3-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan
welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde täze energetika we durmuş
maksatly desgalaryň düýbüniň tutulmagy hem-de ulanmaga berilmegi mynasybetli
dabaralara gatnaşdy.
Bu wakalar milli
ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga we ösüşini üpjün etmäge, eksport
mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga, ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga, sebitleri
okgunly ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirmegiň
ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy. Bu işde öňdebaryjy tehnologiýalaryň,
innowasion işläp taýýarlamalaryň işjeň durmuşa ornaşdyrylmagy, Watanymyzyň
yzygiderli we hemmetaraplaýyn ösüşi üçin amatly şertleriň döredilmegi esasy
ugurlar hökmünde çykyş edýär. Şunda halkara ülňülere laýyk gelýän häzirki zaman
inženerçilik-tehniki infrastrukturanyň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
Döwrebap elektrik üpjünçilik ulgamlary munuň aýrylmaz düzüm bölegi bolup
durýar.
Ýurdumyzda energetika
toplumynyň, şol sanda elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny
pugtalandyrmak we düýpli döwrebaplaşdyrmak, hususan-da, bu pudak üçin ýokary
bilimli hünärmenleri taýýarlamak boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa
geçirilýär. Bu, öz gezeginde, uzak möhletleýin geljegi hasaba alyp, ýurdumyzyň
elektrik energiýasyna bolan zerurlyklaryny doly üpjün etmek bilen çäklenmän,
eýsem, onuň daşary ýurtlara iberilýän çäklerini giňeltmäge-de şert döredýär.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň energiýa serişdeleriniň baý gorlaryna
eýedigi, elektrik energiýasyny öndürmegiň bolsa dünýäde iň girdejili
önümçilikleriň biri hasaplanýandygy bellärliklidir. Şunuň bilen birlikde,
Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler
halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagy maksat edinýär. Bu
bolsa Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr.
Ir bilen döwlet Baştutanymyz
täze energetika desgasynyň — Türkmenbaşy etrabynda kuwwaty 1574 megawata deň
bolan, utgaşykly dolanyşykda işlejek elektrik stansiýasynyň düýbüniň tutulýan
ýerine geldi.
Mälim bolşy ýaly, 28-nji
oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň
gol çeken Kararyna laýyklykda, degişli taslamany durmuşa geçirmek «Çalik Enerji
Sanayi ve Ticaret A.Ş.» türk kompaniýasyna ynanyldy.
Dabaranyň geçirilýän ýerine
Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň, Balkan welaýat häkimliginiň, ýurdumyzdaky diplomatik
wekilhanalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri ýygnandylar. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda
ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar
beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik wekilleri
hem bar.
Hemmeler uly ruhubelentlik
bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy mübärekleýärler. Sungat
ussatlarynyň ýerine ýetirmegindäki aýdym-sazly kompozisiýa baýramçylyk
şowhunyny has-da artdyrýar.
Döwlet Baştutanymyz dabara
üçin taýýarlanylan ýörite zala barýar.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, şu gün Balkan
welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde täze, döwrebap elektrik
stansiýasynyň, şeýle hem etrabyň Guwlymaýak şäherçesinde medeni-durmuş maksatly
binalaryň düýbüni tutýarys diýip belledi. Şonuň ýaly-da, Mary — Ahal ugry
boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisi, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan
işleýän zawodlar toplumynda iki sany gaz turbina desgasy dabaraly açylyp
ulanmaga berler.
Döwlet Baştutanymyzyň
belleýşi ýaly, elektrik energetika pudagy milli ykdysadyýetimiziň möhüm
pudaklarynyň biri bolup durýar. Pudagy ösdürmek üçin ýurdumyzda maksatnamalaýyn
işler alnyp barylýar. Uly möçberli maýa goýumlar goýlup, iri taslamalar amala
aşyrylýar. Önümçilige döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylyp, elektrik
energiýasynyň öndürilýän möçberi yzygiderli artdyrylýar. Şonuň netijesinde,
sarp edijiler elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün edilýär.
Häzirki döwürde ýurdumyzda jemi kuwwaty 7000 megawata deň bolan 12 sany
elektrik stansiýasy işleýär. Şolaryň 8-si Garaşsyzlyk ýyllarynda, has takygy,
2013 — 2021-nji ýyllarda gurlup ulanmaga berildi. Şeýle hem müňlerçe kilometre
uzaýan dürli güýjenmeli asma elektrik geçirijileri, durky täzelenen we täze
gurlan paýlaýjy ulgamlar işe girizildi. Bularyň ählisi pudakda gazanylan uly
üstünliklerdir.
