1-nji noýabrda türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman
Arkadagymyz täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli
maksatly binalaryň şekil taslamalary we gurluşygy alnyp barylýan metjidiň bezeg
işlerinde ulanyljak serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy.
Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly
işleriniň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda
üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde, belent maksatlary özünde jemleýän giň
möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Ähli ugurlar boýunça ýokary halkara
görkezijilere doly laýyk gelýän Arkadag şäheriniň binagärlik babatdaky ösüşi
mähriban Watanymyzyň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar.
...Ir bilen türkmen
halkynyň Milli Lideri Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde bina edilen täze
şäheriň metjidiniň gurluşygynyň dowam edýän ýerine geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça
döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi
Ş.Durdylyýew garşyladylar.
Milli Liderimiz Arkadag
şäheriniň ýurdumyzyň gözel künjekleriniň birinde bina edilendigini, bu ýerleriň
howa gurşawynyň ýakymlydygyny belläp, täze şäheriň gurluşygynyň ikinji
tapgyrynda bina ediljek desgalaryň hem ýerli tebigy aýratynlyklar göz öňünde
tutulyp gurulmalydygyny, şäheriň ekologik derejesine möhüm ähmiýet berilmelidigini
belledi. Şunda häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalary, dünýäniň ösen tejribesi
işjeň ulanylmalydyr.
Gahryman Arkadagymyz,
ilki bilen, Arkadag şäheriniň täze metjidiniň gurluşygynda ulanylýan serişdeler
hem-de onuň bezeg işleriniň özboluşly aýratynlyklaryna degişli taslamalar bilen
tanyşdy.
Gurluşygyna badalga
berlen metjidiň umumy meýdany 12,9 gektara barabar bolup, onuň gurluşygynda
häzirki zamanyň iň täze usullary we ösen tejribesi işjeň ulanylýar.
Hormatly Arkadagymyz
häzirki döwürde dürli ugurlarda giň möçberli özgertmeleriň durmuşa
geçirilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini aýdyp, her bir desganyň täze şäheriň
binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmegine zerur üns
bermelidigini tabşyrdy. Munuň özi amatlylyk, oňaýlylyk bilen bir hatarda,
binalaryň bezeg babatda häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelmegini
şertlendirýär.
Şeýle hem bu ýerde
Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän
binalaryň taslamalary görkezildi. Olaryň hatarynda täze şäheriň “Saglyk”
seýilgähiniň şekil taslamasy, täze seýilgähiň çäginde oturdylmagy
meýilleşdirilýän baglaryň görnüşleri, seýilgähiň yşyklandyryş ulgamynyň
görnüşleri, suw çüwdürimlerine degişli taslamalar bar. Mundan başga-da, bu
ýerde Arkadag şäheriniň Gorjaw etrap häkimliginiň edara binasynyň, muzeý
binasynyň, saglyk öýüniň, Awtotoplumyň we bellige alyş nokadynyň, demir ýol
menziliniň, Ýangyna garşy göreş gullugynyň, söwda we hyzmat ediş toplumynyň,
ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlarynyň, “Arkadag” futbol toparynyň
ýörite nyşanlarynyň teklip edilýän görnüşleri görkezildi.
Hormatly Arkadagymyz
görkezilen taslamalar bilen tanyşlygyň barşynda olara birnäçe bellikleri aýtdy
we degişli düzedişleri girizdi. Şunda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi,
desgalaryň bellenen möhletlerde ulanmaga berilmegi, milli binagärlik
ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribeleriniň utgaşdyrylmagy möhüm
talap bolup durýar. Munuň özi täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň
talabalaýyk bolmagynyň wajyp şertini emele getirýär.
Milli Liderimiz Arkadag
şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäginde ýerine ýetiriljek gurluşyk
işlerine häzirki zamanyň öňdebaryjy gazananlarynyň işjeň ornaşdyrylmalydygyny
belledi we döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, innowasion tehnologiýalaryň
netijeli ulanylmalydygyna, meýilleşdirilen ähli işleriň üstünlikli ýerine
ýetirilmegine möhüm ähmiýet berilmelidigini aýtdy. Bu bolsa täze şäheriň
ykdysadyýetiniň kuwwatlanmagy bilen bir hatarda, onuň keşbiniň has-da
gözelleşmegini üpjün edýär. Şunda adamlaryň amatly ýaşaýşynyň we ýokary
derejeli dynç alşynyň ýola goýulmagy esasy şert hökmünde kesgitlenildi. Munuň
özi ýurdumyzda “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş ýörelge edinýän durmuş
ugurly syýasatyň üstünlikli amala aşyrylmagynda aýratyn ähmiýetlidir.
Türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow
“Arkadag” futbol topary üçin niýetlenen nyşanlaryň görnüşleri bilen tanşyp,
olarda milli sportuň ösdürilmeginde, aýratyn-da, ýaşlaryň ýokary netijeli
sporta çekilmeginde, türkmen futbolynyň ösüşiň ýokary derejesine çykmagynda
ähmiýeti bolan many-mazmunyň öz beýanyny tapmalydygyny belledi. Bu nyşanlar
türkmen türgenleriniň buýsanjyna öwrülmelidir.
Soňra Gahryman
Arkadagymyz bu ýerde Germaniýanyň ýurdumyzda saparda bolýan öňdebaryjy
kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşdy. Duşuşyga Türkmenistanyň Prezidentiniň
ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy
D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew hem gatnaşdylar.
Türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow
Germaniýanyň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny Türkmenistanda görýändigine
şatdygyny aýdyp, soňky ýyllarda türkmen-german gatnaşyklarynyň ösüşiň täze derejesine
çykandygyny kanagatlanma bilen belledi.
GFR-iň “Edison
Teсhnologies” kompaniýasynyň baş direktoryndan, “Teamtechniсk” kompaniýasynyň
satuw boýunça wise-prezidentinden, “Reifenhäuser” kompaniýasynyň satuw boýunça
menejerinden ybarat toparyň wekilleri ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüş
ýoluna düşen Türkmenistanda bolmagyň we türkmen halkynyň Milli Lideri bilen
duşuşmagyň özleri üçin uly hormatdygyny nygtadylar hem-de daşary ýurtly
hyzmatdaşlaryň netijeli işi ugrunda zerur şertleriň üpjün edilen ýurdunda amala
aşyrylýan özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine gyzyklanmalaryny beýan etdiler.
Gahryman Arkadagymyz
ýurdumyzda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň netijeli işlemekleri üçin ähli zerur
mümkinçilikleriň döredilendigini, bu babatda degişli kanunçylyk binýadynyň
berkidilendigini aýtdy. 2030-njy ýyla çenli ýurdy senagatlaşdyrmak boýunça
maksatnamada Türkmenistanyň dürli künjeklerinde senagat toplumlarynyň
gurulmagynyň meýilleşdirilendigini belläp, Milli Liderimiz germaniýaly
hyzmatdaşlaryň bu ugurda işlenip taýýarlanylan taslamalaryň durmuşa
geçirilmegine gatnaşyp biljekdiklerini aýtdy.
Şäheriň gurluşygynyň
ikinji tapgyrynyň çäklerinde ähli ugurlar boýunça önümçilik toplumlarynyň
gurulmagy meýilleşdirildi. Munuň özi ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, ilatyň iş
orunlary bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, şol bir wagtyň özünde, gündelik
sarp edilýän önümleriň önümçiligini ýola goýmak, hyzmatlar ulgamyny
gowulandyrmak üçin işlenip taýýarlanylan maksatnamalaryň üstünlikli amala
aşyrylmagyny üpjün eder.
Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz
özüniň şu ýyl iş sapary bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynda bolup,
ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ilerledilmegi, Ýewropa
Bileleşiginiň ýurtlary bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy ösüşiň täze
derejesine çykarmak babatda meseleler boýunça ylalaşyklaryň gazanylandygyny
belledi. Munuň özi türkmen-german gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn esasda
ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi.
Myhmanlar Germaniýanyň
dünýä belli kompaniýalarynyň 20-ä golaýyny özünde jemleýän konsorsiuma wekilçilik
edýändiklerini aýdyp, Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň ýola
goýulmagyna uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar we Arkadag şäherinde
bina ediljek lukmançylyk serişdelerini öndürýän toplumyň gurluşygyna
gatnaşmagyň özleri üçin uly hormat boljakdygyny bellediler. Şeýle hem iri
kompaniýalaryň ýolbaşçylary gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik toplumlary
üçin hünärmenleri taýýarlamagyň mümkinçilikleri barada aýtdylar.
Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji
tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň gurluşygynda
dünýäniň ösen tejribesiniň, häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň
ulanylmagyna zerur üns berilýändigini belläp, Gahryman Arkadagymyz bu ugurda
öňde goýlan wezipeleriň yzygiderli we üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň esasynda
iň döwrebap “akylly” şäheriň kemala gelendigini aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda dürli ulgamlary öz içine
alýan türkmen-german hyzmatdaşlygynyň okgunly ösdürilýändigine kanagatlanma
bildirildi.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
hemmelere uly üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.
Çeşme: Türkmenistanyň
Döwlet habarlar agentligi