Balkan we Mary welaýatynda durky täzelenen hassahanalaryň açylyş dabarasy boldy

Ýakynda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde we Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda durky täzelenen köp ugurly hassahanalaryň açylyş dabarasy boldy.

Doly abatlanan hassahanalaryň açylyş dabaralary sungat işgärleriniň şowhunly aýdym-sazly çykyşlary bilen geçirildi.

Durky täzelenen hassahanalar häzirki zaman ülňülerine doly laýyk gelýär we köp ugurly lukmançylyk işlerini ýerine ýetirmek üçin ähli şertler bilen üpjün edýär.

Maslahat bölüminde kabul ediş stoly we degişli hünärmenler üçin otaglar bar. Bu ýerde keselleri ir anyklamak, döwrebap bejergisini bellemek we näsaglara yzygiderli gözegçilik etmek üçin ähli mümkinçilikler döredildi.

Lukmançylyk edaralary Germaniýa, Italiýa,Ýanaponiýa, Belgiýa, Gollandiýa Patyşalygy, Daniýa, Şwesiýa we Koreýa Respublikasy ýaly öňdebaryjy ýurtlarda öndürilen döwrebap, innowasion enjamlary bilen enjamlaşdyryldy. Bu enjamlar hirurgiki bölümine anyklaýyş işlerini geçirmäge mümkinçilik berýär - dürli hirurgiki garyşmalary ýerine ýetirmäge, çylşyrymly operasiýlary, ýürek-damar ulgamynyň kesellerini anyklamaga, lukmançylyk kömegini bermäge, ýokary derejeli bejeriş çärelerini geçirmäge we operasiýalaryň dowamynda agyryny azaltmaga mümkinçilik berýär. Bu keselleri ir anyklamak we olary bejermek üçin giň mümkinçilikleri döredýär.

Mundan başga-da, hassalar üçin konferensiýa otagy, amatly bahadan naharhana we awtoulag duralgasy guruldy. Durky täzelenen hassahanalara ýanaşyk ýerler abadanlaşdyryldy, bag ösümlikleri we dürli güller bilen dolduryldy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi

Okamak
Yza

Şeýle hem okaň