Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahata gatnaşýar

17-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Hytaý Halk Respublikasyna ugrady.

Sapara ugramazdan ozal, Aşgabadyň Halkara howa menzilinde HHR-iň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili bilen söhbetdeşligiň barşynda Gahryman Arkadagymyz iki dostlukly döwletiň strategik hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze derejä çykandygyny belledi. Häzirki wagtda özara hormat goýmak, dostluk, birek-biregiň bähbitlerini hasaba almak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-hytaý gatnaşyklary giň ugurlar boýunça okgunly ösdürilýär. Biziň ýurdumyzyň şu gezekki sapara ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy, şol sanda “Bir guşak, bir ýol” forumynyň çäklerinde gatnaşyklary işjeňleşdirmekde möhüm ädim hökmünde garaýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki tagallalar netijesinde oňyn hyzmatdaşlygyň geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirildi.

Dostlukly ýurduň ilçihanasynyň wekili hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Pekinde öňde boljak ýokary derejeli foruma hytaý tarapynyň uly ähmiýet berýändigini belledi hem-de döwletara gatnaşyklaryň ýyl ýazgysynda täze sahypany açjak duşuşyklaryň üstünlikli we netijeli bolmagyny arzuw etdi.

Dünýä döwletleriniň arasynda Garaşsyz Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklary ilkinji bolup ýola goýan Hytaý Halk Respublikasy häzirki wagtda ýurdumyzyň örän möhüm ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir. Şu döwre çenli iki döwletiň arasynda hyzmatdaşlygyň köp derejeli guraly işlenip taýýarlanyldy. Ol döwlet Baştutanlarynyň gepleşikleri, türkmen we hytaý işewür toparlarynyň duşuşyklary ýaly dürli ugurlary öz içine alýar.

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň ýanwar we maý aýlarynda HHR-e amala aşyran saparlary däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine, häzirki döwrüň ýagdaýlaryna laýyklykda, täze anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna ýardam bermek bilen, ýokarda aýdylanlaryň aýdyň beýany bolup durýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine hem-de kuwwatly itergi berilmegine ägirt uly goşant goşdy. Şunuň bilen baglylykda, 2013-nji ýylyň sentýabrynda gol çekilen strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmak barada bilelikdäki Jarnama aýratyn ähmiýete eýedir. Saýlanyp alnan bu strategik hyzmatdaşlyk ýoly biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň düýpli bähbitlerine laýyk gelmek bilen, ähli ugurlar boýunça türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň okgunly depginini şertlendirdi.

Türkmenistan HHR bilen diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl-de, iri halkara guramalaryň, “Merkez Aziýa — Hytaý” görnüşindäki sebit düzüminiň ugry boýunça köptaraplaýyn görnüşde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Bu ýurtlaryň halklary bilen türkmen halkyny taryhy, medeni, ruhy ýörelgeleriň umumylygy birleşdirýär. Şu ýyllaryň içinde taraplar netijeli hyzmatdaşlygy üýtgewsiz giňeltmek ugrunda netijeli çäreleri görýärler hem-de Beýik Ýüpek ýoly eýýamyndan gözbaş alýan dostluk, özara düşünişmek ýörelgelerine berk ygrarlydygyny tassyklaýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Hytaýyň merkezi “Ženmin Žibao” gazetinde çap edilen “Strategik hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýady” atly makalasynda Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjynyň Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasy bilen dünýägaraýyş we amaly nukdaýnazaryndan ýakyndygy hem-de sazlaşýandygy nygtalýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda gadymy dünýäniň bu taryhy söwda ýolunyň asyrlaryň örän baý mirasy aýawly saklanýan Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň mysalynda nähili çuňňur yz galdyrandygyny beýan edýär. Şunuň bilen birlikde, dünýäniň onlarça ýurduny söwda, maglumat, medeni gatnaşyklar bilen baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoluna bu kitapda diňe bir türkmen halkynyň taryhy, ruhy mirasy babatda däl-de, ýurdumyzyň nurana geljeginiň nyşany hökmünde-de garalýar. Täze görnüşde gaýtadan dikeldilýän bu söwda ýoly häzirki wagtda halklaryň we ýurtlaryň ýakynlaşmagyna kuwwatly itergi berýär, syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna, özara düşünişmäge, hyzmatdaşlyga, döwletleriňdir sebitleriň arasynda ýakyn gatnaşyklaryň berk binýadynyň emele gelmegine ýardam berýär. Bir söz bilen aýdylanda, hakyky özara bähbitleriň bolmagy taraplara Ýewraziýa yklymynda ykdysady ösüşe kuwwatly ýardam berýän hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilik döredýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň barşynda “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmagynyň çäklerinde ýokary derejedäki birnäçe duşuşyklar meýilleşdirildi hem-de resminamalaryň toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar. Olar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetirer.

Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyzyň öňde boljak foruma gatnaşmagy biziň ýurdumyzyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerinde jogapkärli, işjeň orny eýeleýändiginiň nobatdaky beýanydyr. Bitarap Türkmenistan sebit we ählumumy giňişlikde oňyn ýagdaýlaryň emele gelmegine doly ýardam bermäge çalşyp, geljekde-de hyzmatdaşlygyň döwrüň talabyna laýyk gelýän görnüşlerini kesgitlemäge, bilelikdäki mümkinçilikleri durmuşa geçirmek hem-de mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ylalaşykly çemeleşmeleriň, gurallaryň işlenip taýýarlanylmagyna anyk goşant goşmagy ugur edinýär.

...Gahryman Arkadagymyzyň uçary birnäçe sagat uçuşdan soňra, Pekiniň “Şoudu” Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Liderini HHR-iň tebigy serişdeler ministri Wan Guanhua we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar.

Milli lybasdaky gyz belent mertebeli myhmana gül dessesini gowşurýar. Gahryman Arkadagymyz iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülip duran haly düşelen ýoda boýunça özüne garaşýan awtoulaga münüp, howa menzilinden iş sapary wagtynda özi üçin bellenilen “Dýaoýuýtaý” döwlet kabulhanasyna tarap ugraýar.

Günüň ikinji ýarymynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we maşgalasynyň awtoulag kerweni Hytaýyň Halk ýygnaklar öýüne tarap ugrady. Bu ýerde belent mertebeli myhmanlary resmi garşylamak dabarasy boldy.

Iki tarapynda foruma gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklary hatara düzülen haly düşelen ýodajykdan wekiliýetleriň ýolbaşçylary “VIP” ýygnanyşyk otagyna — “Hebeý” zalyna çagyrylýar.

Şeýle hem bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin we onuň maşgalasy Pen Liýuan bilen surata düşmek dabarasy boldy. Soňra “Taýwan” mejlisler zalynda wekiliýetleriň Baştutanlarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatynyň resmi banneriniň we dünýä ýurtlarynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasy geçirildi.

Soňra foruma gatnaşyjylar “Altyn” zala çagyrylýar. Bu ýerde belent mertebeli myhmanlaryň we olaryň maşgala agzalarynyň hormatyna Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň adyndan resmi agşamlyk nahary berilýär. Onuň dowamynda HHR-iň sungat ussatlary çykyş etdiler.

Dabaraly kabul edişlik tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri maşgalasy bilen “Dýaoýuýtaý” kabulhanasyna ugrady.

Şu gün Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pekindäki Halk ýygnaklar öýünde geçirilýän «Bir guşak, bir ýol» III ýokary derejeli maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşýar. 

Bu giň gerimli maslahata 140-dan gowrak ýurtdan hem-de 30 sany halkara guramalaryndan wekiller, şol sanda döwlet baştutanlary we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşýarlar.

Maslahatyň çäginde maýa goýum, sanly ykdysadyýet we söwda gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem maýa goýum taslamalarynyň tanyşdyrylyşy we ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda täze şertnamalara gol çekilmegi göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halk ýygnaklar öýünde «Bir guşak, bir ýol» III ýokary derejeli maslahatynyň çäklerinde geçiriljek Özara baglanyşyk boýunça ýokary derejeli maslahatda çykyş etmegine garaşylýar.

2013-nji ýylda Si Szinpin tarapyndan teklip edilen «Bir guşak, bir ýol» konsepsiýasy dünýä bileleşiginiň oňyn seslenmesine mynasyp boldy. Bu başlangyjyň maksady has köp sanly ýurtlaryň gatnaşmagynda hem-de gyzyklanma bildirýän döwletleriň serişdelerini peýdalanmak bilen, halkara söwda-maýa goýum taslamalaryny işjeňleşdirmekden ybaratdyr. Bu başlangyja eýýäm 150-den gowrak ýurt we 30-dan gowrak halkara guramalary goşuldy.

 

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi


Yza

Şeýle hem okaň