Balkanabatly nebitçiler üçin täze jaýlar açyldy

Ýakynda Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäherinde «Türkmennebit» döwlet konserniniň Günbatar sebitdäki edara-kärhanalarynyň nebitçileri üçin her biri 16 maşgala niýetlenen, iki gatly, iki sany täze ýaşaýyş jaýy ulanmaga berildi. Ýaşaýyş jaýlary 2, 3 we 4 otaglardan ybarat bolup, olarda ýaşaýyş üçin hemme amatlyklar göz öňünde tutulypdyr. Ajaýyp zamanamyzda döwrebap gurlan iki gatly bu täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy ýatdan çykmajak ýakymly pursatlara beslendi.

Dabaranyň dowamynda konserniň düzümine girýän kärhanalaryň işgärlerine täze öýleriň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Soňra täze ýaşaýyş jaýlarynda ýaşamak bagtyna eýe bolan balkanly nebitçiler çykyş edip, onuň ýetip gelýän şanly senä özboluşly baýramçylyk sowgady bolandygyny buýsanç bilen bellediler.

Ýokary hil ülňülerine laýyk gurlan täze ýaşaýyş jaýlary «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň buýurmasy esasynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň Balkanabat şäherindäki «Ýöritegurluşykgurnama» müdirliginiň ussat gurluşykçylary bina etdiler. Belentden tutulan dabarada medeni çärä giň orun berlip, onda balkanly medeniýet we sungat ussatlary çykyş etdiler.

Bu ýerde hormatly ýaşulular ak pata berenlerinden soň, dabara gatnaşyjylar ýaşaýyş jaýlarynyň öý otaglaryna aýlanyp görüp, döredilen döwrebap şertlerdir giň mümkinçilikler bilen ýakyndan tanyşdylar. Olar täze jaýlara ýokary baha berip, öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Şeýle-de ähli ýaşaýjylara ýurtlarynyň garşy alyp, toýlarynyň toýlara, baýramlarynyň baýramlara ulaşmagyny arzuw etdiler.

 

Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»


Yza

Şeýle hem okaň