Türkmenistanda Türkmen alabaýynyň baýramy giňden bellenildi

29-njy oktýabrda ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli ählihalk baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Olar bu şanly senä bagyşlanan çäreleriň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi. Baýramçylygyň çäklerinde sergiler, maslahatlar, alabaýlaryň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşikleri, aýdym-sazly çykyşlar, beýleki medeni çäreler geçirildi.

Paýtagtymyzda Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň üçünji mejlisi geçirilip, onuň barşynda assosiasiýanyň düzümine täze agzalar kabul edildi, şeýle hem ýurdumyzyň iň gowy kinologlaryna «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly atlar dakyldy. 28-nji oktýabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde itşynaslygyň möhüm wezipelerine bagyşlanan ylmy maslahat geçirildi.

Şu gün Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň toplumynda geçirilen esasy dabaralara köp sanly ildeşlerimiz we paýtagtymyzyň myhmanlary gatnaşdylar. Bu ýerde köpöwüşginli baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Ol halkyň ruhy galkynyşyny, giň möçberli dabaralary özünde jemläp, ýokary döwlet derejesine eýe boldy hem-de türkmen toýuna mahsus milli däpleriň özboluşlylygyny, gözelligini açyp görkezdi. Halkymyzyň gadymy geçmişiniň, şu gününiň we geljekki rowaçlyklarynyň çeper beýanyna öwrüldi.

Toplumyň çäginde ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden milli amaly-haşam, şekillendiriş sungatynyň eserleriniň, fotosuratlaryň, halk senetçiliginiň, neşir, haly hem-de heýkeltaraşlyk önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Olarda tebigatyň ajaýyp peşgeşi bolan türkmen alabaýlary esasy gahrymanlar boldy. Toplumyň girelgesinden merkezine çenli uzap gidýän ýerde guralan sergide halkymyzyň milli baýlyklary, döredijilik zehini öz beýanyny tapdy.

Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň agzalary, itşynaslar, ugurdaş edaralaryň hünärmenleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.

Toplumyň esasy girelgesiniň öňündäki meýdançada folklor we tans toparlarynyň aýdym-sazly baýramçylyk çykyşlary guraldy.

Milli taryhy-medeni mirasymyzy dünýäde tanatmak, ony gorap saklamak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Alabaýlaryň tohumçylyk işini ösdürmek we gaýtalanmajak bu tohumy mundan beýläk-de kämilleşdirmek bu babatda alnyp barylýan giň gerimli işleriň esasy ugurlarydyr. Pederlerimiz daşky gurşaw bilen sazlaşykly hereket etmegiň asylly ýörelgelerini, tebigata aýawly çemeleşmek däplerini kemala getirip, häzirki güne miras galdyrypdyrlar. Ýüzýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirilen we halkymyzyň aňynda pugta orun alan bu ýörelgeler häzirki döwürde täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Türkmenler doga zehinli seçgiçiler bolmak bilen, ahalteke bedewi, türkmen alabaýy, aw tazysy ýaly gaýtalanmajak tohumlary döretdiler hem-de olarda iň gowy häsiýetleri kemala getirip, biziň günlerimize çenli üýtgewsiz görnüşde saklap galmagy, ösdürip ýetişdirmegiň tärlerini hem ýitirmän saklamagy başardylar. Galyberse-de, hünärmenler alabaýy beýleki tohumlaryň täsirine sezewar bolmadyk hem-de özüniň gadymy genotipini arassa görnüşde saklap galan ýeke-täk tohum hasaplaýarlar.

