«Arçman» şypahanasynda öň bar bolan
binalarynyň durkuny täzelener hem-de 400 orunlyk täze binalar toplumy gurlar.
Has takygy, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Saglygy
goraýyş we derman senagaty ministrligine Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky
«Arçman» şypahanasynda goşmaça täze 400 orunlyk bejeriş merkeziniň binalar
toplumynyň taslamasyny düzmek we ony döwrebap enjamlar bilen üpjün edip,
ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak hem-de öň bar bolan «A» we «B»
binalarynyň durkuny täzelemek işlerini ýerine ýetirmek barada «Nahal» hojalyk
jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Bu barada TDH habar berýär.
Resminama laýyklykda, şeýle hem
şertnamada binalar toplumy üçin elektrik, aragatnaşyk, gaz, suw üpjünçiliginiň
we lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inžener ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň
durkuny täzelemek ýa-da täzelerini gurmak we olary umumyşäher ulgamyna
birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek göz öňünde tutulandyr.
Bellenilişi ýaly, degişli gurluşyk
işlerine 2023-nji ýylyň noýabr aýynda başlanar we binalar toplumy 2026-njy
ýylyň oktýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrylar.
Çeşme: «Türkmenistan:Altyn asyr»
Okamak