Garaşsyz Türkmenistan
gurýan, döredýän we iri taslamalary üstünlikli amala aşyrýan, kuwwatly döwlet
hökmünde tanalýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri taslamalar, ulanmaga
berilýän, gurluşygy alnyp barylýan desgalar milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmaga,
halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir
diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şol
taslamalar durmuşa geçirilende, ilkinji nobatda, ekologik talaplaryň berjaý
edilmegine, ösen tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan iri senagat taslamalary abraýly halkara guramalaryň
ýokary hil derejesine, ekologik talaplara doly laýyk gelýändigi baradaky oňyn
bahalaryna mynasyp bolýar.
Şu gün düýbi tutulýan, gaz
we bug dolanyşygynda işlejek döwrebap elektrik stansiýasynyň 4 sany gaz hem-de
2 sany bug turbinalary bolar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Olaryň jemi
öndürijilik kuwwaty 1574 megawata deňdir. Bu ýerde ökde hünärli işgärleriň
150-den gowragy zähmet çeker. Olaryň işlemegi we dynç almagy üçin ähli zerur
şertler dörediler. Bu iri desga ýurdumyzda gurulýan kuwwatly elektrik
stansiýalarynyň ikinjisidir. Ol senagat taýdan barha ösýän Balkan welaýatynyň
sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün eder. Stansiýanyň
öndürýän elektrik energiýasynyň artykmaç bölegini ýurdumyzyň bitewi halkalaýyn
energoulgamyna, şeýle hem goňşy ýurtlara ibermäge mümkinçilik dörär. Garaşsyz
Diýarymyzyň sebitlerinde şular ýaly iri taslamalaryň amala aşyrylmagy elektrik
energetika pudagyny ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigine, berkarar Watanymyzyň
ykdysady taýdan kuwwatly döwletdigine şaýatlyk edýär diýip, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.
Döwlet Baştutanymyzyň
belleýşi ýaly, şu gün «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň bu sebitde ýerleşýän
kärhanalarynda işleýän hünärmenleriň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak
üçin Guwlymaýak şäherçesinde medeni-durmuş maksatly binalar toplumynyň hem
düýbi tutulýar. Ýakyn wagtda bu ýerde 472 hojalyga niýetlenen, ähli amatlyklary
bolan 4 gatly döwrebap ýaşaýyş jaýlary gurlar. Şeýle hem 320 orunlyk orta
mekdep, 120 orunlyk çagalar bagy, söwda-dynç alyş merkezi bina ediler. Bu bolsa
ýurdumyzda adam hakyndaky aladanyň ýene-de bir aýdyň mysalydyr.
Şunuň bilen baglylykda,
hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň gurluşykçylarynyň we daşary ýurtly
hyzmatdaşlarymyzyň bu taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşyp,
öňde duran wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirjekdiklerine berk ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyzyň
belleýşi ýaly, ýurdumyzda hereket edýän energiýa ulgamyny halkalaýyn
birleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar. Halkalaýyn energoulgamy döretmek
taslamasynyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan ýokary woltly asma elektrik
geçirijisi 2021-nji ýylda işe girizildi. Ine, bu gün bolsa türkmen
energogurluşykçylarynyň ýadawsyz, yhlasly zähmet çekmegi netijesinde halkalaýyn
energoulgamyň Mary — Ahal ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik
geçirijisiniň nobatdaky tapgyry üstünlikli durmuşa geçirildi.
Balkan — Daşoguz ugry
boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň gurluşygyny 2024-nji ýylda
tamamlamak meýilleşdirilýär.
