Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşdy

18-nji oktýabrda Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşdy.

Giň gerimli maslahata 140-dan gowrak ýurtdan hem-de iri halkara guramalaryň 30-dan köpüsinden wekiller, şol sanda döwlet Baştutanlary, guramalaryň, ministrlikleriň we işewürler toparlarynyň ýolbaşçylary gatnaşýarlar.

HHR-iň Başlygy Si Szinpin foruma gatnaşyjylara Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” taslamasynyň çäklerinde söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga, netijeli halkara gatnaşyklaryň maksatdyr wezipelerine bagyşlanan maksatnamalaýyn çykyşy bilen ýüzlendi. Bellenilişi ýaly, bilelikde maslahatlaşmak, gurmak we peýdalanmak, açyklyk, ekologik ugur, ýokary ölçegleriň, halklaryň abadançylygynyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi bu konsepsiýanyň bilelikde ýokary hilli kemala getirilmeginiň möhüm ugurlarydyr. Şeýle hem COVID-19 pandemiýasy ýüze çykandan soňra, bu strategiýa durmuş we saglyk ýoluna öwrüldi. Şunuň bilen birlikde, HHR-iň Başlygy Si Szinpin başlangyjyň çäklerinde kemala gelen özara baglanyşygyň ählumumy ulgamyň müňlerçe ýyl taryhy bolan Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki eýýamda täze ýaşaýyş, durmuş kuwwatyna öwrülendigini nygtady. Ol soňky ýyllarda “Bir guşak, bir ýol” formatynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljekki gözýetimlerini kesgitlemek nukdaýnazaryndan gatnaşyklaryň içgin, oýlanyşykly şertlerini işläp taýýarlamak tapgyryna geçendigini, öňde goýlan meýilnamalaryň bolsa iş ýüzünde amala aşyrylan taslamalara öwrülip, oňat netijeleri berendigini kanagatlanma bilen belledi.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, şu gezekki forum HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň öňe süren başlangyjynyň onýyllygynyň dolan döwründe geçýär hem-de, hakykatdan-da, örän möhüm, ählumumy derejeli, uzak geljege, has adalatly köpugurly parahatçylygyň, gatnaşyklar ulgamynyň kemala gelmegine gönükdirilendir. Wagtyň bu strategiýanyň uly islege eýedigini subut edendigine aýratyn üns çekildi. Häzirki wagtda ol ählumumy derejeli ägirt uly taslama öwrüldi. Dünýäniň aglaba döwletleriniň ösen medeni köpdürlülige we her bir döwletiň öz ösüş ýoluna hormat goýulmagynda, ählumumy durnukly, uzak möhletleýin ykdysady ösüşe, durmuş abadançylygyna ýetmek maksady bilen, deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk taglymatyny paýlaşýandygy nygtaldy.

Üçünji ýokary derejeli maslahatyň resmi açylyş dabarasy tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Dýaoýuýtaý” döwlet kabulhanasynda HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy Din Sýuesýan bilen duşuşdy. Işewürlik günortanlyk nahary görnüşinde geçen duşuşygyň öň ýanynda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşmek dabarasy boldy.

Söhbetdeşler birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Soňky ýyllarda taraplaryň özara tagallalary netijesinde bu hyzmatdaşlyk strategik häsiýete eýe boldy.

Bellenilişi ýaly, HHR Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Biziň ýurdumyz häzirki wagtda durmuş-ykdysady ösüşiň durnukly depginini saklamaga hem-de häzirki zamanyň möhüm meselelerini çözmäge düýpgöter täze çemeleşmeleri görkezýär. Şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýa şu gezekki saparyna we “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmagyna däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm tapgyr hökmünde garalýar.

Söhbetdeşler taraplaryň ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn görnüşde, iri halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde geljekde-de ýakyn hyzmatdaşlyga berk ygrarlydyklary barada aýdyp, iki döwletiň dünýä gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Munuň özi özara bähbitlere laýyk gelýän ynanyşmak dialogynyň kemala gelmegine şert döredýär. Umumy taryha esaslanýan, döwletleriň we halklaryň abadançylygyna, gülläp ösüşine ýardam berýän biziň ýurdumyzyň häzirki zaman şertlerinde Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça strategiýasynyň hem-de HHR-iň “Bir guşak, bir ýol” konsepsiýasynyň möhüm ähmiýetine aýratyn üns çekildi.

Soňky ýyllarda hil taýdan täze many-mazmuna eýe bolan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn ugur boldy. Bilelikdäki wajyp taslamalar, şol sanda ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegi — Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisiniň gurluşygy munuň aýdyň mysallarydyr.

Duşuşygyň dowamynda netijeli döwletara dialogy mundan beýläk-de ösdürmäge taraplaryň esasy çemeleşmeleri bellenildi. Şu ýyl Hytaýa amala aşyran saparlarynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we HHR-iň Başlygy Si Szinpin hyzmatdaşlygyň ýetilen derejesine ýokary baha berdiler.

Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlary, senagat, oba hojalyk pudaklary we beýleki ugurlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler dürli ulgamlarda gatnaşyklaryň uly mümkinçilikleriniň bardygyny belläp, özara tagallalaryň has netijeli hasap edilýän ulgamlarynda bilelikdäki hereketleri giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Türkmen we hytaý halklarynyň arasynda dostluk, özara düşünişmek ýörelgeleriniň berkidilmegine ýardam berýän däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmek meselelerine uly üns berildi. Kanun çykaryjy edaralaryň arasynda ýakyn hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy kanagatlanma bilen bellenildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň, HHR-iň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň parlamentara dostluk toparynyň döredilmegi munuň aýdyň beýanydyr. Bu düzümiň alyp barýan işi okgunly ösdürilýän döwletara hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegine we berkidilmegine ýardam berýär.

Duşuşygyň ahyrynda ýola goýlan hem-de türkmen we hytaý halklarynyň arasyndaky köpasyrlyk dostluk, ynanyşmak ýörelgelerine daýanýan netijeli döwletara dialogyň geljekde-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirildi.

Günüň ikinji ýarymynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Bir guşak, bir ýol” üçünji halkara forumynyň çäklerinde ýokary derejeli maslahata gatnaşdy.

HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy Din Sýuesýan ýokary derejeli forumy açyk diýip yglan etdi hem-de ýygnananlary mübärekläp, indi Pekinde üçünji gezek geçirilýän bu maslahatyň ähmiýetini belledi. Soňra foruma gatnaşyjylara söz berildi. Ilki bilen, Gahryman Arkadagymyz çykyş etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň başynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatyny çagyrmak başlangyjy, onuň ýokary derejede guralandygy, hoşniýetlilik, myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, bu duşuşygyň geçirilmegi örän derwaýys we zerur wakadyr. Soňky döwrüň ýagdaýlary — pandemiýa, durnuksyzlygyň artmagy, ynanyşmagyň peselmegi ählumumy ykdysady işjeňlige ýaramaz täsirini ýetirdi, özara arabaglanyşykda kynçylyklary ýüze çykardy, durnukly ösüş ulgamynda meýilnamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmegiň derejesini peseltdi. Şu ýaramaz ýagdaýlary ýeňip geçmek üçin döwletleriň we halkara institutlaryň tagallalarynyň birleşdirilmegi, hoşmeýilli erk-islege daýanýan döredijilikli, oňyn gün tertibini berkarar etmek işinde olaryň raýdaşlygy, jogapkärçiligi, öňdengörüjiligi talap edilýär diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Şu nukdaýnazardan, “Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek” türkmen strategiýasy many-mazmuny boýunça Türkmenistanyň Ýewraziýanyň geljekki geoykdysady landşafty baradaky garaýyşlaryna, şeýle hem Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” strategiýasyna laýyk gelýär. Şunda deňhukuklylyk, hyzmatdaşlaryň bähbitlerini nazara almak we ykrar etmek, özara bähbitlilik, medeni, ruhy gymmatlyklaryň köpdürlüligine hormat goýmak esasy ýörelgeler hökmünde çykyş edýär. Hyzmatdaşlygyň syýasylaşdyrylmagyny aradan aýyrmak, energetika we ulag akymlarynyň birtaraplaýynlygyndan el çekmek, olaryň giň halkara gatnaşyklar üçin diwersifikasiýalaşdyrylmagyny, elýeterliligini üpjün etmek türkmen tarapynyň çemeleşmesiniň möhüm ugry bolup durýar.

Türkmen we hytaý halklarynyň arasyndaky dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň baý taryhy tejribesine daýanmak, häzirki wagtda özara obýektiw bähbitleriň bolmagy Türkmenistana we Hytaýa bu iki strategiýanyň durmuşa geçirilmegi, olaryň utgaşdyrylmagy, biri-biriniň üstüniň ýetirilmegi babatda hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmäge mümkinçilik berýär. Olaryň ikisiniň hem Ýewraziýada ykdysady ösüşe kuwwatly itergi berip, Ýuwaş ummandan Atlantik ummana çenli häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda giňişlikleri birleşdirip, özara baglaşan önümçilik we tehnologik tapgyrlary, senagat guşaklaryny kemala getirmek bilen, köp sanly durmuş meselelerini çözmäge, halklaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, abadançylygyny artdyrmaga gönükdirilendigine üns çekildi. Türkmen-hytaý energetika hyzmatdaşlygy şeýle çemeleşmäniň aýdyň mysaly hökmünde görkezildi. Hususan-da, 2009-njy ýylda Türkmenistandan Hytaýa çekilen gaz geçirijiniň işe girizilmegi yklymyň energetika ulgamynda gatnaşyklaryň täze arhitekturasynyň kemala gelmeginiň başyny başlady, özara bähbitlilik we deňhukuklylyk esasynda beýleki döwletleriň taslamasyna goşulyşmak mümkinçiliklerini açdy. Beýleki iri halkara taslama — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy hem hut şu nukdaýnazardan amala aşyrylýar.

Häzirki wagtda biz türkmen tebigy gazynyň, elektrik energiýasynyň geografiýasyny giňeltmegiň we halkara derejede iberilýän möçberini artdyrmagyň üstünde işleýäris. Türkmenistandan Owganystana hem-de Pakistana elektrik geçiriji, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbi tutuldy. Bu ugurlarda hyzmatdaşlygyň gün tertibinde iri taslamalaryň ýene-de birnäçesi bar diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri beýleki bir möhüm ugruň ulag bilen baglanyşyklydygyny belläp, häzirki wagtda biziň ýurdumyzyň hyzmatdaşlary bilen bilelikde Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça utgaşykly görnüşdäki ulag-logistika düzüminiň köpşahaly ulgamyny döredýändigini aýtdy. Geljekde bu ulgam Hazar deňzi, Gara deňiz, Baltika deňzi sebitlerine çykýan üstaşyr geçelgeleri özüne birleşdirer. Munuň özi Türkmenistanda ulag we kommunikasiýa ulgamlarynda iri milli taslamalary durmuşa geçirmek, Hazar deňzinde täze port infrastrukturasyny döretmek bilen baglylykda örän derwaýysdyr. Hususan-da, gürrüň Hytaýdan Merkezi Aziýanyň çäginiň üsti bilen Hazaryň türkmen kenaryna, şeýle-de Eýrana, Ýakyn we Orta Gündogara uzaýan ulag geçelgeleri barada barýar. Bu geçelge Aziýa — Ýuwaş umman sebitine, Günorta Aziýa ýurtlaryna barýan ugurlarda hem ulanylyp bilner.

Biziň tagallalarymyz ulaglaryň ähli görnüşi, şol sanda demir we awtomobil ýollary, howa gatnawlary arkaly transkontinental daşamalaryň kuwwatyny doly açmaga, baglanyşdyryjy nokatlarda logistik terminallary döretmäge gönükdirilendir. Türkmenbaşy Halkara deňiz porty hem şolaryň biri bolup biler. Biz hyzmatdaşlaryň bähbitlerine ulanmak üçin onuň kuwwatlyklaryny hödürlemäge taýýardyrys diýip, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Halkara geçelgeleriň, logistik ulgamlaryň netijeliligini ýokarlandyrmak meselelerinde umumy tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen ylalaşykly ulag diplomatiýasy barha uly ähmiýete eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, durnukly ulag ulgamynda ählumumy dialogyň başyny başlaýjylaryň biri bolmak bilen, Türkmenistanyň köp ýyllaryň dowamynda bu ugurda yzygiderli çäreleri durmuşa geçirýändigini nygtamak gerek. Ýurdumyzyň tutanýerli, maksada okgunly işiniň netijesinde, Baş Assambleýa tarapyndan soňky ýyllaryň dowamynda türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça ulag ulgamynda Kararnamalaryň altysy kabul edildi.

Türkmenistanyň ulag strategiýasynyň häzirki zamanyň ýagdaýlary we dünýä ykdysadyýetiniň obýektiw islegleri bilen sazlaşýandygyny nygtap, türkmen halkynyň Milli Lideri şol strategiýanyň bu möhüm ugurda netijeli, durnukly, adalatly ulgamy döretmäge gyzyklanma bildirýän döwletleriň aglabasynyň bähbitlerine laýyk gelýändigine ynanýandygyny aýtdy.

Önümçilik işiniň we daşky gurşawy goramagyň arasynda deňagramlylygy gazanmak, ekologik howpsuzlygy üpjün etmek Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biri bolup durýar. Biziň “Ýaşyl Ýüpek ýola” garaýşymyzyň many-mazmuny şuňa esaslanýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ýöriteleşdirilen düzümi — howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky teklibini oýlanyşykly we öz wagtynda ädilen ädim hasaplaýarys diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow merkeziň işlemegi üçin ýurdumyzyň paýtagtynda — Aşgabat şäherinde ähli zerur bolan tehniki, guramaçylyk şertlerini hödürlemäge taýýardygyny tassyklady.

