Türkmenistanyň Prezidenti ykdysady hyzmatdaşlygyň GDA üçin ileri tutulýan ugurdygyny öňe sürdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 13-nji oktýabrda Bişkekde geçirilen GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Sammitinde eden çykyşynda GDA üçin ykdysadyýetde hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegini gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugrudygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, 2019-njy ýylda Aşgabatda geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Jarnama gol çekildi. Soňra ol kabul edilen GDA-nyň 2030-njy ýyla çenli ykdysady ösüşiniň Strategiýasynyň esasyny düzdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň aýtmagyna görä, strategiýada söwda, senagat kooperasiýasy, ulag, energetika, maýa goýumlar ulgamlarynda we beýleki ileri tutulýan pudaklarda ysnyşykly gatnaşyklar göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz türkmen tarapynyň giň gerimli Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar düzümleýin geçelgeleri ösdürmekde energetika, ulag-kommunikasiýa ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça başyny başlan taslamalarynyň Arkalaşygyň döwletleri üçin wajypdygyna ynanýandygyny belledi.

«Şunuň bilen baglylykda, biz Hazar deňzi — Gara deňiz we Aziýa — Ýuwaş umman sebitleriniň ulag gatnawlary, şeýle hem Aýlagyň we Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen logistik mümkinçilikleri artdyrmaga uly ähmiýet berýäris» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Okamak
Yza

Şeýle hem okaň