Türkmenistanyň we Gazagystanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk güýçlendiriler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Aşgabada resmi sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Murat Nurtleunyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Duşuşykda R. Meredow häzirki wagtda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklar strategik häsiýete eýe bolmak bilen, hil taýdan täze derejä çykandygy barada belledi. Taraplaryň umumy pikirine görä, döwletleriň arasyndaky özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginde ýokary derejedäki duşuşyklary uly orna eýedir.

Parlamentara hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösüşine üns çekilip, taraplar öňümizdäki ýylda türkmen-gazak parlamentara dostluk toparynyň mejlisiniň geçirilmeginiň maksadalaýykdygyny nygtadylar.

Diplomatlar sebit we halkara gün-tertibi boýunça pikir alyşyp, taraplaryň bular baradaky pikirleriniň gabat gelýändigini ýa-da meňzeşdigini bellediler.

Ministrler iki döwletiň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň depginini artdyrmagy ylalaşdylar.

Hazar deňziniň meseleleri boýunça şeýle-hem Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ugurlaryna aýratyn üns çekildi.

Taraplar ýangyç-energetika toplumynda, nebit-gaz we himiýa senagatynda, dokma pudagynda, ekologiýa we daşky gurşawy goramak ulgamynda, sebitde suw serişdelerini rejeli ulanmakda, oba hojalygynda, ulag we logistikada, aragatnaşyk hem-de telekommunikasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny hem-de mümkinçiliklerini kesgitlediler.

Syýasy-diplomatik gatnaşyklary mundan beýläkde işjeňleşdirmek maksady bilen, gepleşikleriň jemleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2024-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň maksatnamasyna gol çekildi.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Okamak
Yza

Şeýle hem okaň