Balkan — Daşoguz we Mary —
Ahal energiýa ugurlarynyň ulanmaga berilmegi bilen, ýurdumyzda bitewi
halkalaýyn energoulgam emele geler. Içerki sarp edijilerimiziň elektrik
üpjünçiliginiň hili gowulanar. Eziz Watanymyzyň dürli künjeklerinden daşary
ýurtlara elektrik energiýasyny ibermek üçin amatly şertler dörär. Bu
taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň energetika pudagy üçin taryhy ähmiýete
eýedir. Çünki Garaşsyzlyk ýyllarynda pudakda geçirilen özgertmeleriň
netijesinde gutarnykly dolanyşyga eýe bolan döwrebap elektroenergetika pudagy
kemala geldi.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, türkmen energogurluşykçylaryna we
daşary ýurtly hyzmatdaşlara taslamany üstünlikli durmuşa geçirmäge işjeň
gatnaşandyklary üçin minnetdarlyk bildirip, şeýle hem şu gün Türkmenbaşydaky
nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda-da döwrüň ösen talaplaryna laýyk
gelýän iki sany gaz turbina desgasynyň işe giriziljekdigini belledi we kuwwaty
70 megawat bolan bu täze desgalaryň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän
zawodlar toplumyny elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etjekdigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz dabara
gatnaşyjylary Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde utgaşykly
dolanyşykda işlejek elektrik stansiýasynyň, Guwlymaýak şäherçesinde
medeni-durmuş maksatly binalar toplumynyň düýbüniň tutulmagy, şeýle hem Mary —
Ahal ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň, Türkmenbaşydaky
nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda iki sany gaz turbina desgasynyň
dabaraly açylyp ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk
jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw
etdi. “Goý, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu möhüm
desgalar we binalar mähriban halkymyza uzak ýyllaryň dowamynda hyzmat etsin!”
diýip, hormatly Prezidentimiz çykyşyny jemledi.
Soňra «Çalik Holding A.Ş»
kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyga söz
berildi. Işewür Balkan welaýatyndaky täze, möhüm energetika desgalarynyň
düýbüniň tutulmagy we ulanmaga berilmegi mynasybetli şu günki geçirilýän
dabaralara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşýandygyna türk
hyzmatdaşlaryň buýsanýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyzy bu şanly wakalar
bilen tüýs ýürekden gutlady.
Bellenilişi ýaly, Gahryman
Arkadagymyzyň başyny başlan döredijilikli döwlet syýasaty häzirki wagtda
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Şonuň netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, şol sanda energetika
ulgamynda durnukly ösüş üpjün edilýär.
Türk holdinginiň
ýolbaşçysynyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan içerki sarp edijileriň talaplaryny
ýeterlik derejede kanagatlandyrmaga we elektrik energiýasyny eksport etmäge
mümkinçilik berýän ägirt uly energetika kuwwatyna eýedir. Kuwwaty 1574 megawata
deň bolan täze elektrik stansiýasynyň düýbüniň tutulmagy, Mary — Ahal asma
elektrik geçirijisiniň we Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar
toplumynda iki sany gaz turbina desgalarynyň ulanmaga berilmegi munuň aýdyň
mysalydyr.
Häzirki günde Türkmenistan
durnukly ykdysady ösüşiň we halkyň rowaçlygynyň kepili bolup durýan häsiýetlere
eýe bolan, gülläp ösýän, parahat, abadan ýurduň nusgasydyr diýip, Ahmet Çalyk
aýtdy.
“Çalik Holding” köp ýyllaryň
dowamynda Türkmenistanda işläp gelýär hem-de onuň okgunly ösmegine goşant
goşýandygyna, bilelikdäki iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmak
mümkinçiligine eýedigine tüýs ýürekden buýsanýar diýip işewür nygtady we
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly
Berdimuhamedowa, ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Soňra Mary we Ahal
welaýatlary sanly ulgam arkaly aragatnaşyga çykýar. Bu ýerde ýurdumyzda bitewi
halkalaýyn energetika ulgamyny döretmek boýunça iri taslamany durmuşa
geçirmegiň çäklerinde gurlan Mary — Ahal ýokary woltly asma elektrik geçirijisi
ulanmaga berilmäge doly taýýar edilipdir.
Dabarada çykyş eden Mary we
Ahal döwlet elektrik stansiýalarynyň hünärmenleri ýurdumyzyň elektroenergetika
pudagyny ösdürmäge berýän hemişelik ünsi, netijeli zähmet çekmäge döredýän
mümkinçilikleri üçin pudagyň ähli işgärleriniň adyndan döwlet Baştutanymyza
hoşallyklaryny beýan etdiler.
Nygtalyşy ýaly, Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan iri
durmuş-ykdysady maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginde ýaşlaryň tutýan orny
barha artýar. Watanymyzyň okgunly ösüşine mynasyp goşant goşmaga çalyşýan ýaş
türkmenistanlylar iri desgalaryň taslamalarynyň ýerine ýetirilmegine işjeň
gatnaşýarlar.
