Dünýäniň bilermenleri Aşgabatda ýangyç-energetika toplumynyň ählumumy meýillerini maslahatlaşýarlar

25-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly XXVIII halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Ol «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan guraldy.

Daşary ýurt kompaniýalarynyň, iri halkara guramalaryň, banklaryň birnäçe wekilleri ara alyp maslahatlaşmalara sanly ulgam arkaly goşuldylar. Şu gezekki forum ýüzlerçe adamy, şol sanda daşary ýurtlaryň 45-den gowragyndan wekilleri bir ýere jemledi. Ýygnananlar ýangyç-energetika toplumynda halkara, sebit we milli derejede senagatyň geljekki strategiýasyny kemala getirmäge bagyşlanan dünýäniň nebit bazaryndaky işleriň ýagdaýy, bu ulgamda marketing strategiýalary baradaky seljeriş-syn maglumatlary bilen tanyşdyryldy.

Foruma gatnaşýan giň wekilçilikli düzüm Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge dürli ýurtlaryň işewür toparlary tarapyndan gyzyklanmanyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Olaryň hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ymtylmalary ýurdumyzyň “Açyk gapylar” syýasaty hem-de ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlary bilen şertlendirilendir.

Halkara serginiň açylyş dabarasy döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iberen Gutlagy uly üns bilen diňlenildi. Gutlagda halkara forumyň daşary ýurtly gatnaşyjylary ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň strategiýasy, döwrebap tehnologiýalary işjeň çekmegiň tejribesi, hyzmatlary amala aşyrmagyň ýollaryny we ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň usullary bilen tanyşdyrjakdygy nygtalýar. Şunda nebitgaz senagatynda ekologik howpsuzlygy üpjün etmek esasy talap bolup durýar. “Şeýle duşuşyklar özara gatnaşyklaryň has netijeli ýollaryny gözlemekde, göni gepleşikleri geçirmekde möhümdir. Netijeli gepleşikler bolsa Türkmenistanyň baý ýangyç-energetika serişdelerini özleşdirmäge we rejeli ulanmaga gönükdirilen täze bilelikdäki taslamalara ýol açýar” diýlip, döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda nygtalýar.

Her ýylda geçirilýän bu forum Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzyň ýangyç-energetika toplumynyň gazananlaryny giňden tanyşdyrmak, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň hünärmenleriniň, Ýewropanyň, Aziýanyň, Amerika yklymynyň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň arasynda işewürlik we göni gatnaşyklary ýola goýmak, täze taslamalary işe girizmek, dünýädäki ýagdaýlar hem-de pudagyň geljekki ösüş ugurlary bilen tanyşmak üçin oňyn meýdança bolup hyzmat edýär.

Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda eksponentleriň 70-e golaýy, şolaryň hatarynda daşary ýurt kompaniýalarynyň 40-a golaýy, hususan-da, Azerbaýjan Respublikasyndan, Beýik Britaniýadan, Daniýadan, Italiýadan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Koreýa Respublikasyndan, Malaýziýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Russiýa Federasiýasyndan, Singapurdan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Türkiýe Respublikasyndan, Fransiýadan, Ýaponiýadan we beýleki ýurtlardan wekiller diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar. Bu ýerde uglewodorod çig malyny gözläp tapmak, çykarmak, ibermek we saklamak ulgamyny üpjün etmek, çuň burawlamak, ozalky hereket edýän turba geçirijileri döwrebaplaşdyrmak, olaryň täzelerini gurmak, nebiti we gazy gaýtadan işlemek boýunça kuwwatlyklary artdyrmak, guýularyň öndürijiligini ýokarlandyrmak babatda hyzmatlaryň giň toplumy görkezilýär.

Hazar deňziniň çäginde taslamalary durmuşa geçirmek üçin zerur bolan deňiz ýalpaklygynda gözläp tapmak we kenarýaka düzümleri kemala getirmek baradaky meselelere aýratyn üns çekildi. Sergide energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine, kärhanalarda ekologik howpsuzlygy ýokarlandyrmak ulgamyna degişli geljegi uly işläp taýýarlamalara hem-de ekologiýa boýunça täzeçilliklere uly orun berildi.

«Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, ýangyç-energetika toplumynda işleýän onlarça pudaklaýyn kärhanalaryň, hususy telekeçileriň diwarlyklary serginiň esasy bölegini eýeledi. Nebitgaz pudagynda bolşy ýaly, metallurgiýa, himiýa, maşyngurluşyk, energetika pudaklarynda, senagat ulgamynda ýokary tehnologik we tehniki kuwwata eýe bolan daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri öz önümlerini, mümkinçiliklerini tanyşdyrmak bilen birlikde, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ep-esli giňeltmäge, işewür hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem amatly mümkinçilik aldylar. Munuň özi bu ulgamda gatnaşyklaryň ösdürilmegine, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ählumumy energetika ulgamyna mundan beýläk-de üstünlikli goşulyşmagyna ýardam berer.

Sergi meýdançasynyň merkezinde oturdylan ekranda milli nebitgaz senagatynyň ösüşini beýan edýän wideoşekiller görkezildi. Gatnaşyjylara innowasion-tehnologik enjamlaryň üsti bilen nebit guýusyny burawlamak we tebigy gaz ýataklaryny gözlemek işini ýerine ýetirýän işgäriň ornunda özüni goýup görmäge mümkinçilik döredildi.

Günüň ikinji ýarymynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly halkara maslahat öz işine başlady. Onda energetika bazarynyň ösüşindäki ählumumy ýagdaýlara we hyzmatdaşlygyň geljegi, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly, şol sanda Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek boýunça ozaldan bar bolan nebit we gaz känlerini işläp taýýarlamak, täzelerinde gazyp almak işini işjeňleşdirmek ýaly möhüm meselelere garaldy.

“Ählumumy energiýanyň geljegi” atly umumy mejlisde bilermenler forumyň energetika diplomatiýasynyň ýagdaýlaryna we geljekki ösüşine, energetika söwdasynyň täze ugurlaryna, önümleriň bazar aýlanyşygynyň emele getirilmeginiň zerurlygyna baha bermäge, ileri tutulýan ugurlara gaýtadan seretmäge, energetika howpsuzlygynyň, daşky gurşawyň goraglylygynyň meselelerini oňyn çözmäge şert döredýändigini bellediler. Bu ulgamda halkara hyzmatdaşlyk, şol sanda arassa energiýa geçmek tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän hem-de milli bähbitleri, ähli taraplaryň özara jogapkärçiligini nazarda tutmak ýörelgeleri esasynda uzak möhletleýinlik, açyklyk syýasatyny amala aşyrýan döwletimiziň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.

Ýurdumyzyň wekilleriniň öz çykyşlarynda belleýişleri ýaly, kesgitlenen wezipeleriň çözgüdi daşary ýurt kompaniýalarynyň — nebiti we gazy gaýtadan işleýän senagat üçin enjamlary öndürijileriň, maýa goýum guramalarynyň wekilleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Şundan ugur alyp, bu ulgamda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek boýunça türkmen tarapynyň teklipleri beýan edildi. Ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy, salgyt ýeňillikleri we beýlekiler Diýarymyzyň ýangyç-energetika toplumynyň gazyp alýan hem-de gaýtadan işleýän senagatyny ösdürmekde maliýe serişdelerini çekmek üçin amatly şertleri döredýär.

Nebitgaz senagatyna milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagy hökmünde ýurdumyzy innowasion esasda senagatlaşdyrmakda, onuň eksport kuwwatyny artdyrmak babatda giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirmekde uly ähmiýet berilýär. Çykyşlarda halkara işlere başlangyçlar bilen gatnaşýan Türkmenistanyň özüniň ägirt uly mümkinçiliklerini ählumumy bähbitler üçin peýdalanmagy teklip edip, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek babatda garaýyşlaryny beýan edýändigi bellenildi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýangyç-energetika ulgamynda toplumlaýyn strategiýa yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şol strategiýanyň möhüm düzüm bölekleri ekologiýa aýratyn üns berilýän öňdebaryjy tehnologiýalara hem-de işläp taýýarlamalara esaslanan ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmakdan, gazyp almak we gaýtadan işlemek ulgamlarynyň kuwwatlyklaryny artdyrmakdan, “mawy ýangyjy” eksporta ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmakdan ybaratdyr. Türkmenistan energiýa serişdelerini uly möçberde eksport edijileriň biri bolmak bilen, olary ibermegiň durnukly halkara ulgamlarynyň kemala getirilmegi ugrunda çykyş edýär.

