Türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi maslahatlaşyldy

9-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi.

Myhman ýüzbe-ýüz duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hem-de RF-niň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň mähirli salamyny, türkmen halkyna abadançylyk, gülläp ösüş hakyndaky arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle-de Russiýanyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy.

Döredilen mümkinçilikden peýdalanyp, A.Owerçuk Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý kraý sebitinde tebigy heläkçilikden ejir çekenlere Türkmenistanyň iberen ynsanperwerlik kömegi üçin çuňňur hoşallygyny beýan etdi. Munuň özi iki ýurduň arasyndaky dostluk we birek-biregi goldamak gatnaşyklarynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde, Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryna mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de iki ýurduň döwletara hyzmatdaşlygynyň hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan netijeli häsiýete eýedigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasarynyň Aşgabada şu gezekki saparynyň we onuň çäklerinde meýilleşdirilen gepleşikleriň iki ýurduň Hökümetleriniň derejesindäki yzygiderli gatnaşyklary berkitmäge, netijeli türkmen-rus hyzmatdaşlygyny ilerletmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan we ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, döwletara syýasy dialog yzygiderli ösdürilýär. Parlamentara hyzmatdaşlygyň ugurlary boýunça özara gatnaşyklar işjeň häsiýete eýedir. Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň we subýektleriniň arasynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Söwda-ykdysady ulgam ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň möhüm ugry hökmünde çykyş edýär. Köp ýyllardan bäri Russiýa ýurdumyzyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biridir. Özara haryt dolanyşygy oňyn depgini saklap gelýär. Dürli ugurlarda, şol sanda nebitgaz we senagat ulgamlarynda, beýleki pudaklarda hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär. Hökümetara topar hem netijeli işleri alyp barýar, onuň çäklerinde özara bähbitli türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň tutuş toplumy boýunça tagallalar utgaşdyrylýar.

Ynsanperwer ulgam hem döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegidir. Şunda bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş ugurlary boýunça däp bolan hyzmatdaşlyk aýratyn orny eýeleýär. Häzirki döwürde durmuşa geçirilýän işleriň çäklerinde sanly tehnologiýalar ulgamynda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň hem geljekde-de netijeli köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändikleri tassyklanyldy. Şeýle hem türkmen tarapynyň özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary boýunça russiýaly hyzmatdaşlaryň anyk tekliplerine garamaga taýýardygy bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçuk umumy bähbitlere laýyk gelýän, uzak möhletleýin esasda ýola goýulýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

 


Yza

Şeýle hem okaň