Kömürturşy gazynyň, metanyň zyňyndylarynyň atmosfera ýaramaz netijelerini azaltmak we aradan aýyrmak hem Türkmenistanyň ekologiýa strategiýasynyň möhüm bölegi bolup durýar. Gürrüň, ilkinji nobatda, energetika, senagat we ulag ulgamlarynda ekologik taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmaga hem-de ulanmaga tapgyrlaýyn geçmek barada barýar. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň wodorod energiýasy ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny işjeň durmuşa geçirýändigine, Türkmenistanyň bu ädimlerini hyzmatdaşlygyň “ýaşyl” geçelgelerini döretmäge, şol sanda “Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek” we “Bir guşak, bir ýol” strategiýalarynyň çäklerinde möhüm goşant hasaplaýandygyna ünsi çekdi.

Ykdysadyýetde özara arabaglanyşyk, tehnologiýalary, tejribäni we usullary halkara derejede alyşmak dünýä ösüşiniň obýektiw meýilleri bolup durýar. Olar önümçilikde has ysnyşykly kooperasiýany, goşulyşmak babatdaky tehnologik we sanly binýatlaryň, bilelikdäki kommunikasiýa ulgamlarynyň döredilmegini göz öňünde tutýar. Bularyň ählisi diňe bir tehniki babatda däl, eýsem, ählumumy derejede-de hyzmatdaşlygyň bitewi we durnukly logistikasyny döretmäge ýardam etmelidir.

Biziň pikirimizçe, häzirki wagtda “syýasy logistika” düşünjesi örän wajypdyr. Ony ykdysady ösüşiň we hyzmatdaşlygyň geljegi baradaky garaýyşlaryny hem-de mümkinçiliklerini paýlaşýan döwletleriň özara gatnaşyklarynyň köpugurly ulgamy hökmünde görýärin diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we şol hyzmatdaşlyga syýasylaşdyrmakdan, könelişen ideologik ýörelgelerden azat bolmak, deňlige, özara hormat goýmaga we birek-biregiň bähbitlerini nazara almaga esaslanmak hökmünde garaýandygyny aýtdy.

Ägirt uly kuwwata eýe bolan onlarça döwletiň wekilleriniň gatnaşýan şu wekilçilikli we abraýly forumynyň bu işe hem-de öňde goýlan maksatlara ýetmäge ýeterlik derejede itergi bermäge ukyplydygyna şübhelenmeýärin diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri çykyşynyň ahyrynda belledi.

HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy Din Sýuesýan Gahryman Arkadagymyza many-mazmunly çykyşy üçin hoşallyk bildirip, öňe sürlen oňyn teklipleriň ähmiýetini belledi.

Ýokary derejeli duşuşyga gatnaşyjylaryň umumy pikirine görä, “Bir guşak, bir ýol” başlangyjynyň durmuşa geçirilmegi Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegine mümkinçilik döretmek bilen, ählumumy ykdysady ösüşe kuwwatly itergi bermäge ýardam eder hem-de dünýä ösüşi üçin täze giňişligi açar. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek, hemme ugurlarda özara baglanyşygyň pugtalandyrylmagy üçin tagallalary jemlemek boýunça ähli taraplaryň bilelikdäki işiniň möhümdigine aýratyn üns çekildi. Bellenilişi ýaly, bu ägirt uly taslama deňi-taýy bolmadyk giň gerimli halkara hyzmatdaşlyk üçin netijeli binýada öwrüldi. Bu başlangyjy durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylýan işler medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegine, ýurtlaryň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, özara düşünişmek ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna bahasyna ýetip bolmajak uly goşantdyr.

Ýokary derejeli maslahat tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sapar wagty özi üçin niýetlenen kabulhana tarap ugrady.

Maslahatyň çäklerinde ulag-kommunikasiýalaryň ösdürilmegine, ekologiýa taslamalarynyň we sanly ykdysadyýetiň durmuşa geçirilmegine bagyşlanan ýokary derejeli 3 forum geçirildi. Mundan başga-da, daşary söwda gatnaşyklaryny, medeni-ynsanperwer, seljermeler merkezleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk, sebitara hyzmatdaşlygy we deňiz taslamalaryny ilerletmek meselelerini öz içine alýan 6 maslahat, işewür toparlaryň wekilleriniň uly ýygnagy geçirildi. Şunuň bilen birlikde, anyk maýa goýum taslamalarynyň tanyşdyrylyşy geçirildi hem-de ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna degişli täze ylalaşyklara gol çekildi.

“Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatynyň jemleri boýunça Özara baglanyşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak boýunça Pekin başlangyjy; “Guşak we ýol” sanly ykdysadyýet ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk atly Pekin başlangyjy; “Guşak we ýol” “ýaşyl” ösüş boýunça Pekin başlangyjy; Sanly ykdysadyýet we “ýaşyl” ösüş üçin halkara söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň esaslary boýunça başlangyç kabul edildi. Şeýle hem Merkezi Aziýa sebitinde “ýaşyl” ylmy we tehnologiýany ösdürmek babatda iş meýilnamasyny bilelikde durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekildi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Okamak
Yza

Şeýle hem okaň