Umumy mejlise ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Jon MakGregor, BAE-niň «ADNOC» kompaniýasynyň pes uglerodly çözgütler we halkara ösüş boýunça ýerine ýetiriji direktory Musabbe Al-Kaabi, “CNPC” korporasiýasynyň prezidenti Hou Siszýun, “SOCAR” kompaniýasynyň prezidenti Rowşan Najaf, Energetika meseleleri boýunça Ýewropa komissary Kadri Simson, «SPE 2023-iň» prezidenti Medhat Kamal, ABŞ-nyň «Baker Hughes» kompaniýasynyň Hazar sebiti boýunça wise-prezidenti Ýelena Akolsewa, «British Petroleum» kompaniýasynyň Azerbaýjan, Gruziýa we Türkiýe sebitiniň maliýe boýunça wise-prezidenti Kolin Allan, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň durnukly energetika bölüminiň direktory Dario Liguti we beýlekiler gatnaşdylar. Daşary ýurtly myhmanlar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň özara bähbitli hyzmatdaşlyk boýunça çemeleşmeleriniň, ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze gurluşyny döretmek boýunça döredijilikli başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýandygyna ünsi çekdiler.

Soňra maslahatyň işi aýratyn bölümçelerde dowam etdi. Olaryň birinjisi «Häzirki energetika talaplaryny kanagatlandyrmak we geljegiň energetika ulgamyna maýa goýum: tebigy gaz we gazhimiýa» ady bilen geçirildi. Utgaşykly görnüşde geçirilen ara alyp maslahatlaşmalara daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri — «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň baş direktory Ismadi Bin Ismail, «Gaffney Cline» kompaniýasynyň tehniki direktory Stiwen Raýt, Singapuryň «Bioeconomy» kompaniýasynyň baş direktory we esaslandyryjysy Dorji San, Norwegiýanyň «ICA-Finance» kompaniýasynyň baş direktory Arne Peder Bliks we beýlekiler gatnaşdylar.

Çykyşlarda Türkmenistanyň soňky ýyllarda sebitiň öňdebaryjy energetika merkezine öwrülmek üçin uzak ýol geçendigi nygtaldy. Tutuş dünýäde möhüm bolan nebitgaz toplumynda işe girizilen we durmuşa geçirilýän iri möçberli taslamalar munuň aýdyň beýanydyr. Hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy dünýäniň kuwwatly döwletleri we abraýly halkara maliýe guramalary tarapyndan goldanylýar. Bu energetika geçelgesi diňe bir Günorta Aziýanyň ýurtlaryna türkmen tebigy gazynyň iberilmegini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, sebitde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmekde-de möhüm ähmiýete eýedir. Mawy ýangyjyň baý gorlaryny özünde jemleýän «Galkynyş» gaz käniniň tapgyrlaýyn özleşdirilmeginiň, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň gurluşygynyň dowam edýändigi bellenildi. Uglewodorod serişdelerini gazyp almakda ileri tutulýan ugurlaryň biri hem daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna Hazar deňziniň türkmen kenarynyň ygtyýarly deňiz çäklerini özleşdirmekdir.

