energiýasyny sarp edijileriň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygy pugtalanar. Şol bir wagtyň özünde, ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçiligi ýokarlanar we täze iş orunlary dörediler.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ýurdumyzda daşky gurşawy goramaga gönükdirilen çäreler yzygiderli amala aşyrylýar. Şunda energetika desgalary gurlanda, daşky gurşawa ýaramaz täsiriň ýetirilmegini azaltmaga ýardam edýän döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna hem uly üns berilýär. Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde gurlan, sebitde deňi-taýy bolmadyk, utgaşykly dolanyşykda işleýän bug-gaz elektrik stansiýasyny muňa mysal hökmünde getirip bolar. Şeýlelikde, Balkan welaýatynyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän elektrik stansiýasynyň utgaşykly dolanyşykda işlemegi bu pudaga dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň işjeň ornaşdyrylýandygynyň nobatdaky beýanydyr.

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurulýan we gurulmagy meýilleşdirilýän durmuş, senagat, önümçilik maksatly binalaryň häzirki zamanyň talaplaryna laýyk derejede enjamlaşdyrylmagynyň, toplumlaryň işgärleriniň hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagynyň wajypdygyny belläp, bu ugurda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlik arzuw etdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkiýeli işewür Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Mälim bolşy ýaly, onuň ýolbaşçylyk edýän “Çalyk Holding” kompaniýalar topary gurluşyk pudagynda Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşydyr. Duşuşygyň dowamynda türkiýeli hyzmatdaşlaryň alyp barýan işleriniň ýagdaýy hem-de mundan beýläk-de gatnaşyk etmegiň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Işewür wagt tapyp duşuşandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzda 10-njy oktýabrda bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen gutlady. Şeýle hem Ahmet Çalyk, pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy we “Altyn Aý” altyn nyşanynyň gowşurylmagy bilen gutlady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanda soňky ýyllarda giň gerimli maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygyny, täze şäherdir obalaryň, ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralarynyň, önümçilik kärhanalarynyň yzygiderli gurulýandygyny belledi.

Türk holdinginiň ýolbaşçysy “Çalyk Holding” üçin Türkmenistanda işlemegiň we ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine mynasyp goşant goşmagyň uly mertebedigini nygtap, özüne ynanylan desgalardaky gurluşyklaryň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, gurluşyk işleri işlenip taýýarlanylan ýörite meýilnama laýyklykda güýçli depginde alnyp barylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan başlap türkmen-türk hyzmatdaşlygy ähli ugurlarda, aýratyn-da, energetika, saglygy goraýyş, dokma senagaty, gurluşyk pudaklarynda işjeň ösdürilýär. Ýurdumyzda kabul edilen durmuş-ykdysady maksatnamalar we maýa goýum üçin döredilen mümkinçilikler netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça amatly şertleri döredýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri türk hyzmatdaşlaryň, aýratyn-da, Ahmet Çalygyň Türkmenistanda saglygy goraýyş, önümçilik we energetika ulgamlarynyň desgalarynyň gurluşyklaryny amala aşyran kompaniýasynyň ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini ösdürmekdäki uly goşandyny kanagatlanma bilen nygtady.

Işewür daşary ýurt kompaniýalarynyň netijeli işlemekleri ugrunda zerur şertleriň döredilýändigi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn maksatnamalaryň, halkara ähmiýetli bilelikdäki taslamalaryň mundan beýläk-de durmuşa geçirilmegine “Çalyk Holdingiň” taýýardygyny tassyklady.

“GAP Inşaat” kompaniýasynyň häzirki döwürde Aşgabatda saglygy goraýyş ulgamyna degişli häzirki zaman merkezleriniň gurluşygyny alyp barýandygyny belläp, Ahmet Çalyk hemme işleriň ýokary hil derejesinde ýerine ýetiriljekdigine, desgalaryň bellenilen möhletlerde ulanmaga beriljekdigine ynandyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri taslamalar taýýarlanylanda, ýurdumyzda ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütleriň we täzeçil tehnologiýalaryň ulanylmagyna aýratyn üns berilýändigini nygtap, işleriň ýokary derejede, öz wagtynda tamamlanmagy bilen bir hatarda, ekologik kadalaryň hem-de halkara ölçeglere laýyklykda daşky gurşawy goramak babatdaky talaplaryň pugta berjaý edilmeginiň möhüm ugur bolup durýandygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow türk işewürine işinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy öňde goýlan möhüm wezipeleri ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi


Yza

Şeýle hem okaň