Çykyş edenler Arkadag
Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilýän şu günki çäräniň pudagyň taryhyna
altyn harplar bilen ýazyljakdygyny belläp, Mary — Ahal asma elektrik
geçirijisini Türkmenistanyň energetika ulgamyna birikdirmäge ak pata bermegini
haýyş edip, döwlet Baştutanymyza ýüzlendiler.
Dabara gatnaşyjylaryň el
çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary woltly
asma elektrik geçirijisini ulanmaga bermäge we ýurdumyzyň bitewi elektrik
ulgamyna birikdirmäge ak pata berýär.
Mary, Ahal döwlet elektrik
stansiýalarynyň hünärmenleri düwmäni basmak bilen, täze asma elektrik
geçirijisini ulanmaga berýärler.
Ýygnananlara Mary — Ahal
täze elektrik geçirijisiniň tehniki işlerini beýan edýän wideoşekiller
görkezilýär. Ol asma elektrik geçirijisiniň esasy aýratynlyklary bilen ýakyndan
tanyşmaga hem mümkinçilik berýär. Onuň gurluşygynda ýokary hilli serişdeler,
dünýä belli kompaniýalaryň enjamlary ulanyldy. Mary — Ahal asma elektrik
geçirijisi sanly ulgam arkaly pudagyň ygtybarly dolandyryşyny üpjün edýän
merkezi dispetçere birikdirilýär.
Umuman, Türkmenistanda
bitewi energiýa halkasynyň döredilmegi Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň
energetika ulgamlarynyň arasyndaky özara ätiýaçlandyryşa mümkinçilik berer. Bu
ýurdumyzyň energiýa ulgamynyň ygtybarlylygyny berkidip, onuň kuwwatlylygynyň
ätiýaçlyk gorlaryny yzygiderli artdyrmaga, zerur bolan wagtynda elektrik
energiýasyny degişli ugurlara paýlamaga şert döreder. Durmuşa geçirilen bu
taslama paýtagtymyzydyr welaýatlary elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün
etmek bilen, onuň beýleki döwletlere eksportynyň möçberini artdyrmaga hem
ýardam eder.
Elektroenergetika pudagynyň
ösdürilmegi, Watanymyzyň we halkymyzyň rowaçlygynyň maksatlaryna laýyk gelýän
halkara ähmiýetli taslamanyň durmuşa geçirilmegi babatda ýakyndan goldawy,
tagallalary üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza tüýs
ýürekden alkyş sözleri, iň gowy arzuwlar beýan edildi.
Dabaranyň dowamynda sanly
ulgam arkaly göni aragatnaşyga Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar
toplumy (TNGIZT) çykýar. Bu ýerde elektrik energiýasyny öndürýän iki sany täze
gaz turbina desgasy ulanmaga bermek üçin doly taýýar edilipdir.
Soňra TNGIZT-niň hünärmeni
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ýüzlendi.
Ol Arkadagly Serdarymyzyň
ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň depginli ösdürilýändigini,
düzümleriniň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny, Watanymyzyň
senagatlaşdyrylmagyna, ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýän
täze taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini nygtady. Bellenilişi ýaly, 2020-nji
ýylyň sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan
işleýän zawodlar toplumynda iki sany täze gaz turbinaly energiýa bloklarynyň
gurluşygyna hem-de hereket edýän elektrik stansiýasynyň döwrebaplaşdyrylmagyna
badalga berildi. Bu işler «Çalik Enerji» türk kompaniýasy tarapyndan ýerine
ýetirildi. Bu ýerde oturdylan elektrik generatorlary we turbinalar ABŞ-nyň
dünýä belli «General Electric» kompaniýasy tarapyndan öndürildi.
TNGIZT-niň hünärmeni
nebitgaz toplumynyň işgärleriniň adyndan pudagyň ösdürilmegi babatda berýän
ünsi, zähmetkeşler barada edýän çäksiz aladalary üçin Arkadagly Gahryman
Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, täze gaz
turbina desgasyny işe girizmäge ak pata bermek haýyşy bilen döwlet
Baştutanymyza ýüzlendi.
Asylly däbe görä, dabara
gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow gaz turbina desgalarynyň işe girizilmegine ak pata berýär.
Hünärmen düwmäni basmak
bilen, täze gaz turbina desgalaryny işe girizýär.