Transmilli gaz geçirijileriniň wajyplygyny ykrar etmek bilen, tebigy gazyň energetika geçişiniň esasy bölegidigini we arassa energiýa bolan wodorody öndürmek üçin çig mal hökmünde möhüm ähmiýete eýedigini bellemek gerek.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda döwletara gatnaşyklaryň ösüşinde uly özgertmeleriň bolandygy nygtaldy. Bilelikdäki möhüm taslamalar şol gatnaşyklaryň netijesidir. Häzirki tehnologiýalaryň we ylmyň ösen döwründe nebit çig malynyň, nebit önümleriniň sarp edilişi barha artýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda nebitgaz pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmak, içerki we daşarky bazarlarda isleg bildirilýän, ýokary goşmaça bahaly dürli görnüşli nebit, gazhimiýa önümlerini öndürýän, nebiti, tebigy gazy gaýtadan işleýän täze önümçilikleri döretmek boýunça uly işler amala aşyrylýar. Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürýän döwrebap gazhimiýa toplumynyň hereket edýändigi aýratyn nygtaldy. Bu kärhana «Türkmengaz» döwlet konserniniň buýurmasy boýunça Ýaponiýanyň «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň gatnaşmagynda Koreýa Respublikasynyň «LG International Corp.» we «Hyundai Engineering» kompaniýalary tarapyndan guruldy.

Şeýle hem «Türkmengaz» döwlet konserniniň, Ýaponiýanyň «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň we Türkiýäniň «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Ticaret A.Ş.» kompaniýasynyň bilelikdäki tagallalary bilen, Ahal welaýatynda dünýäde tebigy gazdan sintetik benzin öndürýän ilkinji zawod guruldy. Bu kärhananyň öndürýän esasy önümi ekologik talaplara laýyk gelýän benzindir.

Halkara maslahatyň işi 27-nji oktýabra çenli dowam eder. Oňa gatnaşyjylar «Uglewodorodlary gazyp almagyň ekologik taraplary», «Täze energetika çeşmeleriniň monetizasiýa we diwersifikasiýa hereketini çaltlaşdyrmak», «Üstünlikli energetika geçişinde tehnologik innowasiýalar we adam maýasynyň orny» atly mowzuklaýyn mejlislerde meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşarlar. Utgaşykly görnüşde geçiriljek mejlislerde daşary ýurtly iri ugurdaş kompaniýalaryň we halkara maliýe guramalarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, bilermenler çykyş ederler.

Maslahata gatnaşyjylar nebitgaz senagatynda geologiýa-gözleg işleri, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça täze taslamalar, “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň tejribesi we geljegi, onuň geologik nusgasynyň soňky täzelenmesi, pes uglerodly energiýa elýeterlilik, türkmen tebigy gazynyň eksportynyň geljegi, “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň” çäklerinde alnyp barylýan işler, şeýle hem ýurdumyz üçin möhüm meseleler boýunça çykyş ederler.

Uglewodorodlary gazyp almagyň, ekologik taýdan arassa önümleri we hyzmatlary üpjün etmegiň önümçilik zynjyrynyň düzüminde metanyň hem-de ugurdaş gazyň zyňyndylaryny hasaplamak bilen bagly wajyp mowzuklar ara alnyp maslahatlaşylar. Kömürturşy gazynyň daşky gurşawa goýberilýän möçberini azaltmak we tebigy gaza bolan islegiň artmagy dünýä jemgyýetçiliginiň howanyň üýtgemegine garşy göreşmäge çuňňur gyzyklanma bildirýän döwründe dünýä energetikasynyň ösüşinde esasy uzak möhletleýin ugurdyr.

Mälim bolşy ýaly, daşky gurşawy goramak boýunça halkara borçnamalaryň, şol sanda parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça Pariž ylalaşygynyň ýerine ýetirilmegi, şeýle hem dünýäniň ösen ýurtlary, abraýly halkara guramalar we iri kompaniýalar bilen giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmek wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Oňa laýyklykda, 2023-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmak meselesini öwrenmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça «Ýol kartasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň giň gerimde okgunly ösmegi we halkara energiýa ulgamyna işjeň goşulyşmagy häzirki zaman ekologik taýdan arassa tehnologiýalara we öňdebaryjy dünýä tejribesine esaslanýan uglewodorod baýlyklarynyň eksport mümkinçilikleriniň artmagyny üpjün edýär. Bu strategik meseläni çözmekde ägirt uly “Galkynyş” gaz käniniň tapgyrlaýyn esasda özleşdirilmegine uly ähmiýet berilýär. Bu gaz käniniň aýratynlyklarynyň biri onda tebigy gazyň düzümindäki kislotaly himiki birleşmeleriň (wodorod sulfidi we kömürturşy gazy) köp bolmagydyr. Häzirki wagtda uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek, gazy arassalamak we suwsuzlandyrmak, şeýle hem täjirçilik maksatly gazy öndürmek, wodorod sulfidini kükürt, granulasiýa etmek we gaplamak üçin häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan gazy gaýtadan işleýän toplumlar guruldy.

