Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna resmi sapary başlandy

25-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Türkiýe Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili bilen bolan söhbetdeşliginde ozaldan gelýän ikitaraplaýyn dost-doganlyk gatnaşyklarynyň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygy bellenildi. Ýokary Hökümet derejesinde yzygiderli guralýan özara saparlar döwletara hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça pugtalandyrmaga we anyk netijeleri gazanmaga ýardam berýär. Ankarada ýokary derejede geçiriljek ikitaraplaýyn duşuşyk hem iki doganlyk halkyň netijeli özara gatnaşyklarynyň ýyl ýazgysyna täze sahypany ýazar, toplumlaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşant goşar.

Diplomat döwlet Baştutanymyzyň saparynyň üstünlikli bolmagyny arzuw etdi we geçiriljek gepleşikleriň türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň taryhynda möhüm waka boljakdygyna ynam bildirdi.

Mälim bolşy ýaly, döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sebitde we dünýäde durnuklylygyň, ösüşiň üpjün edilmegine ýardam berýän daşary syýasatynyň esasy ugrudyr. Ýüzýyllyklara uzaýan türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň häzirki döwürde hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygy hem munuň aýdyň güwäsidir. Özara düşünişmek, ynanyşmak we pugta dost-doganlyk iki halkyň ýeten belent sepgitleri bolmak bilen, ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara guramalaryň, abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän köpugurly hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly giňişligi emele getirýär.

Daşary syýasatda, halkara giňişlikde parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi ulgamynda, häzirki zaman wehimlerine garşy göreşmekde, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ýurtlarymyz işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Munuň şeýledigine olaryň Birleşen Milletler Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde däp bolan köpýyllyk gatnaşyklary ösdürmäge, onuň mazmunyny baýlaşdyrmaga gönükdirilen başlangyçlarda hem-de tagallalarda birek-biregi goldamaklary-da şaýatlyk edýär.

Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda aýratyn häsiýete eýe bolan özara gatnaşyklaryň ulgamy kemala geldi. Türkiýe Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny ilkinjileriň hatarynda ykrar eden, häzirki döwürde dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan sebit parahatçylygyny we durnuklylygyny üpjün etmegiň netijeli guraly hasaplanýan Bitaraplyk derejesini iki gezek goldan ýurtdur.

Şu gezekki sapara görlen taýýarlyk işleriniň 20-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri bolandygyny bellemek gerek. Onda Türkiýe Respublikasynyň ýurdumyzyň iň ýakyn hyzmatdaşlarynyň biridigi kanagatlanma bilen nygtaldy. Soňky ýyllarda gol çekilen döwletara, hökümetara hem-de pudagara resminamalar toplumy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ygtybarly hukuk binýadyny emele getirdi.

Türkmen-türk dialogynyň netijeli guraly köp babatda iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşyklary ösdürmäge berýän aýratyn ünsi bilen şertlendirilip, özara saparlaryň işjeň häsiýete eýe bolmagy Türkmenistanyň we Türkiýäniň köpugurly hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmaga, söwda-ykdysady, ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen tagallalarynyň özboluşly görkezijisi bolup çykyş edýär. Häzirki döwürde Türkmenistan we Türkiýe Respublikasy durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryna, iki ýurduň milli bähbitlerine doly laýyk gelýän hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga çalyşýarlar. Üstünlikli amala aşyrylan hem-de durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän giň gerimli bilelikdäki taslamalar munuň aýdyň mysalydyr.

Soňky 30 ýylyň dowamynda doganlyk Türkiýäniň işewür toparlary daşary ýurtly hyzmatdaşlar we maýadarlar üçin özüne çekijiligi bilen tapawutlanýan türkmen bazarynda özlerini ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezdiler. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňe sürülýän, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen iri maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýan daşary ýurt kompaniýalarynyň esasy bölegini Türkiýäniň işewürlik düzümleri düzýär.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginde bilelikdäki hökümetara topara aýratyn orun degişlidir. Toparyň işi hyzmatdaşlygyň bar bolan ägirt uly kuwwatyny doly derejede durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Iki ýurduň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, telekeçilik düzümleriniň wekilleriniň işewürlik maslahatlaryna, pudaklaýyn sergilere gatnaşmagy netijeli işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmäge hem-de diwersifikasiýalaşdyrmaga ýardam berýär.

Şu gezekki saparyň çäklerinde 26-njy oktýabrda guraljak Türkmen-türk işewürlik maslahaty özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmäge gönükdirilendir. Forumyň açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşar.

Umuman, döwlet Baştutanymyzyň Türkiýe Respublikasyna resmi sapary we öňde boljak ýokary derejedäki duşuşyk däp bolan gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň ýolunda nobatdaky ädim bolmak bilen, iki ýurduň döwlet ösüşiniň ilkinji nobatdaky wezipelerini hasaba almak arkaly özara gyzyklanmalaryň çägini giňeltmek, has netijeli we döwrüň talap edýän görnüşlerini, gurallaryny gözlemek hem-de durmuşa geçirmek esasynda onuň üstüni ýetirmek işinde-de wajyp ähmiýete eýedir.

...Birnäçe sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Türkiýe Respublikasynyň paýtagtynyň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen «Esenboga» Halkara howa menziline gondy.

Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar, beýleki resmi adamlar, dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň köp sanly wekilleri garşyladylar.

Asylly myhmansöýerlik däbine görä, döwlet Baştutanymyza gül desseleri gowşuryldy. Belent mertebeli myhmanyň hormatyna uçaryň ýanynda düşelen haly ýodajygynyň ugrunda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi.

Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar bilen bolan söhbetdeşliginiň dowamynda giň gerimli ugurlar boýunça ösdürilýän türkmen-türk gatnaşyklarynyň ýokary derejesi kanagatlanma bilen nygtaldy.

Döwlet Baştutanymyz howa menzilinden resmi sapary mahalynda özi üçin niýetlenen döwlet kabulhanasyna ugrady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna resmi sapary dowam edýär.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi


Yza

Şeýle hem okaň