Türkmenistanyň gadymy oturymly mekanlarynda alabaýlaryň mesgen tutan ýerleri duş gelýär. Mysal üçin, arheologlar Ahal welaýatynyň çägindäki gadymy Jeýtunda biziň eýýamymyzdan öňki IV müňýyllykda ýaşap geçen, uly kelleli hem-de kuwwatly äňli äpet alabaýyň galyndylaryny ýüze çykardylar. Munuň özi 6 müň ýyl mundan ozal hem gadymy ata-babalarymyzyň alabaýlary ýetişdirendiklerine şaýatlyk edýär. Üstünden uzak döwürleriň geçendigine garamazdan, wepalylyk, gaýduwsyzlyk, ynamdarlyk ýaly alabaýlara mahsus häsiýetler saklanyp galypdyr. Tejribeli itşynaslar alabaýlary ösdürip ýetişdirenlerinde güýç ulanmak arkaly temmi çärelerine ýol bermeli däldigine oňat düşünýärler. Bu işde olaryň hormatyna mynasyp boljak derejede çemeleşmeli, şonda ol seniň hakyky wepaly dostuňa öwrülýär. Asyrlaryň dowamynda geçirilen seçgi işleri alabaýlarda bu häsiýetleri terbiýelemäge ýardam etdi. Olar türkmen halkynyň sazlaşyk, gözellik, maddy we ruhy gymmatlyklar baradaky düşünjeleriniň jemlenmesi bolup, halk medeniýetiniň aýrylmaz bölegini emele getirýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmen alabaýy” atly kitabynda: “Alabaý ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygydyr, ony gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljek nesillerimize ýetirmek biziň borjumyzdyr” diýip belleýär. Halkymyz seçgiçilik işiniň gaýtalanmajak nusgasyny dünýä bagyş etmek bilen çäklenmän, olarda iň gowy häsiýetleri terbiýelemek we kämilleşdirmek arkaly gadymy tohumyň arassa ganlylygyny, onuň genofonduny ýüzýyllyklaryň dowamynda gorap saklapdyrlar. Häzirki döwürde biz halkymyzyň buýsanjy we bahasyz gymmatlygy bolan ajaýyp alabaý tohumynyň şan-şöhratynyň belende galýandygynyň şaýady bolýarys.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen ýakyn hyzmatdaşlygynyň netijesinde bu guramanyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna Gadymy Merw, Köneürgenç we Gadymy Nusaý taryhy-medeni ýadygärlikleri girizildi. «Görogly» dessançylyk sungaty, «Küştdepdi» aýdym-saz sungaty, türkmen milli halyçylyk sungaty, dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty, türkmen keşdeçilik sungaty Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy. Häzirki wagtda ýurdumyz alabaýlary ösdürip ýetişdirmek boýunça milli däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek başlangyjyny öňe sürýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, türkmen alabaýy dünýäniň iň gadymy tohumlarynyň biri bolmak bilen, merdana halkymyzyň genji-hazynasydyr we asyrlardan gözbaş alýan milli mirasydyr. «Türkmen itşynaslary tarapyndan milli buýsanjymyz bolan alabaýlarymyzyň tohum arassalygyny gorap saklamak hem-de baş sanyny artdyrmak, şan-şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Geljekde-de ýurdumyzda itşynaslygy ösdürmäge, bu ugurda dünýä döwletleri bilen özara tejribe alyşmaga, netijeli halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga hem-de itşynaslarymyzyň ýaşaýyş-durmuş, iş şertlerini has-da gowulandyrmaga döwletimiz tarapyndan uly üns berler» diýlip, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň itşynaslaryna, olaryň janköýerlerine we mähriban halkymyza iberen Gutlagynda nygtalýar.

...«Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň we türkmen alabaýyna bagyşlanan döredijilik gözden geçirilişleriniň jemleriniň jemlenilmegi adamyň wepaly dostlarynyň şanyna geçirilen baýramçylyk dabaralarynyň ýatda galyjy wakalarynyň biri boldy.

Syn ediş meýdançasyna bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda saýlanyp alnan ýurdumyzyň dürli sebitlerinden iň gowy alabaýlaryň 10-sy çykaryldy. Emin agzalaryna we tomaşaçylara alabaýlaryň atlary, olaryň ýaşy, nesil ugry, eýesi baradaky maglumatlar mälim edilýär. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna çykan alabaýlar belli bir nesil ugurlaryna degişlidir, olary synlan köp sanly janköýerler arassa ganly alabaýlara mahsus aýratynlyklara baha bermäge mümkinçilik aldylar.

Milli itşynaslygyň iň oňat däplerini ösdürmegi, höweslendirmegi maksat edinýän bäsleşik bu tohum itleriň köpeldilmegi, arassa ganlylygynyň saklanylmagy, dünýäde wagyz edilmegi bilen baglanyşykly usullary ylmy esasda kämilleşdirmäge täze itergi bermäge gönükdirilendir.

Ynsanyň wepaly dostlary özleriniň buýsançly daşky keşplerini we eýeleriniň öwreden endiklerini tomaşaçylara görkezdiler. Alabaýlaryň janköýerleri olaryň täsin daşky keşbi bilen birlikde, bäsleşigiň dowamynda görkezen edermenligine we başarjaňlygyna baha berdiler. Kinologyň ussatlygy iti päsgelçiliklerden geçmegine gönükdirmeginde jemlenýär. Şol päsgelçiliklerden geçilende, tizlik we takyklyk göz öňünde tutulýar.