Görkezilen wideoşekilli
ýazgyda umumy taslama kuwwaty 70 megawat sagada deň bolan gaz turbina
desgalaryny işe girizmegiň tehnologik ýagdaýy görkezilýär. Olaryň ulanyşa
berilmegi TNGIZT-niň önümçilik görkezijilerini artdyrmaga mümkinçilik berer. Bu
toplumda ekologik talaplara laýyk gelýän ýokary hilli nebit önümleriniň dürli
görnüşleri öndürilýär. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar
toplumynyň elektrik energiýasyna bolan talaplaryny doly kanagatlandyrmak bilen,
täze desgalar artykmaç energiýany ýurdumyzyň bitewi energiýa ulgamyna geçirmäge
hem mümkinçilik berer.
Soňra Türkmenbaşydaky nebiti
gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze gaz turbinalaryny gurmak we elektrik
bekediniň durkuny täzelemek taslamasyna halkara şahadatnamalary gowşurmak
dabarasy geçirildi.
Ilki bilen, Germaniýa
Federatiw Respublikasynyň Frauhofer adyndaky Energiýa ykdysadyýeti we energiýa
ulgamy tehnologiýasy institutynyň geňeşçisi, doktor Harald Apele söz berildi.
Myhman halkara standartlara
laýyk gelýän täze energetika desgasyny işe girizmek dabarasyna gatnaşmaga
çakylyk üçin döwlet Baştutanymyza çuňňur hoşallyk bildirip, Germaniýanyň
Frauhofer adyndaky Energiýa ykdysadyýeti we energiýa ulgamy tehnologiýasy
institutynyň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda
durmuşa geçirilen taslama beren Hil şahadatnamasyny gowşurdy.
Soňra Duisburg-Essen döwlet
uniwersitetiniň professory, GFR-iň Binagärleriniň federal palatasynyň geňeşçisi
Bernd Reinhold Rosin çykyş etdi. Şu günki dabara gatnaşmaga döredilen
mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, myhman ýokarda ady
agzalan palatanyň Iň ýokary inženerçilik taslamasy baradaky şahadatnamasyny
gowşurdy.
Soňra çykyş etmek nobaty
GFR-iň Magdeburg şäheriniň Otto Won Gueriсke adyndaky uniwersitetiniň
gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we durnukly energiýa taslamalary
boýunça uly geňeşçisi Ýuriý Şikowa berildi. Şu gezekki dabara çagyrylandygy
üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, myhman agzalan
uniwersitetiň Ekologik taýdan arassalygy we durnukly taslamadygy baradaky
şahadatnamasyny gowşurdy.
Soňra dabaralar Türkmenbaşy
etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde dowam etdi. Bu ýerde “Türkmenhimiýa” döwlet
konserniniň kärhanalarynyň işgärleri üçin niýetlenen degişli durmuş maksatly
desgalary özünde jemleýän iri ýaşaýyş jaý we binalar toplumynyň düýbi tutuldy.
Täze toplumyň düýbi tutuljak
meýdanyň çäginde umumy ruhubelentlik ýagdaýy emele geldi.
Soňky ýyllarda tutuş
ýurdumyzda bolşy ýaly, günbatar sebitde hem halk hojalygy toplumyny
senagatlaşdyrmak bilen baglanyşykly düýpli özgertmeler amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň himiýa senagatyny ösdürmegiň strategiýasy ýerli serişdelerden
mümkin bolan iň ýokary derejede peýdalanmaga, pudagyň eksport mümkinçiliklerini
giňeltmäge we obasenagat toplumyny durnukly ösdürmäge gönükdirilendir. Mineral
dökünleriň önümçiligini ýokarlandyrmaga aýratyn üns berilýär. Munuň özi
ýurdumyzyň çig mal serişdelerine baý bolmagy we oba hojalygy pudagynyň
önümçiliginiň netijeliligini artdyrmak bilen baglanyşyklydyr. Türkmenistan bu
önümleriň dürli görnüşlerini ýurduň içerki zerurlyklaryny doly
kanagatlandyrýan, mineral dökünleriň eksportyny has-da artdyrmaga mümkinçilik
berýän mukdarda öndürmäge ukyplydyr. Balkan welaýatynyň uly mümkinçiliklerini
göz öňünde tutsak, himiýa senagatynyň ösdürilmeginiň, importyň ornuny tutýan
himiýa önümleriniň täze görnüşleriniň önümçiliginiň toplumlaýyn
özleşdirilmeginiň uly geljegi bardyr.
