26-njy oktýabrda Ankara şäherinde
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň
Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda gepleşikler geçirildi.
Soňra sowgatlary gowşurmak
dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Rejep
Taýyp Ärdogana Gardaş atly türkmen alabaýyny sowgat berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi
ýaly, eýesine wepaly, batyr alabaýlar asyrlaryň dowamynda halkymyzyň wepaly
dosty hem-de hemrasy, ygtybarly goragçysy, kömekçisi bolupdyr. Häzirki günde
alabaýlar halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidir.
Prezident Rejep Taýyp Ärdogan
köpasyrlyk türkmen-türk dostlugynyň däplerine ygrarlylygyň özboluşly nyşany
bolan bu ajaýyp sowgat üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs
ýürekden hoşallygyny bildirdi.
Pursatdan peýdalanyp, öz
gezeginde, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan hem hormatly
Prezidentimize anadoly kangal tohumly iki sany ajaýyp güjüjegi sowgat berdi.
Döwlet Baştutanymyz sowgat üçin
türk Liderine minnetdarlyk bildirdi hem-de bu sowgada mizemez türkmen-türk
dostlugynyň nyşany hökmünde garaýandygyny belledi.
Çeşme: Türkmenistanyň
Döwlet habarlar agentligi