Aşgabat şäheriniň ÝUNESKO-nyň Döredijilik şäherleriniň toruna girizildi

3-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, birnäçe resminamalaryň taslamalary, käbir beýleki meseleler girizildi.

Mejlisiň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow, hasabatynyň çäklerinde, şu ýylyň 31-nji oktýabrynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde ýerleşýän BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) merkezi edarasyndan gelip gowşan hoş habar barada aýtdy. Bellenilişi ýaly, «Şäherleriň Bütindünýä gününde» Aşgabat şäheriniň ÝUNESKO-nyň Döredijilik şäherleriniň toruna «Dizaýn» ugry boýunça girýändigi babatynda ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň çözgüdi yglan edildi.

Türkmenistan ÝUNESKO-nyň degişli düzüm birlikleri we komitetleri, onuň halkara hünärmenleri bilen bilelikde, bu ugurdaky işe 2021-nji ýylda girişdi. Şu geçen ýyllaryň dowamynda dünýä jemgyýetçiligi Aşgabady dünýäniň iň gözel, ajaýyp, tehnologiki taýdan ösen şäheri hökmünde ykrar etdi. Türkmenistanyň paýtagtynyň häzirki zaman halkara urbanistika kadalary bilen ösýändigini aýratyn bellemek bilen, oňa agzalan hukuk derejesi berildi.

Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Prezident Serdar Berdimuhamedowy we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy bu syýasy ýeňiş bilen gutlap, döwlet Baştutanyna hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine berk jan saglyk, il-ýurt bähbitli alyp barýan halkara işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara we ähli watandaşlaryna ýüzlenip, BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň merkezi edarasyndan hoş habaryň gelip gowşandygyna ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Aşgabat şäheri ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna «Dizaýn» ugry boýunça girizildi. Bu hoş habaryň «Şäherleriň Bütindünýä gününde» gelip gowuşmagynyň hem uly manysy bar.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň paýtagtynyň binagärlik keşbini has-da özgertmek işleriniň mundan beýläk hem dowam etjekdigini nygtap, aşgabatlylary we ähli türkmenistanlylary ýurduň kalby bolan ak şäher Aşgabat bilen bagly bu şatlykly waka mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Mejlisiň barşynda wise-premýer B.Annamämmedow ähli aşgabatlylaryň adyndan Prezident Serdar Berdimuhamedowy we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Aşgabadyň ÝUNESKO-nyň Döredijilik şäherleriniň toruna «Dizaýn» ugry boýunça girizilmegi bilen gutlady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ähli türkmenistanlylary Aşgabadyň ÝUNESKO-nyň Döredijilik şäherleriniň toruna «Dizaýn» ugry boýunça girizilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, Aziýanyň merjeni, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde ykrar edilen Türkmenistanyň paýtagtynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine mundan beýläk-de uly üns beriljekdigini nygtady.

 Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi


Yza

Şeýle hem okaň