“Talaplaryň artýan şertlerinde uglewodorod serişdelerini gözlemegiň we gazyp almagyň meseleleri: uglerodyň aýrylmagy we kömürturşy gazynyň ýer gatlagyna goýberilmegi” atly tehniki mejlisiň çäginde Nebit inženerleri jemgyýetiniň (SPE) halkara bilermenleri türkmen kärdeşleri bilen tejribelerini paýlaşarlar, şeýle hem uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek, köp mukdardaky kömürturşy gazyny we atmosfera zyýanly zyňyndylary azaltmak boýunça hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmagyň ugurlaryny kesgitlärler. Ýataklary özleşdirmegiň depgininiň artmagy esasynda gazylyp alynýan tebigy gazyň möçberi ep-esli köpeler. Şunda kömürturşy gazyny himiki taýdan peýdalanmak we dökün öndürmekde ulanmak meselesi derwaýys häsiýete eýe bolýar.

Häzirki döwürde energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, ilkinji nobatda, ýel we Gün energetikasy işjeň ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, daşky gurşawa zyýan ýetirmezden, “ýaşyl” energetika tehnologiýalaryna geçmek göz öňünde tutulýar. Energiýanyň arzan, ygtybarly, döwrebap çeşmelerine giň elýeterliligiň bolmagy ähli ýurtlaryň depginli ösmegi, olaryň halklarynyň abadançylygy üçin aýgytlaýjy ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, dünýäniň gaz senagatynyň parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça alyp barýan işi, zyňyndylary ölçemekde tehnologik innowasiýalaryň orny, sanly serişdeleriň we hasaplamak hyzmatlarynyň netijeliligi ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle gurallaryň peýdalanylmagy esasynda nebitgaz senagaty parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaldyp, ýakyn geljekde ekologik taýdan arassa energiýany öndürip biler.

Howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmekde häzirki wagtda wodoroda — geljegiň ýangyjyna uly ähmiýet berilýär. Wodorod senagat önümçiliginde ulanylanda, parnik gazlaryny emele getirmeýär, çünki onuň ýylylyk döretmek ukyby ýangyjyň beýleki görnüşlerinden üç esse ýokarydyr. Şeýle-de ony energiýany toplaýjy hökmünde peýdalanyp bolýar. Gaz zyňyndylarynyň bolmazlygy, howpsuzlygy, tygşytlylygy, bäsdeşlige ukyplylygy bu energiýa serişdesiniň artykmaçlyklarydyr.

Häzirki wagtda energetika tehnologiýalarynyň düzümlerine innowasiýalaryň girizilmegi netijesinde, wodorod energetikasy täze bazarlary “özleşdirmäge” girişýär. Munuň üçin energetika pudagyndaky möhüm meseleleri çözmäge ukyply hünärmenler zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, mejlislerde nebitgaz pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, şol sanda pudagyň ylmy kuwwatyny artdyrmak, şunda ylmy-barlag we tejribe-konstruktorçylyk işleriniň orny baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle-de dünýäniň birnäçe ugurdaş kompaniýalarynyň täze işläp taýýarlamalary tanyşdyrylar, bu ugurda tejribe alşylar.

Forumyň jemleri boýunça ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň edaralarynyň ýolbaşçylarynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen, bu pudakda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň strategik ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin, ikitaraplaýyn duşuşyklary guralar. Şeýle hem metbugat maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

 

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi


Yza

Şeýle hem okaň