Türkmenistanda kompozitor Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy bellenilýär

27-nji oktýabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli festiwalyň açylyş dabarasy boldy.

Dabara kompozitor Daňatar Hydyrowyň sazyna döredilen “Türkmenistan Garaşsyz” atly eseri başlandy. Ony Türkmenistanyň döwlet hory hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň simfoniki orkestri ýerine ýetirdi.

Soňra sahnada Nury Halmämmedowyň “Türkmenistan” simfoniki şekilleri ýaňlandy. Oňa Eziz Jumanyýazow drižýorlyk etdi.

“Mukam” skripkaçylar toparynyň ýerine ýetirmeginde Nury Halmämmedowyň “Nagmalar” eseri tomaşaçalarda uly joşgun döretdi.

Soňra kompozitor Nury Halmämmedowyň döwürdeşleri, halypa sungat ussatlary çykyş etdiler. Olar kompozitor bilen bilelikde eser döreden pursatlarynyň ýatlamalaryny paýlaşdylar.

Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Nury Halmämmedow 1938-nji ýylda doguldy. Ol ýaşan ömründe türkmeniň nusgawy sazynyň ösmegine möhüm goşant goşdy.

Dabara kompoziter Nury Halmämmedowyň döreden eserleriniň ýaňlanmagy bilen dowam etdi. Olaryň hatаrynda “Dutaryň owazy” hem bar. Ony Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow ýerine ýetirdi.

Festiwal şu gün hem dowam eder. Onuň çäklerinde Aşgabatda, Arkadag şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda dürli medeni çäreler guralar.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi


Yza

Şeýle hem okaň