Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

16-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Ol welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatda bugdaý ekişini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmek, ekilen meýdanlarda kadaly gögeriş almak, ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnamak, ýygnalan hasyly pagta kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul etmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi hem-de geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişiniň we ideg işleriniň talabalaýyk geçirilmegini, ýetişdirilen pagta hasylynyň öz wagtynda ýygnalyp alynmagyny berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow dowam edýän oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamak, kadaly gögeriş almak boýunça degişli işler geçirilýär. Ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap almak, ýygnalan hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilmelidigini aýtdy hem-de bugdaý ekişini bellenen möhletlerde tamamlamagyň, pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almagyň depginini güýçlendirmek babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, bugdaý ekişi agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Ekiş geçirilen meýdanlarda endigan gögeriş alynýar. Şeýle hem welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnamak işi dowam edýär. Ýygnalan hasyl pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlenilýär. Şaly ekilen meýdanlarda ýetişdirilen hasyly ýygnamak işi guramaçylykly alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerine jogapkärçilikli çemeleşmegiň ähmiýetine ünsi çekdi hem-de bugdaý ekişiniň ýokary guramaçylykly alnyp barylmagy, ekiş geçirilen ýerlerde ideg işleriniň talabalaýyk guralmagy, pagta hasylynyň bellenen möhletlerde ýygnalyp alynmagy, şaly oragynyň guramaçylykly geçirilmegi babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew ekerançylyk meýdanlarynda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bugdaý ekişi bellenen talaplara laýyklykda alnyp barylýar. Ekiş geçirilen ýerlerde kadaly gögeriş almak boýunça degişli işler dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap almak hem-de harmanhanalara tabşyrmak boýunça işler durmuşa geçirilýär. Şaly ekilen meýdanlarda ýetişdirilen hasyly ýygnap almak boýunça hem degişli işler ýola goýulýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bugdaý ekişiniň ýokary hilli geçirilmeginiň geljek ýylda bol hasyl almagyň kepilidigini aýtdy we bu jogapkärli möwsümiň agrotehniki möhletlerde alnyp barylmagyny, ekiş geçirilen ýerlerde idegiň talabalaýyk berjaý edilmegini, ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnamak işleriniň depginleriniň has-da güýçlendirilmegini, şaly oragynyň guramaçylykly geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow häzirki wagtda ekin meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň barşy barada hasabat berdi.

Welaýatda bugdaý ekilen ýerlerde kadaly gögeriş almak boýunça degişli çäreler geçirilýär. Pagta ýygymyny guramaçylykly geçirmek, hususan-da, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Sebitiň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda ideg işleri, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak we gaýtadan işlemek boýunça degişli çäreler dowam edýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň guramaçylykly alnyp barylmagynyň möhümdigine ünsi çekdi we bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, ekişden soňky ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini, ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap almagyň depginlerini güýçlendirmegi berk gözegçilikde saklamak babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatlarda ösdürilip ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda ýygnap almak, hasyly harmanhanalarda bökdençsiz kabul etmek we pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek boýunça degişli işler dowam edýär. Bu işler bilen bir hatarda, welaýatlarda geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişi geçirilýär, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň talabalaýyk guralmagynyň zerurdygyny belledi we bugdaý ekişiniň öz wagtynda tamamlanmagyny, ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnamak işleriniň depgininiň has-da güýçlendirilmegini berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerini agrotehnikanyň kadalaryna doly laýyklykda we bellenen möhletlerde ýerine ýetirmek boýunça öňde goýlan wezipelere jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek bilen baglanyşykly görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Okamak
Yza

Şeýle hem okaň