Bäsleşikleriň netijelerini jemlemek hem-de düzümine tejribeli, bilimli hünärmenler giren eminler toparynyň çözgüdini yglan etmek pursady gelip ýetdi. Eminler toparynyň başlygy Saragt Babaýewe söz berilýär. Ol bu ýere ýygnananlaryň adyndan ýurdumyzda itşynaslyk sungatyny ösdürmekde, halkymyzyň taryhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan alabaý itlerini dünýä ýaýmakda durmuşa geçirýän ägirt uly işleri üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk bildirdi.

“Ýylyň türkmen edermen alabaýy” adyna Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligine degişli Akhan atly türkmen alabaýy mynasyp boldy. Ony ösdürip ýetişdiren hem-de bu bäsleşige taýýarlan B.Bakeýew, idedijisi esger M.Annamyradowdyr.

Halkara bäsleşigiň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragy — awtoulagyň açary, ýörite medal, göçme kubok we diplom gowşuryldy.

Itşynas gymmat bahaly sowgat we ajaýyp tohum bolan alabaýlary ösdürip ýetişdirmek babatda berýän aýratyn ünsi üçin döwlet Baştutanymyza çuňňur hoşallygyny beýan etdi. Ol türkmen itşynaslarynyň bu ugurdaky işleri mundan beýläk-de mynasyp dowam etdirjekdiklerine ynandyrmak bilen, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra türkmen alabaýynyň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda we teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasyndaky döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Türkmen alabaýynyň halkymyzyň durmuşynda eýeleýän möhüm ornuny döredijilikli we çeper beýan etmek bäsleşigiň baş maksadydyr.

Bäsleşige öz işine ussat halypalar bilen birlikde, döredijilik ýoluna täze gadam basan ýaşlar hem gatnaşdylar. Türkmen alabaýynyň keşbi şekillendirilen iň nepis haly, iň gowy çeperçilik şekili, iň gowy heýkeli, alabaýyň şekili ýerleşdirilen iň gowy neşir önümi, türkmen alabaýynyň batyrgaýlygyny açyp görkezýän telewizion sýužet ugurlary boýunça iň gowy işler saýlanyp alyndy.

Şunlukda, ýeňijilere — “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň önümçiligi guramak bölüminiň baş hünärmen-suratkeşi A.Gulberdiýewe türkmen alabaýynyň daşky keşbi şekillendirilen “Türkmen alabaýy” atly haly eseri; Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň nakgaşçylyk kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby B.Artykowa “Türkmeniň guwanjy — asyrlaryň buýsanjy” atly surat eseri; Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby S.Jumadurdyýewa “Wepaly maşgala” atly heýkel eseri; Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkeziniň çapdan öňinçä işleri ýerine ýetirýän sehiniň surat dizaýneri M.Ataberdiýewa “Türkmeniň nusgalyk alabaýy” atly žurnalyň bezeg işleri; Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň önümçilik bölüminiň çeper filmleriň ýokary derejeli goýujy-kinooperatory D.Hudaýberdiýewe “Wepadar” atly wideoşekili üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan degişli şahadatnamalar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Bäsleşigiň ýeňijileri işlerine ýokary baha berlendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler hem-de döredijiliklerinde türkmen alabaýynyň keşbini janlandyrmak bilen, onuň dünýäde şöhratyny artdyrmak ugrunda ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar. Olar döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň we ýurdumyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Şeýlelikde, şu gezekki baýramçylyk dabaralary halkymyzyň taryhynda we medeniýetinde möhüm orny eýeleýän alabaýlara ýurdumyzda belent hormat bilen garalýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi. Türkmen alabaýy özüniň gaýtalanmajak häsiýetleri bilen müňýyllyklaryň synaglaryna mynasyp döz geldi. Ähli döwürlerde bolşy ýaly, häzirki döwürde-de ol türkmeniň wepaly ýoldaşydyr. Olary ösdürip ýetişdirmegiň gadymy däpleri ylmyň we seçgiçiligiň öňdebaryjy gazananlarynyň, tehnologik işläp taýýarlamalaryň işjeň ulanylmagy bilen döwrebap usulda kämilleşdirilýär.

Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli dabaralar ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda hem ýaýbaňlandyryldy. Şol çäreleriň medeni maksatnamalaryna baýramçylyk konsertleri, sergiler, edebi-sazly, şahyrana duşuşyklar, ýurdumyzyň itşynaslaryny sylaglamak ýaly çäreler girizildi.

 

Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»


Yza

Şeýle hem okaň