Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet
Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Gyrgyz
Respublikasyna iş sapary bilen bardy.
Hormatly
Prezidentimiziň uçary Gyrgyzystanyň paýtagtyna çenli uçuşy amala aşyryp,
«Manas» Halkara howa menziline gondy. Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar.
Garaşsyz
Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Bitarap
Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerinde açyk we deňhukukly dialoga ygrarlydygyny
bellemek gerek. Ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde, abraýly
halkara we sebit guramalarynyň hem-de düzümleriniň ugry boýunça giň netijeli
hyzmatdaşlyk bu strategiýanyň esasy ugry bolup durýar.
Iş saparynyň
barşynda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Gyrgyzystanyň Prezidenti
Sadyr Žaparow bilen duşuşdy. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysadyýet we
medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň ösüşini ara alyp
maslahatlaşdylar. Gepleşikleriň esasy ugry Garaşsyz Döwletleriň
Arkalaşygynyň çäginde hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda boldy.
Şeýle hem
Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Baştutanlary global we sebit syýasatynyň
meseleleri boýunça özara pikir alyşdylar.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi