Türkmenistanda Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli sergi geçirilýär

Türkmen alabaýynyň gözelligini, edermenligini we gahrymanlygy wasp edýän iki ýüzden gowrak döredijilik eseri şu günler Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň galereýasynda geçirilen sergi-bäsleşikde görkezilýär.

Şekillendiriş sungaty, grafika, heýkeltaraşlyk, bezeg we amaly-haşam sungaty, hatda animasiýa halkymyzyň buýsanjy we mirasy bolan itleriň iň gadymy tohumlarynyň biri bolan alabaý bilen türkmenleriň gatnaşygyny jikme-jik görkezýär.

Döredijilik sergisinde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň we mugallymlarynyň, şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlaryndaky surat mekdepleriniň wekilleriniň işleri görkezilýär.

Esasan-da, bäsleşik üçin zehinli hünärmenler çeperçilik taýdan täsirli model gözlediler, itleriň asylly tohumynyň adaty keşbini mümkin boldugyça has takyk ýerine ýetirmek üçin alabaý itleriniň ithanalara we hususy it ösdürip ýetişdirijilere baryp gördüler.

Bäsleşige gatnaşýan işlere bu ugurdan hünärli emin agzalary baha berer. Ýeňijileri saýlamak adalatly bolar ýaly sergä hödürlenen eserleriň hemmesi san bilen belgilenendir we olarda gatnaşyjylaryň atlary görkezilmeýär. Ýeňijiler oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde geçiriljek Türkmen alabaýynyň baýramynyň öňüsyrasynda yglan ediler.

Guramaçylaryň belleýşi ýaly, iň oňat döredijilik eserleri «Türkmen alabaýy-2023» sergisiniň umumy katalogyna goşular.

Çeşme: Türkmenistan: Altyn asyr

Okamak
Yza

Şeýle hem okaň