Ýurdumyzyň günbatar
sebitinde bolup geçýän özgertmeleriň ösüş depgini alnyp barylýan gurluşyklaryň
geriminde-de öz beýanyny tapýar. Şunda durmuş maksatly desgalary, şol sanda
ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmak möhüm ugurlaryň biridir. Şonuň
netijesinde bolsa adamlaryň ýaşaýyş-durmuşynyň derejesi we hili ýokarlanýar.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň
31-nji awgustynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan
welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde 472 hojalyga
niýetlenen 4 gatly ýaşaýyş jaýlaryny, 320 orunlyk umumybilim berýän orta
mekdebi, 120 orunlyk çagalar bagyny, söwda-dynç alyş merkezini öz içine alýan
Gyýanly ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumynyň gurluşygy barada Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, bu desgalaryň taslamasyny düzmek hem-de olary ýanaşyk
ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak, degişli inženerçilik-tehniki ulgamlary çekmek
«Dürli-ýaz» hususy kärhanasyna ynanyldy.
Şeýle taslamalar işlenip
düzülende, diňe bir ýaşaýyş toplumlarynyň ýerleşýän ýerini däl, eýsem,
ekologiýa, durmuş we dynç alyş aýratynlyklary, şol sanda abadanlaşdyryş,
çagalar we sport meýdançalary bilen üpjün etmek hem göz öňünde tutulýar. Bu
günki gün ýokary amatlylyk talaplaryna doly laýyk gelýän giň öýleriň gurluşygy
adaty ýagdaýa öwrüldi.
Asylly däbe görä, döwlet
Baştutanymyz ýaşaýyş toplumlarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşyp, täze göçüp
gelenleriň şatlygyny paýlaşýar, şeýle hem täze binalaryň düýbüni tutmak
dabaralarynda bolup, gurluşyk taslamalary bilen ýakyndan tanyşýar.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedowyň Guwlymaýak şäherçesinde ýaşaýyş jaýlar we binalar
toplumynyň düýbüni tutmak mynasybetli dabaralara sanly ulgam arkaly gatnaşmagy
munuň aýdyň mysalydyr. Munuň özi halkyň abadançylygy baradaky aladanyň
Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny ýene bir gezek
tassyklaýar.
Balkan welaýatyndan
wekilçilik edýän il sylagly ýaşuly dabarada çykyş edip, şu gün ýaşaýyş
toplumynyň gurluşygyna badalga berilmeginiň ýurdumyzyň sebitlerini mundan
beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini
ýokarlandyrmaga gönükdirilip amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň
üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky beýanydygyny belledi. Munuň özi
Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyz
tarapyndan yzygiderli dowam etdirilmeginiň netijesidir.
Bellenilişi ýaly, şäherleriň we obalaryň keşbiniň
özgerdilmeginde döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan durmuş ugurly syýasaty aýdyň
beýanyny tapýar. Bu syýasatyň özeninde bolsa “Döwlet adam üçindir!” diýen baş
ýörelgämiz durandyr. Çykyş eden il sylagly ýaşuly dabara gatnaşyjylaryň adyndan
Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün
etmek boýunça edýän tagallalary üçin hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we berk jan saglyk, Watanymyzyň
gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan ähli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly il ýaşulusynyň haýyşy boýunça döwlet
Baştutanymyz ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumynyň gurluşygy boýunça işleriň
başlanmagyna ak pata berýär. Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda geljekki
toplumyň binýadyna pil bilen ilkinji beton garyndysy guýulýar.
Mähriban Watanymyzy we täze taryhy döwrüň ägirt uly
özgertmelerini, onuň ýokary döredijilik ruhuny wasp edýän aýdym-sazlar
ýaňlanýar.
Guwlymaýak şäherçesinde medeni-durmuş maksatly
desgalar toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy tamamlanandan soňra, dabaralar
geljekde guruljak beýleki binanyň — kuwwaty 1574 megawata deň bolan, utgaşykly
dolanyşykda işlejek täze elektrik stansiýasynyň ýerleşjek ýerinde dowam etdi.
Täze toplumda dünýä belli öndürijileriň biri hökmünde tanalýan ABŞ-nyň «General
Electric» kompaniýasynyň tebigy «mawy ýangyçda» işlejek 4 sany gaz, 2 sany hem
bug turbinasy oturdylar.
Utgaşykly işleýän gaz-bug aýlanyşygy ýokary peýdaly
iş koeffisienti bilen tapawutlanýan elektrik energiýasynyň önümçiliginiň täze
görnüşidir. Onuň binýatlaýyn esasy gaz turbinasynda ýakylýan ýangyjyň täsirinde
ýokary temperaturada döreýän galyndyny bug turbinasynda netijeli ulanmagyň
hasabyna goşmaça elektrik energiýasyny öndürmekde jemlenýär. Bu döwrebap
tehnologiýanyň ornaşdyrylmagy ýurdumyzda galyndysyz önümçiligi ösdürmek
nukdaýnazaryndan wajyp bolup, elektrik energiýasy öndürilende sarp edilýän
tebigy gazy tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Täze elektrik stansiýasynda ähli
önümçilik işi sanly ulgam arkaly awtomatlaşdyrylyp, dolandyryş merkezine
birikdiriler. Bu önümçilik işiniň ýokary netijeliligini üpjün eder. Bu desganyň
işe girizilmegi ýurdumyzyň günbatar sebitini elektrik energiýasy bilen üpjün
etmek bilen bir hatarda, Watanymyzyň energetika howpsuzlygynyň
pugtalandyrylmagyna, goňşy döwletlere elektrik energiýasynyň iberilýän
möçberini artdyrmaga, täze eksport ugurlarynyň açylmagyna hem ýardam berer.
Gaz we bug dolanyşygynda işleýän elektrik
stansiýalarynyň ekologik taýdan bähbitlidigi bellärliklidir. Energetika
toplumynda sebit we halkara ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirmek bilen,
Türkmenistan ekologiýa we daşky gurşawy goramak meselelerine jogapkärçilikli,
ylmy esasda çemeleşýändigini görkezýär. Şundan ugur alyp, degişli ugurdaky
talaplara doly laýyk gelýän innowasion, ekologik taýdan arassa, serişde
tygşytlaýjy tehnologiýalary we ýokary netijeli önümçilikleri işe girizmek esasy
wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenendir. Şeýle möhüm innowasion taslamalary
durmuşa geçirmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň
hemişe üns merkezinde bolup, bu ugurda alnyp barylýan ägirt uly işler eziz
Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň bagtyýar şu gününiň, röwşen geljeginiň
üpjün edilmegine gönükdirilendir.
Dabaraly pursat ýetip gelýär: şanly waka mynasybetli
döwlet Baştutanymyz ýadygärlik ýazgy galdyrýar. Ýazgy ýörite gutujyga
ýerleşdirilýär.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Annamämmedowa söz berilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa şu
günki dabaralara gatnaşýandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip,
wise-premýer her ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň gurluşyk we senagat
toplumynyň işgärleriniň gününi bellemek baradaky haýyş bilen döwlet Baştutanymyza
ýüzlendi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu
teklibi goldap, gurluşyk-senagat toplumynyň işgärlerini hünär baýramy bilen
gutlady.
Soňra döwlet Baştutanymyz täze energetika desgasynyň
düýbüniň tutulýan ýerine geldi. Ýagşy işlere we başlangyçlara ak pata bermek
ýaly halkymyzyň nesilden-nesle geçirip, dowamat tapan asylly däp-dessurlaryna
laýyklykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze desganyň
binýadyna ýadygärlik ýazgyly gutujygy oklaýar we hormatly ýaşulular bilen bilelikde
elektrik stansiýasynyň binýadyna ilkinji beton garyndysyny guýup, onuň
gurluşygyna badalga berýär.
Dabara tamamlanandan soňra,
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylar bilen mähirli
hoşlaşdy we bu ýerden ugrady. Şol gün döwlet Baştutanymyz paýtagtymyza gaýdyp
geldi.
Şeýlelikde, şu günki wakalar
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň senenamasyna ýene-de bir
ajaýyp sahypa bolup ýazylyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
durmuşa geçirýän ösüş strategiýasynyň, Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň
parahatçylyk we döredijilik ýoluna üýtgewsiz ygrarlydygynyň, halkymyzyň täze
belent sepgitlere ýetmek ugrundaky maksada okgunlylygynyň aýdyň nyşany boldy.
Çeşme: Türkmenistanyň
Döwlet habarlar agentligi