13-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna bolan iş saparynyň dowamynda welaýatyň Esenguly etrabynyň Gögerendag obasynyň ýaşaýjysy, balykçy Nurmämmet Meretgylyjow bilen duşuşykdy.
Döwlet Baştutany balykçy N.Meretgylyjow bilen mähirli salamlaşyp, balykçylyk hünäriniň aýratynlyklary, balykçylaryň iş we durmuş şertleri bilen gyzyklandy. Balykçy Meretgylyjow Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa bu ýerde awlanýan balyklar, olaryň görnüşlerini görkezdi. Olaryň hatarynda balyklaryň kakadylan görnüşleriniň hem bardygyny bellemeli. Munuň özi Hazaryň kenarynda ýaşaýan ilatyň esasy hünäri bolan balykçylygyň has-da kämilleşendigini, onuň häzirki döwrüň ýagdaýyna görä, ösüşiň ýokary derjesine çykandygyny, şeýle hem bu ugurda gaýtadan işleýän senagatyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini görkezýär.
Balykçy bu
ýerde balyklaryň dürli görnüşleriniň bardygyny belläp, balyk tutmakda oňyn
tejribe toplandygyny we özüniň asylly käri bilen bolelin durmuşda ýaşaýandygyny
gürrüň berdi. Balykçy Meretgylyjow häzirki döwürde ähli hünärlerde işleýänler
bilen bir hatarda balykçylyk bilen meşgullanýanlar üçinem amatly şertleriň
döredilendigini, balykçylara döwlet tarapyndan zerur goldawyň berilýändigini
buýsanç bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda balykçy özüniň 10 ýyldan bäri
balykçylyk bilen meşgullanýandygyny, bu hünäriň özüne kakasyndan geçendigini we
balyk awlamak hünäriniň ele alandygyna örän şatdygyny, şeýle-de hem döwlet
tarapyndan balykçylykda hususyýetçilige, telekeçilige geçilendigini belläp
geçdi.
Prezident
Gurbanguly Berdimuhamedow balykçy N.Meretgylyjow bilen gürrüňdeş bolup duran
wagty balykçynyň Meretgylyjowyň balykçy ýoldaşlary deňizden gaýdyp geldiler.
Balykçynyň belleýşi ýaly, olar aýyň dowamynda 10-12 gezek deňiz giňişligine
gidýändiklerini we kenardan 3 müň metr uzaklykda balyk awlaýandyklaryny, tor
guranlaryndan soň howa ýagdaýyna görä ony barlap durýandyklaryny gürrüň berdi.
Bellenilişi ýaly her gezek 40-50 kilogram töweregi balyk tutulýar. Bu bolsa
toparyň agzalarynyň maşgalalary üçinem, söwda bazarlaryna ýerlemek üçinem
ýeterlik bolýar.
Soňra döwlet
Baştutany balykçynyň taýýarlaýan naharyny synlap, onuň aýratynlyklaryny
taýýarlamagyň usullaryny, şeýle hem balykdan taýýarlanan tagamlaryň ýokumlyk
derejesi bilenem içgin gyzyklandy. Meretgylyjow balykdan taýýarlanýan
tagamlaryň görnüşleriniň örän köpdügini, olaryň toý-baýramlaryň bezegine
öwrülýändigini aýtdy.
Türkmen Lideri
balykçy Meretgylyjow bilen balykdan taýýarlanýan tagamlar bilen tanyşlykdan
soňra, onuň balykçy ýoldaşlary bilen duşuşyp, olar bilen gürrüňdeş boldy.
Balykçylar gürrüňdeşligiň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň
Prezidenti wezipesine girişip, ilkinji iş saparyny Esenguly etrabyna amala
aşyrandygyny buýsanç bilen belläp, öz ýürek joşgunlaryny bu sebite mahsus bolan
gazal bilen beýan etdiler.
Döwlet Baştutany balykçylara işlerinde üstünlikleri arzuw edip, deňiz kenarynyň gözelliklerini synlap, Balkan welaýatyna bolan iş saparyny tamamlap Türkmenbaşynyň Halkara howa menziline baryp, ol ýerden Aşgabada tarap ugrady.