Türkmenistanda Hytaýyň Medeniýet ýyly mynasybetli dabaralar geçirilýär

31-nji oktýabrda paýtagtymyzda Hytaýyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň dabaraly açylyşy boldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen çäräniň dabaraly bölegi tamamlanandan soňra, konsert boldy. Onuň maksatnamasyny tanslar, aýdymlar, Sin operasyndan parça, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýaşan halklaryň etniki aýratynlyklaryny beýan edýän sazly kompozisiýalar düzdi.

Owadan egin-eşikler, milli sazlar, özboluşly ussatlyk bilen taýýarlyk görlen çykyşlar tomaşaçylara Hytaýyň gadymy we häzirki zaman ruhuny duýmaga, sungatyň nesilden-nesle geçirilip gelinýän üýtgeşik horeografiýasyna we täsirli güýjüne baha bermäge mümkinçilik berdi. Artistler çykyşlarynda depginli tanslary, maşk usullaryny, çylşyrymly akrobatik hereketleri ussatlarça utgaşdyrmagy başardylar.

“Saçbagly köşk kenizleriniň tansy” kompozisiýasy beýik Tan nesilşalygy döwrüniň keşbini, güllerden we baglardan lezzet alýan dworýan zenanlarynyň durmuşyny janlandyrýar. He Iliniň ýerine ýetirmegindäki “Ýagty aý dogan pursady” atly aýdym tomaşaçylaryň agzybirlikli el çarpyşmalary bilen garşylanyldy. Onuň çuňňur çeper mazmuny özünde jemleýän owazy gadymy edebiýatçylaryň durmuş we tebigat baradaky pikirlerini beýan edýär. “Ak lentanyň tansy” owadan çykyşlaryň biri bolup, ol tomaşaçylara Tan nesilşalygynyň meşhur köşk sazyny we tansyny görkezdi.

Pekin operasy teatr sungatynyň meşhur görnüşleriniň biri bolup, Hytaýyň milli buýsanjy hasaplanýar. Onda köpöwüşginli lybaslar, grim, ýokary drama ýerine ýetirijiligi, aýdym aýtmak, gepleşikler, pantomimalar, akrobatik çykyşlar we tanslar sazlaşykly utgaşýar. Hytaý sungatynyň bu nusgawy görnüşi 2010-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilip, häzirki wagta çenli diňe bir hytaý däl, eýsem, umumadamzat medeniýetiniň çeperçilik we beýan edijilik gymmatyny hem saklap gelýär.

Mukamlar köşgüniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan fotosergi çärä aýratyn öwüşgin berdi. Sergi hytaýly suratçylaryň öz ýurtlarynyň ajaýyp tebigatyna bagyşlanan işlerinden ybaratdyr.

Çeşme: Türkmenistan: Altyn asyr

Okamak
Yza

Şeýle hem okaň